Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet784/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   780   781   782   783   784   785   786   787   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝEŇILLEŞMEK, 
işl
1. 
Aňsatlaşmak, 
sadalaşmak, ýönekeýleşmek. Indi ejemiň işi birneme 
ýeňilleşdi. 2. Birneme azalyşmak, biraz ýeňlemek. Iki 
bolsak, köp zada çydarys, derdimiz ýeňilleşer. 
3.göç.m. Gowulaşmak, oňatlaşmak. Syrkawyň 
ýagdaýy ýeňilleşdi. 
ÝEŇILLIK, at.1. Agyr dällik, agramy azlyk. 
Reňkli 
metallar 
pugtalygy, 
ýeňilligi 
bilen 
tapawutlanýar. 2. Berilýän kömek, ýardam. Bize 
berilýän ýeňilligiň hetdi-hasaby ýok. 3. Aňsatlyk; 
çalasynlyk, çaltlyk. Juma çommalyp oturyşyna 
Magtymgulynyň çekiji nähili ýeňillik bilen göterip-
goýşuna çaga höwesi bilen nazaryny sowman tomaşa 
edýärdi (G. Kulyýew). 4. göç.m. Agras dällik, 
salyhatsyzlyk. Bu zatlar onuň ýeňilligi zerarly ýüze 
çykýar. 5. göç.m. Asudalyk, arkaýynlyk. Ol kalbynda 
ýeňillik duýdy. 

 Ýeňillik etmek bolgusyzlyk etmek, ugursyz bir 
iş etmek, ýeňilkellelik etmek. 
ÝEŇILLIKLI, syp. Umumy kadalardan çykyp, 
birine ýeňillik berlen, ýeňil şert döredilen, 
ýeňilleşdirilen. Ýeňillikli şertlerde işlemek ýaş çaga 
idedýän aýal maşgalalara zerur
ÝEŇILMEK, işl. Uruşda, söweşde, işde, ýaryşda 
asgyn gelmek, basylmak.
ÝEŇILMEZEK, syp. Ýeňilmeýän, diňe ýeňýän. 
Ýeňilmezek pälwan. 
ÝEŇILRÄK [ýeňilirä:k], syp. Öňkä görä, 
beýlekä görä ýeňil. 
ÝEŇIL-ÝELPAÝ [ýeňil-ýelpa:ý], syp. 1. Agyr 
bolmadyk. Size ýeňil-ýelpaý iş buýurýarys ahyry, 
şonam başarmajak bolsaňyz aýdyň. 2. Ýüzleý, düýpli 
däl, ýeňil. Ynanylan işi ýeňil-ýelpaý ýerine ýetirmek 
bolmaz. 3. Ýuka, galyň däl. Şol gün bar adam diýen 
ýaly gyş eşigini aýryp, ýeňil-ýelpaý geýindi 
(

Edebiýat we sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   780   781   782   783   784   785   786   787   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling