Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet743/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   739   740   741   742   743   744   745   746   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝARAGLANYŞYK 
[ýarağlanşyk], 
at. 
Köpçülikleýin ýarag öndürmeklik we goşuny ýarag 
bilen üpjün etmeklik. 
ÝARAGLY [ýarağly], syp. Ýanynda ýaragy bar 
bolan, ýarag bilen üpjün bolan, ýaraglanan. Ýaragly 
goşun

 Ýaragly çaknyşyk ýaragly uruş, söweş. 
ÝARAGSYZ [ýarağsyz], syp. Ýanynda ýaragy 
ýok, ýaragy bolmadyk. Emma häzirki barýan atlylar 
ýaragsyzdy (B. Kerbabaýew). 
ÝARAGSYZLANDYRMAK 
[ýarağsyzlannyrmak], işl. 1. Ýaragyny almak, ýarag 
serişdelerinden mahrum etmek. 2. göç.m. Ýaragly 
göreş alyp barmak hukugyndan, mümkinçiliginden 
mahrum etmek, ýaragyny elinden alyp, göreşden 
çetleşdirmek. 
ÝARAGSYZLANMAK [ýarağsyzlanmak], işl. 
1. Köpçülikleýin ýaraglanmagy ýatyrmak, ýarag 
öndürmegi bes etmek. BMG-niň Tertipnamasy 
ýaragsyzlanmak we ýaraglary düzgünleşdirmek 


464 
işinde döwletleriň hyzmatdaşlygyny göz öňünde 
tutýar. 2. göç.m. Ýaragly göreş alyp barmakdan el
çekmek. 
ÝARAGSYZLYK [ýarağsyzlyk], at. Ýarag bilen 
doly üpjün dällik, ýaragy ýokluk. 
ÝARADAN, at. Ähli barlyklary döreden, Alla, 
Hudaý, Taňry. 
ÝARADAR [ýarada:r], syp. Tenine tyg, ýarag 
ýarasy düşen, ýaraly. 
ÝARADYLMAK, işl. 1. Emele getirilmek
döredilmek. Ýöne fizika üçin welin ol tüýs ýaradylan 
ýalydy (

Edebiýat we sungat

). 2. Ýarar ýaly 
edilmek, derege geçirilmek. Hatda çagajyklaryň 
getiren odun-çöpleri-de derege ýaradyldy. 
ÝARAK [ýa:rak], syp. Adama, haýwana 
topulmak häsiýeti bolan, dişlek (it hakynda). Ýarak it. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   739   740   741   742   743   744   745   746   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling