Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÝAZLAMA [ýa:zlama], iş ady. Ýazlamak ýagdaýy
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÝAZLAMAKLYK
- ÝAZLYK
- ÝAZMAKLYK I, II
- ÝAZUW I
- ÝAZU-GYŞ
- ÝAZYJY
- Ýazygy ýaman
- ÝAZYKLYLYK
- Ýazylganlyk . ÝAZYLGANLYK
ÝAZLAMA [ýa:zlama], iş ady. Ýazlamak
ýagdaýy. ÝAZLAMAK [ýa:zlamak], işl. 1. Ýazlagda ýaşamak, ýazlag ýerine göçüp barmak. Ýazlaýan çarwalaryň arasynda gezmäniň-de, aw yzynda ymtylmanyň-da aýratyn lezzeti bardy! (B. Kerbabaýew). 2. göç.m. Bolelinlikde ýaşamak, erkin ýaşamak. Bir gün bular: Pylan ýerde bir otluk meýdan bar, şoňa ýazlamaga gideliň diýip, maslahat edýärler ( Türkmen halk ertekileri ). ÝAZLAMAKLYK [ýa:zlamaklyk], iş ady. Ýazlamak ýagdaýy. ÝAZLATDYRMAK [ýa:zlatdyrmak], işl. Ýazlatmaga mümkinçilik berdirmek. ÝAZLATMAK [ýa:zlatmak], işl. Maly ýazlagda bakmak. Bu ýyl goýunlarymyzy gowy ýazlatdyk. ÝAZLAÝYŞ [ýa:zlaýyş], iş ady. Ýazlamak ýagdaýy. ÝAZLYK [ýa:zlyk], syp. Ýazda ekilýän, ýaz paslynda ekilip, soň hasyly ýygnalýan. Ýazlyk bugdaý. ÝAZMA I, II, iş ady. Ýazmak ýagdaýy. ÝAZMA [ýa:zma], iş ady. Ýazmak ýagdaýy. ÝAZMAÇA, hal. Ýazylyp beýan edilýän, hat üsti bilen. Ýazmaça haýyş. ÝAZMAK I, işl. 1. Kagyzyň ýa-da başga bir zadyň ýüzüne belgiler (harplar, sanlar we ş.m.) şekillendirmek. 2. Eser döretmek. 3. Birine bir zat hakda ýazmaça habar bermek, ýüzlenmek. Ol hatynda basym bize myhmançylyga geljekdigini ýazypdyr. 4. Bir zat üçin biriniň adyny sanawa goşmak, girizmek. Meniň adymy hem ýazyň! 5. gepl.d. Biriniň üstünden şikaýat edip, ýokary guramalara ýazmaça ýüzlenmek. ÝAZMAK II, işl. 1. Düşäp goýmak, düşek atmak, düşemek. – Uly halymyzy ol tamymyza ýazdyk – diýip, ol garrylary ikinji otaga çagyrdy (N. Saryhanow). 2. Ýaýradyp goýmak, pytratmak. Ol kaky teläriň üstüne ýazdy. 3. Ýygyrdyny, epinini düzlemek, ýazgyn etmek, gatyny açmak. Ol çermelgi ýeňini ýazyp, üst-başyny düzedişdirdi. 4. göç.m. Gaçmak, ökje götermek, ýazzyny bermek. Gümmürdi çykan wagty men arkanlygyna ýazdym (A. Gowşudow). Penjäni ýazmak 1) dyrnakly ýyrtyjy haýwanlar hakda: penjäni ýazyp gaçmak. 2) göç.m. gaçmak. Bagbany gören çagalar penjäni ýazdylar. ÝAZMAK [ýa:zmak], işl. 1. Ildirilen, gurlan ýerinden sypmak, boşamak. Gapan ýazypdyr. 2. Duran ýerinden çykmak, bölünip aýrylmak, sypmak. Eňeklerim ýazyp gelýär. 3. Başga ýana sowulmak, başga tarapa ugrukmak, üýtgemek. Oturylyşygyň soňy aýdyma ýazdy. ÝAZMAKLYK I, II,iş ady. Ýazmak ýagdaýy. ÝAZMAKLYK [ýa:zmaklyk], iş ady. Ýazmak ýagdaýy. ÝAZMAZLYK, iş ady. Ýazmak işini ýerine ýetirmezlik. Öýlänçi ýene turup ugrady, bu bizi asyl ýazmajakmyka?! (A. Gowşudow). Içiniň agyrysy Batyry ýazmady (B. Kerbabaýew). ÝAZSYRAMAZLYK, iş ady. Ýazy ýaza meňzemezlik, ýazy ýaz bolmazlyk. Gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýazsyramaz (Nakyl). ÝAZUW I, syp., at. Ýazmak bilen bagly (iş). Ertesi irden ýazuw işlerini gutaryp, Şiriniň ýanyna gitdi (B. Pürliýew). ÝAZUW II, at. Ýazmak üçin ulanylýan belgiler ulgamy, ýazgy, hat. Arap ýazuwy. ÝAZU-GYŞ [ýa:zu:-ğyş], at. Ýaz we gyş, ýaz hem gyş. Bu bag ýazu-gyş gök salyp otyr. ÝAZUW-BOZUW [ýazuw-pozuw], at. 1. Hat- ýazuw. 2. gepl.d. Çeper döredijilik. ÝAZY [ýa:zy], at. 1. kön.s. Ýalazy meýdan. Çyrag ýanmaz ýazy ýerde (Hoja Ahmet Ýasawy). 2. Oglana dakylýan at. ÝAZYBERMEK [ýazyvermek], işl. Ýazyp başlamak; ýazmagy dowam etdirmek. Şeýt-de düzmäniň yzynam ýazyber. ÝAZYJY, at. Çeper, edebi eserleri ýazmak bilen meşgullanýan adam. 2. gepl.d. Şikaýat ýazmagy endik edinen. ÝAZYJYLYK, at. Ýazyjynyň käri. ÝAZYK [ýa:zyk], at. Nädogrulyk, ýalňyşlyk bilen edilen hereket, etmiş, günä, aýyp. Gurban ýalbardy Näzige, Sütem etme men ýazyga (Ç. Aşyrow). Ýazygy ýaman kysmaty ýaman, biçäre, pahyr, görgüli. 477 ÝAZYKLY [ýa:zykly], syp.1. Jenaýat iş eden, etmişli, günäli. Sen meni ýazykly etjek bolýarmyň? (N. Pomma). 2. Aýyply, müýnli. Onsoňam ol, näme üçindir, ýazykly ýylgyrýardy ( Edebiýat we sungat ). ÝAZYKLYLYK [ýa:zyklylyk], at. Ýazygy barlyk, ýazykly bolmaklyk. ÝAZYKSYZ [ýa:zyksyz], syp. Ýazygy ýok, ýazygy bolmadyk. Ony ýazyksyz ýere ýazgarýardy (G. Kulyýew). ÝAZYKSYZLYK [ýa:zyksyzlyk], at. Ýazygy ýokluk, ýazykly dällik, ýazyksyz bolmaklyk. ÝAZYLGANÇYLYK [ýazylğançylyk], at, ser. Ýazylganlyk. ÝAZYLGANLYK [ýazylğanlyk], at. Arkaýynlyk, erkinlik. Han küýli her ýere barsa-da, işlemese, özüne ýazylganlyk ýokdugyny bildi (A. Durdyýew). Ýazylganlyk bermezlik öz gününe, erkine goýmazlyk. ÝAZYLGY [ýazylğy], syp.,hal. 1. Kagyzyň we ş.m. zadyň ýüzüne ýazgy ýazylan, ýazgy geçirilen. Onuň alanlarynyň bary mende ýazylgy durandyr (A. Durdyýew). 2. Düşek düşelen, düşek atylan. Ol näme ederini bilmän, ýazylgy duran düşegiň üstüne özüniň ýadaw göwresini goýberdi (N. Saryhanow). ÝAZYLMAK I, işl. 1. Kagyzyň, daşyň, agaç gabygynyň, deriniň we ş.m. ýüzüne bir zady aňladýan ýazgy şekillendirilmek. Biziň ata-babalarymyz tarapyndan geçmişde daşlaryň ýüzüne uzynly-gysgaly ýazgylar ýazylyp galdyrylypdyr. 2. Beýan edilmek. 3. Ýazmaça habar berilmek, ýüzlenilmek. Ylmy maslahat geçirilýänligi hakynda ýerlere öňünden hat ýazylyp habar berildi. 4. Bir zada goşulmak, almak we ş.m. üçin adyň berilmek. Men Türkmen dili gazetine ýazyldym. 5.göç.m. Biriniň üstünden şikaýat edilmek. 6. göç.m. Nesip etmek, miýesser bolmak, duşmak. Seniň ýaly maşgala meniň ogluma-da ýazylsyn-da hudaýym! (A. Durdyýew). ÝAZYLMAK II, işl. 1. Düşelip goýulmak, düşelmek. Ýere ilki palas düşelip, üstündenem uly, galyň keçeler ýazyldy, her keçäniň gyrasyna ikiden- üçden ýassyk taşlandy. 2. Ýaýradylyp goýulmak, pytradylmak. Gök ýapraklaryň aralary bilen geçen gün şöhleleri ýol üstüne ýazylan apbasy-çapraz ýaly ýylpyldy bilen oýnaýardy (B. Kerbabaýew). 3. Ýazgyn edilmek, epini, ýygyrdy düzedilmek. Ütük basylandan soň, ýygyrtlar ýazyldy. 4. Ýazzyny bermek, gaçylmak, ökje göterilmek. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling