ÝARAMAZÇYLYK, at, ser. Ýaramazlyk 1.
ÝARAMAZLANMAK, işl. 1. Öňküsinden
ýaramaz, erbet bolmak, ýaramazlaşmak. Häsiýeti
ýaramazlanypdyr. 2. Hili pes bolmak, hil taýdan
erbetlenmek. Näme üçindir, öndürilýän önümiň hili
ýaramazlanypdyr.
ÝARAMAZLAŞMAK, işl. 1. Kem-kemden
ýaramaz bolup başlamak, erbet bolup ugramak,
gitdigiçe erbetleşmek. Hassanyň ýagdaýy sagat saýyn
ýaramazlaşýardy. 2. Hili, ýagdaýy dura-bara peselip
başlamak, hili pese gaçyp başlamak. Üzümiň hili
ýaramazlaşdy, şol sebäpden oňa ideg etmekde
goýberilen kemçilikler düzedildi.
ÝARAMAZLYK I, at. 1. Ýakymy bolmazlyk,
ýaramaz gylyk-häsiýetlilik, dereksizlik, erbetlik.
Nurjahan hem öz doganynyň ýaramazlygy hakynda
edilýän gürrüňi diňlemäge onçakly höwesli däldi (B.
Pürliýew). 2. Hil taýdan pese düşen ýagdaýda
bolmaklyk, gowy dällik. Men ol matany hiliniň
ýaramazlygy sebäpli almadym. 3. Nähoşluk, gurat
dällik, tapsyzlyk, ýarawsyzlyk.
ÝARAMAZLYK II, işl. 1. Nähoşlamak,
ýarawsyz bolmak. Ol ýaranok, şonuň üçinem
okuwdan galdy. 2. Gowy görmezlik, ýakmazlyk,
halamazlyk, pisindiň oturmazlyk. Onuň bolşy, özüni
alyp barşy maňa ýaranok. 3. Talaby ödemezlik,
talaba laýyk gelmezlik. Seniň ýazan makalaň derde
ýaranok.
ÝARAMLY, syp.1. Derde ýaraýan, peýdaly.
Enesine, atasyna, dost-ýaryna, iline-gününe ýaramly
bolsun (N. Pomma). 2. Derman häsiýetli, ýokumly,
lezzetli. Ýaramly içgiler. 3. Bir zat üçin ýaraýan,
amatly, oňaýly. Gaýraky gyryň eteginde ekine
ýaramly, özleşdirip boljak ýer köp.
ÝARAMLYLYK,
at.Ýaramly
bolmaklyk,
ýaramsyz dällik. Baýramalynyň howasynyň aýratyn
ýaramlylygy sebäpli, bu ýerde böwrek şypahanasy
guruldy.
Do'stlaringiz bilan baham: |