Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet736/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   732   733   734   735   736   737   738   739   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAŇKALAŞMAKLYK, iş ady. Ýaňkalaşmak 
ýagdaýy. 
ÝAŇKALAŞYŞ, iş ady. Ýaňkalaşmak ýagdaýy. 
ÝAŇKA-ÝAŇKA: ýaňka-ýaňka edişmek biri-
biriniň sözüne jogap gaýtaryp, oňuşman oturmak. 
ÝAŇLANDYRMAK [ýaňlannyrmak], işl. Ses 
düşürip owazlandyrmak, ýaňlanar ýaly etmek. Bagşy 
säheri ýaňlandyryp aýdym aýtdy. 
ÝAŇLANMAiş ady. Ýaňlanmak ýagdaýy. 
ÝAŇLANMAK, işl. 1. Güýçli ses çykyp
ýaýrap gitmek, ses düşüp ýaň bermek. 2.göç.m. 
Söz bilen beýan edilmek.
ÝAŇLANDYRMA [ýaňlannyrma] 1. iş ady.
Ýaňlandyrmak ýagdaýy. 2.at, sazç. Dutarda 
sazandanyň kakuwdaky eliniň tirsegi kädä ykjam 
direlip, eliniň ýazgyn aýasy gapagyň üstünde esli 
wagtlap hallanladylyp duran halatynda emele gelýän 
ses tilsimi.
ÝAŇLANDYRMAK [ýaňlannyrmak], işl. 1. 
Owaz gatyşykly güýçli ses çykaryp, daş-töwerege 
ýaýratmak.
ÝAŇLANYŞiş ady. Ýaňlanmak ýagdaýy.
ÝAŇRA, syp. Biderek köp gürleýän, geplemsek. 
Ol: – Iliň-günüň gözünden, ýaňralaryň gürrüňinden 
çekinmeseňiz, 
özüňiz 
biliň 
– 
diýdi 
(G. 
Gurbansähedow). 
ÝAŇRALYK, at. Ýaňranyň gylyk-häsiýeti,
kesbi. Ylýas töre özüniň öwünjeň ýaňralygy bilen 
gürrüňe kellesini gyzdyryp, güni öýländen agdyrdy 
(A. Gowşudow). 
ÝAŇRAMA, iş ady. Ýaňramak ýagdaýy. 
ÝAŇRAMAK, işl. Biderek gürrüň etmek, agzyňa 
gelenini aýdyp oturmak. 
ÝAŇRAMAKLYK, iş ady. Ýaňramak ýagdaýy. 
ÝAŇRAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden, birden köp
bolup bilelikde ýaňramak. 
ÝAŇRATMAK, işl. 1. Ýaňramaga mümkinçilik 
bermek. Ony ýaňradyp oturma, goý tizräk gitsin. 2. 
Bilgeşleýin gepledip, gerek maglumatyňy almak. Ony 
birsalym ýaňratsaň, hemmesini özi aýdyp berer.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   732   733   734   735   736   737   738   739   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling