Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet759/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   755   756   757   758   759   760   761   762   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAŞALMAK [ýa:şalmak] II, işl., gepl.d. 
Öňküsinden ýaş görünmek, ýigdelen ýaly bolmak. 
ÝAŞAMA [ýa:şama], iş ady. Ýaşamak ýagdaýy. 
Her halda ýaşamak gyzykly örän / Näçe ýaşa, / 
Ýaşamadan ganma ýok (G.Ezizow).  


470 
ÝAŞAMAK [ýa:şamak], işl. 1. Şu dünýäde diri 
gezip ýörmek, ömür sürmek. Ýüz ýaşan adam. 2. 
Güzeran görmek, eklenmek. 3. Mekan tutmak
oturymly durmuş gurmak. 
ÝAŞAMAKLYK 
[ýa:şamaklyk], 
iş 
ady. 
Ýaşamak ýagdaýy. 
ÝAŞARMA [ýa:şarma] I,iş ady. Ýaşarmak 
ýagdaýy (adamyň daşky görnüşi hakynda). 
ÝAŞARMA [ýa:şarma] II, iş ady. Ýaşarmak 
ýagdaýy (göz hakynda). 
ÝAŞARMAK [ýa:şarmak] I, işl., gepl.d. 
Ýigdelmek, hakyky ýaşyndan ýaş, ýigit görünmek; 
ýaşalmak. Tüweleme, dynç alyp ýaşarypsyň! 
ÝAŞARMAK [ýa:şarmak] II, işl. Gözünde ýaş 
peýda bolmak, gözünden ýaş çykmak. Durdy aga 
özüniň aýaza ýaşaryp duran gözünden käýindi (A. 
Gowşudow).
ÝAŞARMAKLYK [ýa:şarmaklyk] I, iş ady. 
Ýaşarmak ýagdaýy (daşky keşp hakynda). 
ÝAŞARMAKLYK [ýa:şarmaklyk] II, iş ady. 
Ýaşarmak ýagdaýy (göz hakynda). 
ÝAŞARMAZLYK [ýa:şarmazlyk], I, iş ady., 
gepl.d. Ýigdelmezlik. 
ÝAŞARMAZLYK [ýa:şarmazlyk], II, iş ady. 
Ýaşaryp durmazlyk. 
ÝAŞARTMAK [ýa:şartmak] I, işl. Adamy 
öňküsinden ýaş görnüşe getirmek, ýigdeltmek. 
ÝAŞARTMAK [ýa:şartmak] II, işl. Gözüňe ýaş 
getirmek, ýaş aýlamak; gözüňden ýaş çykarmak. 
Ýatlamalar şadyýan äheňde başlanan gürrüňi bozup, 
Dursun ejäniň gözlerini bada-bat ýaşartdy (B. 
Kerbabaýew). 
ÝAŞARYŞ [ýa:şaryş] I, iş ady. Ýaşarmak 
ýagdaýy (göz hakynda). 
ÝAŞARYŞ [ýa:şaryş] II, iş ady. Ýigdeliş 
ýagdaýy (adamyň daşky keşbi, ýüzi hakynda). 
ÝAŞAŞMAK [ýa:şaşmak], işl. Bile ýaşamak; 
maşgala gurup ýaşamak. Size agzybir ýaşaşmagy 
arzuw edýäris. 
ÝAŞATMAK [ýa:şatmak], işl. Ýaşamaga 
mümkinçilik bermek, ýol bermek. Meni ýaşadýan, 
maňa aýak üstünde gezmäge güýç berýän diňe 
sensiň, Akjagül! (B. Seýtäkow). 
ÝAŞATMAZLYK [ýa:şatmazlyk], işl. Ýaşamaga 
goýmazlyk, ýaşamaga mümkinçilik bermezlik. 
ÝAŞAÝYŞ [ýa:şaýyş], 1. iş ady. Ýaşamak 
ýagdaýy. 2. at. Adamlaryň, haýwanlaryň maddy 
dünýädäki durmuşy, gün geçirişi. Suw ýok ýerinde 
ýaşaýyş hem ýok. 
ÝAŞDAŞ [ýa:şdaş], at, ser. Ýaşyt. Bularyň ikisi-
de ýaşdaş, ikisi-de goňşy, ikisi-de bir mekdepde 
okaýar. 
ÝAŞKIÇI [ýa:şkiçi] I, at. Ýaşy kiçi.
ÝAŞLAMA 
[ýa:şlama],iş 
ady. 
Ýaşlamak 
ýagdaýy. 
ÝAŞLAMAK [ýa:şlamak], işl. Gözüňe ýaş 
getirmek, ýaş aýlamak. Zübeýdam, ýaşlasaň gözüň, 
Harytsyz dükanym galdy (Magtymguly). 
ÝAŞLAMAKLYK [ýa:şlamaklyk], iş ady. 
Ýaşlamak ýagdaýy. 
ÝAŞLAMAZLYK [ýa:şlamazlyk], iş ady. Göze 
ýaş getirmezlik. 
ÝAŞLAÝYŞ, iş ady. Ýaşlamak ýagdaýy. 
ÝAŞLYK [ýa:şlyk], at. 1. Ýetginjeklikden
kämillige çenli bolan aralyk. 2. Ýigitlik, jahyllyk, 
juwanlyk. Ýaşlyk ýyllary. 
ÝAŞLAR [ýa:şlar], at. Ýaş nesil; ýaş adamlar.
ÝAŞMAiş ady. Ýaşmak ýagdaýy. 
ÝAŞMAK I, işl. Gözýetimden aňryk inmek, 
batmak (Gün, Aý we ýyldyzlar hakynda). Gün ýaşdy, 
garaňky düşdi. 
ÝAŞMAK II, at.1. Aýallaryň, gelinleriň 
adamsynyň ýaşy uly dogan-garyndaşlaryna, özünden 
ululara hormat goýup, agzynyň üsti bilen aýlaýan 
gyňajujusy. Elinde çagasy – bar güýmenjesi, 
Ýaşmagyň astyndan eşdildi sesi (A. Kekilow). 2. Iki 
tarapa açylýan gapylar ýapylanda, arada galýan yşy 
ýapmak üçin kakylýan insizje uzyn tagta. 

Ýaşmak ujy aýal maşgalalaryň gyňajynyň ujy 
we oňa dakylýan ildirgiçli kümüş şaýjagaz. 
ÝAŞMAKLYK I, iş ady. Ýaşmak ýagdaýy. 
ÝAŞMAKLYK II, syp. Gabsa, äpişgä ýaşmak 
eder ýaly (insizje uzyn tagta). 
ÝAŞOWA [ýa:şowa], syp. Ýaş. Ol wagtlar 
ýaşowarak oglandy. 
ÝAŞSYRAMAK 
[ýa:şsyramak], 
işl. 
Ýaş 
görünjek bolmak. 
ÝAŞULY [ýa:şuly], at. 1. Ýaşy uly, gartaşan 
(adam). Ýaşuly adam. 2. Gepi-gürrüňi diňlenýän, 
diýenine-aýdanyna gulak asylýan, sylanýan,
durmuş tejribesi uly adam. 3. Ýaşy birçene baran 
adama ýa-da wezipeli adama ýüz tutulyp aýdylýan 
söz. Bagyşlaň, ýaşuly, size kim diýerler? (B. 
Japarow).  
ÝAŞULULYK [ýa:şululuk], at. 1. Ýaşulynyň 
ýagdaýy. Ýaşululyga ýetmegem hemme kişä nesip 
edenok. 2. Toýda-tomaşada we ş.m. märekede 
ýolbaşçylyk, bekewülçilik etmeklik. Bu üýşmeleňde 
siz ýaşululyk etmeli bolarsyňyz. 
ÝAŞYL [ýa:şyl], syp. Otuň reňkine meňzeş 
reňkdäki, otuňky ýaly reňkli, şonuň ýaly-da şol 
reňkiň ady. Ýaşyl baýdagyň ruhy baýdagyň baky 
buýsanjyň bolsun, agzybir, jepakeş halkym, Döwlet 
tuguň, takdyr tuguň hiç haçan synmasyn 
(

Türkmenistan

). 
ÝAŞYLBAŞ [ýa:şylvaş], at. haýwanat d. 
Ganatlarynyň üsti, boýunlary ýaşyl öwsüp duran 
ördek. Bagymda saýraşar guşlar, Kölde ýüzer 
ýaşylbaşlar (G. Ezizow). 
ÝAŞYLJA [ýa:şylja] I, syp. Ýaşyl reňklije. 
ÝAŞYLJA [ýa:şylja] II, at. Ýara çalynýan ýaşyl 
reňkli suwuk derman, mawuja. 
ÝAŞYLLYK [ýa:şyllyk], at. Ýaşyl reňklilik.
ÝAŞYLRAK [ýa:şylyra:k], syp. Reňki ýaşyla 
ýakyn; beýlekä görä has ýaşyl reňkli. 
ÝAŞYLYMTYL [ýa:şylymtyl], syp. Ýaşyl 
öwüsýän, açyk ýaşyl reňkli, çalarak ýaşyl. Ýaşylymtyl 
mata. 
ÝAŞYMSY [ýa:şymşy], syp., gepl.d., ser. Ýaş II
Ol gelin deň-duşlaryndan has ýaşymsy görünýär. 


471 
ÝAŞYNDYRMA 
[ýaşynnyrma], 
iş 
ady. 
Ýaşyndyrmak ýagdaýy. 
ÝAŞYNDYRMAK [ýaşynnyrmak], işl. Agzyna 
ýaşmak aýlatmak. 
ÝAŞYNDYRYŞ 
[ýa:şynnyryş], 
iş 
ady. 
Ýaşyndyrmak ýagdaýy. Merjen ejäniň gelnini 
ýaşyndyryşy üýtgeşikdi. 
ÝAŞYNDYRMAZLYK [ýaşynnyrmazlyk], iş 
ady. Ýaşynmaga mejbur etmezlik, ýaşmagyny 
aýyrtmak. 
ÝAŞYNMAiş ady. Ýaşynmak ýagdaýy.
ÝAŞYNMAK, işl. Türkmenleriň köneden gelýän 
däp-dessuryna görä özüňden ululara hormat goýup, 
agzyňa ýaşmak aýlamak.  
ÝAŞYNMAKLYK, iş ady. Ýaşynmak ýagdaýy. 
ÝAŞYNMAZLYK, iş ady. Agzyna ýaşmak 
almazlyk . ÝAŞYNYŞiş ady. Ýaşynmak ýagdaýy. 
ÝAŞYRMA, iş ady. Ýaşyrmak ýagdaýy.
ÝAŞYRMAK, işl. Ýaşyryn saklamak, gizläp 
saklamak, gizlemek, bukmak. Aýybyny ýaşyran 
aýňalmaz (Nakyl). 
ÝAŞYRMAKLYK, iş ady. Ýaşyrmak ýagdaýy. 
ÝAŞYRMAZLYK, iş ady. Ýaşyryn saklamazlyk, 
gizläp saklamazlyk. 
ÝAŞYRYN [ýaşyry:n], syp. Hiç kime bildirmän, 
assyrynlyk bilen, ogryn, gizlin. Ýaşyryn iş. 
ÝAŞYRYNLYK [ýaşyry:nlyk], at. Ýaşyryn halda 
bolmaklyk, gizlinlik, assyrynlyk, ogrynlyk.
ÝAŞYRYŞ, iş ady. Ýaşyrmak ýagdaýy.
ÝAŞYT [ýa:şyt], syp. Ýaşlary bir, deň, doglan 
ýyllary meňzeş. Ikimiz ýaşytdyrys, ikimiziňem 
ýylymyz goýundyr. 
ÝAŞYTDAŞ [ýa:şytdaş], syp., gepl.d. Ýaşyt. 
Seniň bilen ýaşytdaş oglum bar. 
ÝAŞ-ÝELEŇ [ýa:ş-ýeleň], at. Ýetginjek, jahyl, 
ýaş-ýuş. Gelin-gyzlar, ýaş ýeleňler hiňňildik uçýardy 
(B. Kerbabaýew). 
ÝAŞ-ÝUŞ [ýa:ş-ýu:ş], at. Ýaş oglan-gyzlar,
ýaş-ýeleň. Seň ýaly hünäri beýik adamyny tapyp 
duran gyzlar ýaş-ýuşa barjak gümany barmy?! (A. 
Durdyýew). 
ÝAT [ýa:t] I, at. Öň bolup geçen wakalary, 
täsirleri, duýgulary huşa getirip bilmek ukyby, huşda, 
pikirde saklap bilmek ukyby, hakyda. Onuň ýady 
kütelişipdir. 

Ýada salmak ýatlamak; ýada getirmek. Sag 
kenaryň sümmülleri şemala adaja tolkun atyp, 
birgeňsi sary deňzi ýada salýar (

Türkmenistan

). 
Ýadyndan çykarmak ýadyna düşmezlik, ýadyna 
salyp bilmezluik. Tolgunmadan ýaňa ol birbada 
şeýle pursatlarda uzyn gije taýýarlanyp oturan etsem-
petsemlerini-de ýadyndan çykardy (Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 s.). Ýat 
beklemek ser. Ýat tutmak. Ýat etmek häzir ýok 
adamy ýatlamak. Ýat edeýin, agam, seni (

Görogly

). 
Ýat tutmak sözleri, goşgyny, aýdymy ýadyňda galar 
ýaly derejede özleşdirmek.
ÝAT [ýa:t] II, at. 1. Garyndaşlyk, ýakynlyk 
gatnaşygy bolmadyk, garyndaş däl; keseki. Ýat 
illerde mysapyrlyk çekenden, Ursa, sökse,
horlasa-da il ýagşy (Magtymguly). 2.Tanyş 
bolmazlyk. Daýhançylyk, günlükçilik ýaly zatlar oňa 
ýatdy, pil-de, palta-da ýatdy (B. Seýtäkow). 3. göç.m.  
Ýassykdaş, ýanýoldaş. Başyň ýassyga ýetende,
ogul-gyzyň ýatça bolmaz (Magtymguly). Oglumyň 
ýanynda ot bar, gyzymyň ýanynda – ýat (Atalar sözi). 

Ýedi ýat ýedi arkadan aňyrky, garyndaşlyk 
taýdan daşlaşan adamlar; bigäne, keseki. Ol ýedi ýat 
bilen guda bolup, ogluny öýermegi ýüregine düwdi. 
ÝATA, syp. 1. Akman duran, akaba bolmadyk, 
akmaýan. Ýata suw. 2. Ýorgan-düşekli ýatan. Munuň 
özi ýata hassa-da däl (B. Kerbabaýew).

Ýata şärik bolmak zähmet çekmän, hak
aljak bolmak. Şeýdip hasylyň ýarysyna ýata şärik 
bolýarlar. 
ÝATAGAN [ýatağan], syp. Köp ýatmagy 
halaýan, kän ýatmagy endik edinen, ukuçyl, ýatak. 
Japbaklar bir obada ýatagan bar sesini eşitdiler (B. 
Kerbabaýew). Ýatagan gözlerini ýalpa açanda, 
Görýär özün köne ýorgan içinde (K.Gurbannepesow). 
ÝATAGANLYK [ýatağanlyk], at. Ýataganyň 
gylyk-häsiýeti, ukuçyllyk, ýataklyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   755   756   757   758   759   760   761   762   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling