Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet644/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   640   641   642   643   644   645   646   647   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UGUR-UTGASYZ [uğur-utgosuz], syp., ser. 
Ugursyz-utgasyz
UGUR-ÝOL [uğur-ýo:l], at. Bir işi etmegiň 
usuly, täri, ýoly.

Ugur-ýol bilmek 1) nähili hereket etmelidigini 
bilmek. 2) bejermegiň azda-kande usulyny bilmek 
(tebip hakynda). Pylanam ugur-ýol bilýän tebipdir, 


399 
aýagyň bir ýeri çykandyr öýdýän bolsaň, senem 
şonuň ýanyna äkidäýeli, sereder. 
UHHU-UHHO, üml. Küşt depilende her bendiň 
ahyrynda gaýtalanýan ses. Gazalyň her bendiniň 
soňunda 

uhhu-uhho



eýha-eý



küşt-küşt

diýip 
ýeri depip, elleri bilen hereket edipdirler (A. 
Jykyýew). 
UJA [u:jo], at. Oňurga süňküniň ujundaky egrije 
süňk, guýruk ýagynyň içindäki oňurga ujy, oňurga 
ösüntgisi, uç oňurga.
UJA [ujo], syp. Dagyň beýik ýeri, beýik. Uja 
dagdan aşyp geldim (

Görogly

). Düzli meýdan, uja 
daglar, Gudrat bile biten baglar (Hatam şahyr). 
UJAL [ujol], at.1. Ýer sürlende azalyň yzynda 
galýan insizje joýa meňzeş yz, zolak; tohum 
sepilende tohumyň ýere tekiz düşmegi üçin sürlen 
kölçeleri hatara bölýän yz. Her ujalyň ugry bilen 
«Her bir dänäň müň bolsun!» diýip tohum sepilip 
başlanýar (Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet 
guşy, 466 s.). Mukam aga pil bilen ujal düzläp ýören 
Bessiriň deňine bardy (B. Öwezow). 2. Uzap giden 
aňňatlyklaryň arasyndaky peslik, çöketlik.
UJALAŇ [ujoloň], at, kön.s. 1. Töwerek-
daşyndaky ýagdaý üýtgände, özüniň derisini şol 
ýagdaýa görä üýtgedip bilýän, yssy ýurtda ýaşaýan 
süýreniji haýwan, hameleon. 2syp., göç.m. Ikiýüzli, 
agyp-dönüp duran (adam hakynda). 
UJALLAMAK [ujollomok], işl., oba h. Tohum 
sepiljek ýere çäk çekmek, bellik goýmak. Ujallap 
peliň başyna, Tohum goýbermän daşyna (Mätäji). 
UJALLANMAK 
[ujollonmok], 
işl. 
Ujal 
çekilmek. Sürlüp çillenen atyzlar uzaboýuna pil 
bilen 
çapylyp 
ujallanýar 
(Gurbanguly 
Berdimuhamedow, Döwlet guşy, 466 s.). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   640   641   642   643   644   645   646   647   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling