Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet728/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   724   725   726   727   728   729   730   731   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝANAMAK [ýa:namak] I, işl. 1. Bir zadyň 
gapdalyna getirip goýmak, golaý 
getirmek, 
ýanaşdyryp goýmak. …Gämini derýanyň gyrasyna 
ýanady (

Edebiýat we sungat

). 2. Ýanyn ýatyp, 
çagasyny emdirmek. Çagalaryny ýatyryp, kiçisini 
ýanap gyşaran aýaly: Pökgen, göwnüme 
bolmasamy, seniň kelläňdäki öňki akylyň däl ýaly 
görýän! diýende, Pökgen onuň sözüniň arasyna 
düşdi (A. Gowşudow). 
ÝANAMAK [ýa:namak] II, işl. Birini nähak 
ýerden günäkär etjek bolmak, birine azar bermek. 
ÝANAMAK [ýa:namak] III, işl. Ene-atasynyň, 
doganlarynyň adyna ugurdaş at dakmak. Onuň ogly 
bolanda, bäbejige atasynyň adyna ýanap at goýdular. 
ÝANAMAKLYK [ýa:namaklyk] I, II, III, iş 
ady. Ýanamak ýagdaýy. 
ÝANAR: ýanar ot (oduň içinde) gaty gyzdyrýan 
(adam). Ol ýanar oduň içinde. 
ÝANARDAG [ýanarda:ğ], at. Çür başyndaky 
kraterden wagtal-wagtal ot, gyzgyn läbik, kül atylýan 
ýa-da atylmagy mümkin bolan dag, wulkan. Hereket 
edýän ýanardag. Sönen ýanardag. Ýanardag 
jisimleri
ÝANAŞDYRMAK [ýa:naşdyrmak], at. Biri-
birine degrip, degişdirip goýmak, golaý goýup 
çykmak. Ol ýerde tokaýyň uzyn agaçlaryndan iki 
sany pürsi ýanaşdyryp atypdyrlar (A. Gowşudow).
ÝANAŞDYRYLMAK [ýa:naşdyrylmak], işl. 
Biri-birine degrilip, golaý goýulmak. Üzümiň 
saýasynda ýanaşdyrylyp goýlan iki kürsi bardy. 
ÝANAŞMA [ýa:naşma], iş ady. Ýanaşmak 
ýagdaýy. 
ÝANAŞMAK [ýa:naşmak], işl. 1. Ýanaşyk 
durmak, golaý durmak, galtaşmak. Şol wagt Öwez 
bilen ýanaşyp barýan Hoşgeldi ýuwaşlyk bilen 
pyşyrdady (A. Gowşudow). 2. göç.m. Aragatnaşyk 
açmak, biri bilen gatnaşyk edip başlamak, iş 
salyşmak. Ol ýanaşjak adamsyny bilip ýanaşýar (A. 
Durdyýew). Ýanaşany çürkeýär, Buýra bilmän 
nebsine (O. Täçnazarow). 3. Jyns aragatnaşygynda 
bolmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   724   725   726   727   728   729   730   731   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling