Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet774/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   770   771   772   773   774   775   776   777   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝEKESIREMEKLIK, iş ady. Ýekesiremek 
ýagdaýy. 
ÝEKESIREMEZLIK, iş ady. Özüňi ýeke 
duýmazlyk, ýalňyz duýmazlyk. 
ÝEKESIRETMEK, işl. 1. Birini ýeke, ýalňyz 
goýup, ýüregini gysdyrmak. Sary aga, seni 
ýekesiredip bolmaz ahyry (B. Kerbabaýew). Men bu 
garrylary ýekesiredip gidip bilmerin. 
ÝEKESIREÝIŞ, iş ady. Ýekesiremek ýagdaýy. 
ÝEKESIRÄBERMEK [ýekesirä:vermek], işl. 1
Ýekesiräp başlamak. Näme, birden ýekesiräberdiň-
le? 2. Ýekesiräp oturmak. 
ÝEKE-TÄK [ýeke-tä:k], hal. Diňe bir özi, 
ýalňyz, ýeke özi.  
ÝEKE-TÄKLIK [ýeke-tä:klik], at. Ýekelik, 
ýeke-täk bolmaklyk, ýalňyzlyk.
ÝEKE-ÝEKE, hal. Birin-birin, bir-birden, ýeke-
ýekeden, ýekeme-ýeke, ýekän-ýekän, başdanaýak. 
Ol alan zatlaryny ýeke-ýeke sanap gördi (N. Pomma). 
ÝEKE-ÝEKEDEN, hal, ser. Ýeke-ýekePerman 
tamdakylary ýeke-ýekeden gözden geçirdi (G. 
Kulyýew). 
ÝEKÄNME-ÝEKÄN [ýekä:nme-ýekä:n], hal, 
ser. Ýekän-ýekän. Ýadymda hemmesi şu günki ýaly, 
Geçýär 
göz 
öňümden 
ýekänme-ýekän 
(M. 
Myşşyýew). 
ÝEKÄN-ÝEKÄN [ýekä:n-ýekä:n], hal. Birini 
sypdyrman, bir ýan ujundan, hemmesini birin-birin. 
Öý eýesi toýa gelen adamlar bilen ýekän-ýekän 
görşüp, güler ýüz bilen olaryň oturmaly ýerini 
görkezýärdi. 
ÝEKIRIBERMEK [ýekirivermek], işl. 1. 
Ýekirip başlamak. 2. Ýekirip ýörmek. 
ÝEKIRILMEK, işl., ser. Ýekirmek. Ýekirildiň 
mähribanym, geregim, Ajydy seň gören günüň, ajydy 
(B. Hudaýnazarow).
ÝEKIRIŞ, iş ady. Ýekirmek ýagdaýy.
ÝEKIRIŞMEK, işl. Başgalar bilen bilelikde 
ýekirmek. 
ÝEKIRME, iş ady. Ýekirmek ýagdaýy. 
ÝEKIRMEK, işl. Birini gysmak, ýanamak, 
çete çykarmak, ýekelemek. 
ÝEKIRMEKLIK, iş ady. Ýekirmek ýagdaýy. 
ÝEKIRTMEK, işl. Ýekirmek hereketini başga 
birine etdirmek, biriniň üsti bilen amala aşyrmak. 
ÝEKSYRUN [ýeksyru:n], syp., gepl.d. Erbet, 
diňe öz bähbidini bilýän, ýaramaz (adam). 
ÝEKŞENBE [ýeğşemme], at. Hepdäniň ýedinji 
gününiň ady, dynç güni, bazar güni. Biz ýekşenbe 
güni şähere bararys.
ÝEKTAÝ [ýekta:ý], at. Ýeke gat, ýalaňgat don, 
halat. Nurjahan ak ýektaýy geýip, otaga giren wagty 
Myrat töweregine göz gezdirip ýatyrdy (B. Pürliýew).
ÝEK-TÜK, hal. Örän az, ýek-ýarym, iki-ýeke, 
az-owlak, birlän-ikilän; seýrek. Gije birçene ýeten 
hem bolsa, ýek-tük öýleriň çyrasy öçmändi. 
ÝEK-ÝARYM, [ýek-ýa:rym], Seýrek, ýek-tük. 
Gijara öýüne gelen mahaly, Asmanda ýek-ýarym 
ýyldyz göründi (A. Kekilow).
ÝEL, at. 1. Howanyň keseligine güýçli akymy, 
hereketi. Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny – dil  
(Nakyl). Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul, 
Akarda suw ýa öserde ýel bolgul! (Magtymguly). 2. 
lukmanç. Ýeljikmek bilen geçýän kesel. 3. göç.m. 
Batly gelen gahar-gazap. Ol içiniň ýeline çydap 
bilmän azgyryldy. 4. göç.m. Güýçli isleg, höwes, 
hyjuw, gylaw. Ol işe ýaňy gelen adam, entek onuň 
ýeli bar. 

 Ýel almak gören zadyň, eşiden sözüň täsirinden 
gahar-gazaba münmek, gaharlanmak, çişmek. Ýel
berlen tulum ýaly çişmek (gabarylmak) gaharyň 
örän gaty gelmek. Ýel bermek bir zatdan öýkeläp, 
gaharlanyp 
ýören 
adama 
meçew 
bermek, 
götergilemek, çişirmek, gop bermek. Ýel çalmak 1) 
akylyň üýtgemek, dälirän ýaly bolmak, ýeldirgemek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   770   771   772   773   774   775   776   777   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling