Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝANGYNLYLYK [ýanğynlylyk], at. Birinden  ýa-da bir zatdan ýangynly halda bolmaklyk, närazy  halda bolmaklyk.  ÝANGYR


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet732/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   728   729   730   731   732   733   734   735   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝANGYNLYLYK [ýanğynlylyk], at. Birinden 
ýa-da bir zatdan ýangynly halda bolmaklyk, närazy 
halda bolmaklyk. 
ÝANGYR [ýanğyr], syp. Aňsatlyk bilen ýanýan, 
çalt ýanagan. Ýangyr agaç. 
ÝANGYT [ýanğyt], at. Aýdymyň belli bir 
böleginiň gaýtalamasy. Ol ýaňky heňiň ýangydyny 
janagyrylyk bilen berdi (N. Saryhanow). 
ÝANJAMA, iş ady. Ýanjamak ýagdaýy. 
ÝANJAMAK, işl. Birsyhly, üznüksiz
gaýtalap, nygtap durmak, köp aýtmak. Bu 
ýerde göze görnüp duran pikir garşylygynyň 
bardygyny ýanjap oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek 
(

Edebiýat we sungat

).  
ÝANJAMAKLYK,iş ady. Ýanjamak ýagdaýy. 
ÝANJAÝYŞ, iş ady. Ýanjamak ýagdaýy. 
ÝANJYK [ýa:njyk] I, at. Köplenç, çopanlaryň 
çakmak, çakgy, otluçöp ýaly ownuk zatlaryny salyp, 
ýanlary bilen göterýän gaýyş gaby. Hoşgeldi gaýyş 
ýanjygyny omzundan asyp, jaýa girdi (A. 
Gowşudow). 
ÝANJYK [ýa:njyk] II, at, ser. Ýanbaş. 


Ýanjygy ýazmazlyk bir işi ýerine ýetireniň 
bilen hiç zat bolmazlyk. Et diýlenini edeniň bilen 
ýanjygyň ýazasy ýok. 
ÝANKEJEBE [ýa:nkejeve], at. Içine syrkawy 
ýa-da wepat bolany salyp, ulaga ýükläp getirmek üçin 
tagtadan gapyrjaga meňzeş edilip ýasalan esbap. – 
Tizden bir ýankejebe bilen garry mamany ýeriň 
teýinde bolsa-da alyp geliň – diýdi (

Nejep oglan

). 
ÝANLYK [ýa:nlyk], at. Gatyk ýaýmak,
toşap guýmak üçin geçi derisinden ýörite 
taýýarlanan gap. Aladaňdandan gatyklaryny 
ýanlyga guýan Zyba howa gyzýança gatygyny ýaýyp 
boldy (Ý. Mämmediýew). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   728   729   730   731   732   733   734   735   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling