ÝAMAŞGAN
[ýamaşğa:n],
hal,
ser.
Ýamaşgandan. Ahyrda ikisi bilelikde ýamaşgan
gitmekçi bolýarlar (
Türkmen halk ertekileri
).
Medet aga ýamaşgan aýbogdaşyny gurdy (A.
Nazarow).
ÝAMAŞGANDAN [ýamaşğa:nnan], Täzeden,
gaýtadan, ikilenç, ýaňadandan, ýamaşgan. Ol
ýamaşgandan suwa tarap ylgady (A. Gurbanow).
ÝAMAŞDYRMAK, işl. Hemmesini ýamap
çykmak, bir ýanyndan başlap ýamamak; bolşuna görä
ýamamak. Öýüň ýyrtyk ýerlerini howanyň mazaly
gurugançylyk wagty ýamaşdyraýyn (N. Saryhanow).
ÝAMAŞMAK, işl. 1. Ýamamaga kömek bermek.
Howut ýamaşmak. 2. Birnäçe bolup bilelikde
ýamamak. Oglanlar tigriň çüý deşip ýeli giden
içkillerini ýamaşyp otyrdylar.
ÝAMATMAK, işl. Ýamamak işini başga birine
etdirmek. Köýnek ýamatmak.
ÝAMAÝYŞ, iş ady. Ýamamak ýagdaýy.
ÝAMYZ, at. Buduň çatalba birleşýän ýeriniň iç
ýüzi. Ýat itiň guýrugy ýamzynda (Nakyl).
ÝAN [ýa:n], at.1. Adam ýa-da haýwan bedeniniň
sag ýa-da çep gapdaly, böwri. Ol eli bilen agyrýan
sag ýanyny tutdy.2. Tarap, ugur. Haýsy ýana ser
salsaň, äpet-äpet depeler ýatyr (
Edebiýat we
sungat
). 3. Aýal-gyzlaryň köýneginiň aşyrysynyň
goltuk tarapyna, köýnegiň etegine çenli urulýan uzyn
mata bölegi. Keteni köýnegiň ýany. 4. Bir zadyň
gapdaly, golaýy, ýakyny. Sürüjiniň ýany boşdy. Men
olaryň ýanynda oturdym.
Ýan bermek ýakyn adamyň ölümi, kesel we
ş.m. sebäpli asgynlamak, ýata hassa bolmak.Oglunyň
öldi habary gelenden beýläk uzaklaşdyrman, ene ýan
berdi. Ýan bermezlik diýeniňi berk tutmak, öz
gepiňi gögertmek üçin ýeň bermezlik (ser. Ýeň: ýeň
bermezlik). Emma ejesi ýan bermedi (
Şasenem –
Garyp
). – Men muny hak gözünden eşitdim – diýip,
Pirguly beg ýan bermedi (A. Gowşudow). Ýan janly
adam ölende sadaka diýip öldürilýän ownuk janly
(goýun, tokly). Ýan tazysy ýaly biriniň yzyna düşüp
ýören, biriniň ýanyndan elmydama aýrylmaýan,
hemişe bile gezýän. Ýan tazysy ýaly bolup, hiç
Tyllanyň gapdalyndan aýrylanok (T. Taganow).
Do'stlaringiz bilan baham: |