Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


) yzgary gitmek, guraşmak. 3)


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet775/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   771   772   773   774   775   776   777   778   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

2) yzgary gitmek, guraşmak. 3) howasy täzelenmek. 
Äpişgeleri açsaň, tama ýel çalyp durýar. Ýele 
bermek biderek etmek, näme bolsa şol bolsun etmek, 
püçege çykarmak, owarram etmek. Ýele sowurmak 
biderek 
ýere 
harçlamak, 
ýoklamak, 
derek 
tutdurmazlyk. Ýele-yga sowurmak ser. Ýele 
sowurmak. Puluňy ýele-yga sowrup ýörme, 
gyssanaňda, ökünersiň. Ýele ýelken, güne –  
galkan (bolmak) yssy, sowuk diýmän zähmet 
çekmek, işlemek. Bütin ömrüne ýele  ýelken, güne  
galkan bolup, gün-güzeranyny dolapdy. Ýeli çykan 
(boşan) meşige, (sanaja) dönmek sussuň peselmek, 
gowşap galmak, keýpiň gaçmak, göwnüň çökmek. 
Ýeli düşüşmek ser. Ýeli ýatmak. Ýok, men entek 
ýelim düşüşýänçä size barmaýyn (B. Kerbabaýew). 
Ýeli ýatmak köşeşmek, rahatlanmak, gaharyň 
aýrylmak. Ýel keseli biçilmedik malyň eti iýlende, 
adamlarda ýarawsyzlyk, käte çiş döremek ýaly 
alamatlary ýüze çykarýan wagtlaýyn näsaglyk. Ýel 
ösdürmek dereginde hiç zat galdyrmazlyk
tozdurmak, dargatmak (ser
Ýurdunda ýel 
ösdürmek). Ýel ýürek 1) sähel zada gahary gelýän, 
dargursak, gyzma. 2) batyr däl, gorkak, ýöwsel. Ýel 
ýürek bolmak 1) gaharjaň, dargursak bolmak, gyzma 
bolmak. 2) gorkak bolmak, ýöwsellik etmek, howsala 
düşgüç bolmak. 
ÝELAÝAK, syp. Ýyndam, ýüwrük, çapgyr. 
Ylgaşmakda şondan ökde ýok diýip, Ýelaýak atdan 
hem galanok diýip, Obamyzda gürrüň edýärler käte 
(D. Baýmyradow). 
ÝELBADYÝAN [ýelva:dyýa:n], at. Şibit. 
ÝELBAG [ýelva:ğ], at. Gara öýüň üzüginiň 
aşaky etegine berkidilip, durlugyň üsti bilen tärimiň 
aşaky gözenegine baglanýan ýüpler. Jumagül öýüň 
ýelbagyny çözüberdi (O. Ödäýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   771   772   773   774   775   776   777   778   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling