ÝARANMA,iş ady. Ýaranmak ýagdaýy.
ÝARANMAK,işl. Biriniň göwnüni tapjak
bolmak, biriniň göwnüne garap hereket etmek..
Neneň
edip
ýaranaýyn,
ýar,
saňa
(Halk
aýdymyndan). Walla, Nurtäç eje, men-ä size ýaranyp
bilmedim (A. Durdyýew).
ÝARANMAKLYK, iş ady. Ýaranmak ýagdaýy.
ÝARANMAZLYK, iş ady. Ýaranjak bolmazlyk.
ÝARANYŞ, iş ady. Ýaranmak ýagdaýy.
ÝARAR [ýara:r], syp., ser. Ýararly. Jigitler
çuwallaryň ýarar goşlaryny dökmek bilen bile,
Babahan arçyny agtardylar (B. Kerbabaýew).
Mallylar howul-hara ýarar goşlaryny aldylar (B.
Kerbabaýew).
ÝARARLY [ýara:rly], syp. Derege ýaraýan, bir
zat üçin gerekli, ýaramly. Bu dükanda seniň ulagyňa
ýararly zat ýok ýaly.
Derde ýararly bir zat üçin peýdalysy, bir zadyň
gowuragy. Ätiýaçlyk şaýlarynyň derde ýararlysyny ýa
satyşdyrdy, ýa geregi çykaýmasyn diýip, özi ýygnap
goýdy.
ÝARAR-ÝARAMAZ [ýara:r-ýaramaz], syp. Bir
zadyň hil taýdan pesi, gowusy däl. Ol ýygan
garpyzlarynyň ýarar-ýaramazyny mala bererin-dä
diýip, gyrada üýşürip goýdy.
ÝARAŞDYRMAK,işl. Tersleşen iki adamy
barlyşdyrmak, biri-biriniň garşysyna duşmançylykly
hereket etmez ýaly etmek. Çagalar biri-biri bilen
tersleşen wagtlarynda bolsa olaryň näme üçin
tersleşendiklerini sorap bilerdi we ýaraşdyrardy (A.
Durdyýew).
ÝARAŞDYRYJY , syp. Iki tarapy barlyşdyryjy,
ylalaşdyryjy.Ýaraşdyryjy merkez.
Ýaraşdyryjy kazyýet taraplaryň özara erk-
islegi esasynda hukuk ulanyş işini (raýat-hukuk
jedellerini çözmegi) amala aşyrýan öz-özüni
düzgünleşdirýän raýat jemgyýetiniň instituty.
Do'stlaringiz bilan baham: |