Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝANÖRE [ýa:nö:rö], at. Jykyryň suw çykarýan  çarhyny saklamak üçin dikilýän ýogyn agaç, sütün.  ÝANSALMA


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet734/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   730   731   732   733   734   735   736   737   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝANÖRE [ýa:nö:rö], at. Jykyryň suw çykarýan 
çarhyny saklamak üçin dikilýän ýogyn agaç, sütün. 
ÝANSALMA [ýa:nsalma], at. Ene ýapdan 
gapdala çekilýän kiçi ýap. Kynçylyk bilen suw içýän 
alaňrak ýerlere bakan ýansalma çekmek üçin gelipdi 
(B. Kerbabaýew).
ÝANTAMA [ýa:ntama], iş ady. Ýantamak 
ýagdaýy. 
ÝANTAMAK [ýa:ntamak], işl., gepl.d., ser. 
Ýanamak I. Abdy erkekleri suwly çeleklere ýantap 
çökerişdirdi: – Indi näme aňkaryşyp dursuňyz?! – 
diýip, ilki bilen çelekleri ýüklemäge durdy (B. 
Gurbanow). 
ÝANTAMAKLYK [ýa:ntamaklyk], iş ady. 
Ýantamak ýagdaýy. 
ÝANTAŞMAK 
[ýa:ntaşmak], 
işl., 
ser. 
Ýanaşmak 1. Onuň bilen ýantaşyp oturdy. 
ÝANWAR, at. Milady senenamasy boýunça 
ýylyň birinji aýy. Daşarda ýanwar aýynyň aýazly 
agşamy bolsa häli düşüpdi (N.Saryhanow). 
ÝANYK, 1. syp. Oda, gyzgyna we ş.m. zada 
ýanan, köýen. 2. at. Bedeniň ýa-da başga bir zadyň 
ýanan ýeri, ýanmakdan galan tegmil, yz. 
ÝANYN [ýa:ny:n], hal. Bir gapdalynyň üstüne, 
bir tarapyna, keseligine. Şagal diňe bir 

hyk

 edýär-
de, ýanyn ýykylýar (

Türkmen halk ertekileri

). Özi 
hem ýanyn oturyp, tüýdügini zowladyp çalypdyr (N. 
Pomma). 
ÝANYNLAMA 
[ýa:ny:nlama], 
iş 
ady. 
Ýanynlamak ýagdaýy. 
ÝANYNLAMAK [ýa:ny:nlamak], işl. Bir 
gapdalyňa ýöremek; bir gapdala sowulmak; bir 
ýanyňa gyşarmak. 
ÝANYNLAÝYŞ 
[ýa:ny:nlaýyş], 
iş 
ady. 
Ýanynlamak ýagdaýy. 
ÝANYP-BIŞMEK, işl. Bir zada gaty gynanyp
gam çekmek. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   730   731   732   733   734   735   736   737   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling