Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


UKBAGJYK [u:kba:ğjyk], at, ser. Ukbag


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet646/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   642   643   644   645   646   647   648   649   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UKBAGJYK [u:kba:ğjyk], at, ser. Ukbag
UKLABERMEK [u:kla:vermek], işl. Uklap 
başlamak. 
UKLAMA [u:klomo], iş ady. Uklamak ýagdaýy. 
UKLAMAK [u:klomok], I, işl. Ukuly ýagdaýda 
bolmak, uka giden halda bolmak, ýatmak, uka 
gitmek. Ol nahar edinenden soň, aşagyna 
düşekçeleri ýazyp, hemme ýorganlary hem üstüne 
atyp uklamakçy boldy (A. Gowşudow).
UKLAMAK [u:klomok], II işl. Ak öýüň 
uklaryny dakmak, düzmek. 
UKLAMAKLYK [u:klomokluk], I,II iş ady. 
Uklamak ýagdaýy. 
UKLAMAZLYK [u:klomozluk] I, iş ady. 
Ýatmazlyk, uka gitmezlik. 
UKLAMAZLYK [u:klomozluk] II, iş ady. Uk 
dakmazlyk. 
UKLAŞMAK [u:kloşmok] I, işl. Birnäçe bolup 
uklap ýatmak. Çagalaryň hemmesi uklaşyp 
ýatyrdylar (

Edebiýat we sungat

). 
UKLAŞMAK [u:kloşmok] II, işl. 1.Uklamaga 
kömekleşmek. Täze öýi uklaşmaga goňşular hem 
gelipdi.2. Bilelikde uklamak.
UKLATDYRMAK 
[u:klotdurmok], 
işl. 
Uklamaga mümkinçilik bermek. 
UKLATMAK [u:klotmok] I, işl. Uka gidermek, 
ýatyrmak. Söýýän, ýaz gijesi, hemişe seni, Ukladyp 
ýelpeýäň salkyn ýel bilen (R. Seýidow). 
UKLATMAK [u:klotmok] IIişl. Uklamak işini 
başga birine etdirmek. Ol öýüni eltisine uklatdy. 
UKLAÝYŞ [u:kloýuş] I, II, iş ady. Uklamak 
ýagdaýy. 
UKRAIN [ukyraýi:n], at, ser. UkrainlerUkrain 
edebiýaty. 
UKRAINLER [ukyraýi:nler], at. Ukrainanyň 
esasy ilatyny düzýän halk. 
UKUÇYL [u:kuçul], syp. Ukyny gowy görýän, 
ukudan doýmaýan, köp uklaýan. Ukuçyllar eýýäm 
hor çekip başladylar. 
UKUÇYLLYK [u:kuçulluk], at. Ukyny gowy 
görmeklik, ukudan doýmazlyk, köp uklaganlyk. Ony 
ukuçyllygy heläk edýär. 
UKULY [u:kuly], syp. Ukudan açylmadyk. Ol 
ukuly gözlerini ses gelen tarapa dikdi. 
UKURYK [ukuruk], at. 1. Ýylky tutulýan ujy 
syrtmakly uzyn taýak. 2. Eşegi harazdan ýa-da 
harmanyň ortasyna dikilen agaçdan belli bir 
uzaklykda saklaýan agaç. 


400 
UKUSYZ [u:kusuz], syp. Ukusy tutmaýan, 
gözüne uky gelmeýän, uklap bilmeýän. Ukusyz 
gijeler, argynly günler, Hoş gal, juwanlygyň sapaly 
çagy (H. Kulyýew). 
UKUSYZLYK [u:kusuzluk], at. 1. Ukusy 
ýokluk, ukusyz halda bolmaklyk. Ol näçe gündür 
ukusyzlykdan kösenýärdi. 2. Kesel ady. 
UKY [u:ky] Iat. Belli bir wagt aralygynda doly 
ýa-da kem-käsleýin huşuňda bolman, yklap ýatmak 
ýagdaýy. Ballym, ukyň bal bolsun, Bagtyň açyk gül 
bolsun (G. Seýitliýew). Ol ukusyna diýseň sakdy 
(

Edebiýat we sungat

). 

Uka batmak uklamak, uklap ýatmak. Uka 
gitmek uklap ýatmak, uka batmak, uklamak, ýatmak. 
Oýandyrmaň ballymy, Ýaňyja uka gidipdir (Hüwdi). 
Dagyň goýnundaky janly-janawer uka gidipdi (B. 
Kerbabaýew). Ukudan galmak ukyňy alyp 
bilmezlik, bir sebäpden ýatmazlyk, uklamazlyk. Ökde 
çopanlar malyň baş sanyny artdyrmak üçin, 
semizligini ýokary derejede saklamak üçin uzak 
gijeler ukudan galýarlar. Ukudan goýmak 
uklatmazlyk, ýatyrmazlyk, ukusyny aldyrmazlyk. 
Çyrlap ýatmadyk çaga enesini ukudan goýdy. Ukusy 
gaçmak uklap bilmezlik, ukyň tutmazlyk, ýatyp 
bilmezlik. Şeýle bolsa-da onuň garny çekildi, eti 
döküldi, ukusy gaçdy (N. Saryhanow). Ukusyna sak 
uklaman saklanyp bilýän, ukusyna buýrup bilýän, erk 
edip bilýän. Ol ukusyna diýseň sakdy (

Edebiýat we 
sungat

). Ukyň gelmekser. Ukyň tutmak. Ukyň 
tutmak uklasyň gelmek, ýatasyň gelmek. Onuň 
ukusy tutýardy. Ukyňy almak gowy uklap turmak
ukudan doýmak. Ir ýatyp, mazalyja ukymy alypdyryn. 
UKY [u:ky] II, at. Hudaýatylaryň tuduň, erigiň 
şahalarynyň ýüzünde çagalary üçin ýasanýan 
höwürtgesi.  
UKYP [ukuýp], at. Bir zady, işi ýerine 
ýetirmeklige gerek bolan başarnyk, üşük, başarjaňlyk, 
zehin.
UKYPLY [ukuýply], syp. Ukyby bar bolan.
UKYPLYLYK [ukuýpluluk], at. Ukyby barlyk, 
ukyply bolmaklyk. Her bir işi janypkeşlik, ukyplylyk, 
guramaçylyk bilen ýerineýetirmeli
UKYPSYZ [ukuýpsuz], syp. Ukyby ýok, ukyby 
bolmadyk. Hamala hiç zada ukypsyz ýaly, Getirer 
başyna dürli hyýaly (A. Kekilow). 
UKYPSYZLYK [ukuýpsuzluk], at. Ukyby 
ýokluk, ukyby bolmazlyk. Olaryň käbiri özüniň 
gowşaklygy, 
ukypsyzlygy 
sebäpli 
ýüregindäki 
howsalany daşyna çykaraýýar (A. Gowşudow).
ULABERMEK 
[ula:vermek], 
işl. 
Ulap 
başlamak. Üzük sapaklary şeýt-de ulaber. 
ULAG [uloğ], at. Bir ýere gitmek, ýük daşamak 
we ş.m. üçin ulanylýan serişde: at, düýe, eşek, 
maşyn. Ulag her bir ýurduň halk hojalyk toplumynyň 
iň zerur toparlarynyň biridir (

Türkmenistan

). 
ULALDYLMAK [uloldulmok], işl. Ululygy, 
göwrümi artdyrylmak, giňeldilmek. Ulaldylan 
daýhan birleşigi. 
ULALMA [ulolmo], iş ady. Ulalmak ýagdaýy. 
ULALMAK [ulolmok], işl. 1. Göwrümi, 
gabarasy artmak, giňelmek, beýgelmek. Wagtyň, 
ýyllaryň geçmegi bilen obalarymyz barhaulalýar. 2
Ösüp ýetişmek, kemala gelmek. Sen öň oglandyň-da, 
indi ulalaýdyňmy? (A. Durdyýew). Aýdylmaly sözler 
bilen ulalyp, Aýdylmadyk sözler bilen söýdüm men 
(H. Kulyýew). 3. gepl.d. Wezipesi ýokarlanmak, 
derejesi artmak, uly işe bellenmek. Arçynymyz ulaldy. 
4gepl.d. Ulumsy bolmak, gopbamsy bolmak, özüňi 
uly tutmak. Asla ulalmak, kiçelmek diýen zadyň 
nämediginem bilenokdy (A. Gurbanow). 
ULALMAKLYK [ulolmokluk], iş ady. Ulalmak 
ýagdaýy. 
ULALMAZLYK [ulolmozluk], iş ady. Uly hala 
geçmezlik, uly bolmazlyk. 
ULALTMAK [uloltmok], işl. 1. Göwrümini, 
gabarasyny uly etmek, artdyrmak. Jaýyulaltmak. 2
Ösdürmek, kemala getirmek. Hanha, allanäme, otyr 
öýünde, Ogluny ulaltmak diňe küýünde (A. Kekilow). 
3. Artdyryp aýtmak, üstüne goşmak, has artdyryp 
görkezmek. Bolan wakany ulaldyp gürrüň berdi (A. 
Gowşudow). Gelenden soň bolsa, eden karzyny on 
esse ulaldyp, gykylyga başlardy (B. Seýtäkow). 4
gepl.d. Uly wezipä bellemek, geçirmek. 
ULALTMAKLYK 
[uloltmokluk], 
iş 
ady. 
Ulalmak ýagdaýy. 
ULALYBERMEK [uloluvermek], işl. Ulalyp 
ugramak. Çagalaram gününi sanap ulalyberdi. 
ULALYP-OŇALMADYK [uloluv-oňolmoduk], 
syp
Ulalsa-da, 
il 
hataryna 
goşulmadyk, 
akyllanmadyk, bihepbe, pekge. 
ULALYŞ [uloluş], iş ady. Ulalmak ýagdaýy. 
ULAMA [uloma:], at. 1. k.d. Alym, ylymly. 
Ulama azsa, geň bolar (Talyby). 2. gepl.d. Ylmy 
ýetik, akylly, parasatly, ile görelde bolýan, ýaşuly. – 
Bu ahwalaty ulamalar ýagşy bilerler – diýdi 
(

Edebiýat we sungat

). 
ULAMA [ulomo], iş ady. Ulamak ýagdaýy. 
ULAMAK [ulomok], işl.1. Ýüpi, sapagy başga 
bir ýüpe, sapaga işip ýa-da pet, krahmal çalyp, agajy 
biri-birine çüý bilen berkidip seplemek. Ýüpe ulap 
duşagmyzy, Ýükläp odun alyp gelýäs (K. 
Taňrygulyýew). 2. Bir gürrüňiň yzyna başga gürrüň 
goşmak. Gürrüňi gürrüňe ulamak. 
ULAMAKLYK [ulomokluk], iş ady. Ulamak 
ýagdaýy. 
ULAMALYK [uloma:lyk], at. 1. k.d. Alymlyk, 
ylymlylyk. 2. gepl.d. Ylmyň, sowadyň ýetik bolup, 
iliň öňüne düşmek derejesine ýetmek. Ulamalyga 
ýetişmeklik. 
ULAMAZLYK [ulomozluk], iş ady. Ýüpi, 
sapagy başga bir ýüpe, sapaga işip ýa-da pet, krahmal 
çalyp seplemezlik. 
ULANMA [ulonmo], iş ady. Ulanmak ýagdaýy. 
ULANMAK [ulonmok], işl. Birinden ýa-da bir 
zatdan peýdalanmak, haýyrlanmak.
ULANMAKLYK [ulomnokluk], iş ady. Ulanmak 
ýagdaýy. 
ULANMAZLYK 
[ulonmozluk], 
iş 
ady. 
Peýdalanmazlyk, haýyrlanmazlyk. 
ULANYBERMEK [ulonuvermek], işl. Ulanyp 
başlamak. 


401 
ULANYLMAK [ulonulmok], işl. Gerekli ýerinde 
bir zatdan doly peýdalanmak, haýyrlanmak.
ULANYŞ [ulonuş], iş ady. Ulanmak ýagdaýy. 
ULAŞDYRMAK [uloşdurmok], işl. 1. Birnäçe 
zady 
biri-birine 
sepleşdirmek, 
birleşdirmek, 
utgaşdyrmak. 2. göç.m. Birini bir zada sezewar 
etmek, uçratmak, duçar etmek, duşurmak. Pelek meni 
derde ulaşdyrypdyr (Seýdi). Sebäbi jogabym Ogulaýy 
başga pikirlere ulaşdyrarmyka öýtdüm (R. Gelenow). 
3. göç.m. Gürrüňi biri-birine baglaşdyrmak, 
sepleşdirmek. 
ULAŞMAK [uloşmok], işl. 1. Ulamaga kömek 
etmek. 2. Bilelikde ulamak. 2. Yzly-yzyna utgaşmak, 
sepleşmek. 3. Sezewar bolmak, duçar bolmak, 
uçramak, ýolukmak. Telbe boldum, ýaman derde 
ulaşyp (Zelili). Dostum eger başyň ulaşsa derde, 
Duşmanyňam bolsa ýüz tutgun merde (M. Seýidow). 
ULATDYRMAK [ulotdurmok], işl. Ulamak işini 
başga birine etdirmek.  
ULATMAK, [ulotmok] işl. Ýüpi, ýüplügi, agajy 
we ş.m. biri-birine ulap uzaltmak. Agaçlary biri-
birine ulatsaň, jaýyň üstüne goýmaga ýetjek. 
ULGAM [ulğom], at. 1. Beýikli-pesli gum, 
baýyrlyk, daglyk ýerler. Dag ulgamy. 2. Kadaly we 
özara baglanyşykly hereket edýän gurluş. 3. Bir 
pudaga, ugra degişli edaralaryň jemi, sistema.  
ULGAM-ULGAM [ulğom-ulğom], hal. Birnäçe 
ulgamyň utgaşmagyndan ybarat. Uçar Garagumuň 
bir sydyrgyn gidýän ulgam-ulgam beýik gum 
depeleriniň üsti bilen barýardy (B. Gurbanow). 
ULLAKAN [ulloka:n], syp. 1. Göwrümi, 
gabarasy, görnüşi, ölçegi ep-esli, uly. Ullakan daş. 
Ullakan telpek. 2. Düýpli, ep-esli, möhüm 
(aýyklanýan sözüň gowy ýa erbet manyly söz 
bolmagy mümkin). Meniň ullakan eden işim şok. 3
gepl.d. Ululyk ýaşyna ýeten. Olar indi ullakan 
adamlar.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   642   643   644   645   646   647   648   649   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling