Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝEGDEKLEÝIŞ  [ýeğdekleýiş],  iş  ady.  Ýegdeklemek ýagdaýy.  ÝEGDENEKLEME


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet772/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   768   769   770   771   772   773   774   775   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝEGDEKLEÝIŞ 
[ýeğdekleýiş], 
iş 
ady. 
Ýegdeklemek ýagdaýy. 
ÝEGDENEKLEME [ýeğdenekleme], iş ady. 
Ýegdeneklemek ýagdaýy. 
ÝEGDENEKLEMEK [ýeğdeneklemek], işl., ser. 
Ýegdeklemek. Ýegdenekläp gelýär bir garry ene (M. 
Seýidow).
ÝEGDENEKLEMEZLIK [ýeğdeneklemeklik], 
iş ady. egdenekläp çalt-çaltdan ýöräp gitmezlik. 
ÝEGDENEKLEŞMEK [ýeğdenekleşmek], işl. 
Bir topar bolup ýegdekläp gelmek, ýörmek. Gazanyň 
ýanynda ýegdenekleşip ýörenler ady belli aşpezlerdi. 
ÝEGDENEKLETMEK [ýeğdenekletmek], işl. 
1. Ýegdekläp ýörer ýaly etmek, ýegdeklemäge 
mejbur etmek. 2. Biriniň ýegdeneklemegine sebäp 
bolmak. 
ÝEGDENEKLEÝIŞ [ýeğdenekleýiş], iş ady. 
Ýegdeneklemek ýagdaýy. 
ÝEGDENEKLÄBERMEK 
[ýeğdeneklä:vermek], işl. Hiç zada üns bermän, öz 
ugruňa ýegdeneklemegiňi dowam etdirmek. 
ÝEGDÄNE [ýeğdä:ne], at.1. Üzümiň bir göşnüşi. 
2. Şol üzüm agajynyň ir bişýän ýeke däneli miwesi. 
Ýegdäne üzüminden, köplenç, kişmiş serilýär. 
ÝEGEN [ýeğen], at. 1. Aýal doganyňdan bolan 
çaga. Akar suwuň tolkuny, Aýyň, günüň ýalkymy, 
Bedew atyň uýany, Beg ýigidiň ýegeni (Hüwdi). 2. 
Ýegen ugrundan bolan adam. 3. Oglana dakylýan at. 
ÝEGENÇI [ýeğençi], at. Aýal doganyňdan bolan 
gyz maşgala. Ol hemişe geleninde, çagalaryma: – 
Ýegenjigim, ýegençim – diýip, gaty gowy görýärdi 
(A. Durdyýew). 
ÝEGESI [ýeğesi], at. Jöwen ýa-da arpa unundan 
bulamak görnüşinde gaýnadylyp taýýarlanan nahar. 
Ýer doňup, darka ýarylmasa-da, onuň ýüzi ýegesi 
ýaly kesmekläp gatapdy (N. Pomma). 
ÝEGIŞMEK [ýeğişmek],ş işl. Ýegşermek. Agyr 
ýüküň aşagynda ýegşäýjek bolup, yhlasly ýorgalaýan 
daýaw eşek ýoly tozan edip, eýesinden ara açyp gitdi 
(N. Jumaýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   768   769   770   771   772   773   774   775   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling