Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet733/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   729   730   731   732   733   734   735   736   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Ýanlyk atarmak içi gatykly ýanlygy
çatydan asmak. 
ÝANMAiş ady. Ýanmak ýagdaýy. 
ÝANMAK, işl. 1. Ot alyp tutaşmak. Çopan ody 
şatyrdap ýanýardy (

Edebiýat we sungat

). 2. Ýagty 
bermek, yşyk bermek. Ol ýanyp duran onluk çyranyň 
ýagtysyna kitap okaýardy (A. Gowşudow). 3. Gyzgyn 
zadyň täsiri bilen ýakylmak. Ýag syçrap, elim ýandy
4. Gyzgyn zadyň howry netijesinde garalmak, reňki 
üýtgemek. Ýalap geçýär bu şemal, Ýanan ýadaw 
ýüzleri (A. Nyýazow). 5. Gaty yssy howada 
suwsuzlyk zerarly guramak, solup gitmek. At 
jylawyny çekip alyp, güne ýanan gury ota agzyny 
urdy (G. Kulyýew). 6. göç.m. Horluk görmek, azap 
çekmek, kösenmek. Şol gije öňem ukusyzlykdan 
ýanýan Dursun eje aýratyn horlandy (T. Taganow). 7. 
göç.m. Dogumlylykdan ýaňa gözleri uçganaklap
durmak. Gözleri ýanyp duran ýigitler. 8. göç.m. 
Gyzmak, gyzgyny artmak. Maňa azajyk wagt hem 
bolsa oturuw ýok, meniň dabanym lowlap ýanýar (A. 
Gowşudow).

Ýanyp duran ot başarjaň, gujurly, edermen, 
dogumly. Ol adam ýaşka ýanyp duran otdy. 
ÝANMAKLYK, iş ady. Ýanmak ýagdaýy. 
ÝANMA-ÝAN [ýa:nma-ýa:n], hal. Biri-biriniň 
ýanynda, gapdalynda, ýanaşyk, ýakyn, golaý. Olar 
ýanma-ýan ýöräp barýardylar.  
ÝANMAZLYK, 
iş 
ady. 
Ot 
almazlyk, 
otlanmazlyk. 


460 
ÝANPYÇAK [ýa:npyçak] Gyna salnyp, guşaga 
dakylyp ýanyň bilen göterilýän uly bolmadyk
çaklaňja pyçagyň (gezligiň) bir görnüşi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   729   730   731   732   733   734   735   736   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling