Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


UJALLATMAK [ujollotmok], işl. Ujallamak  işini birine etdirmek.  UJAŞ


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet645/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   641   642   643   644   645   646   647   648   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UJALLATMAK [ujollotmok], işl. Ujallamak 
işini birine etdirmek. 
UJAŞ [u:joş], hal. Ýakyn, ýanaşyk, hatar, 
utgaşyk. Uruş otur, ujaş otur (Nakyl). 
UJAŞMAK [u:joşmok], işl. Biri-biriň bilen
arkalaşyp bir iş etmek, birek-birege hemaýat etmek. 
Uruş-da uçma bar, ujaş-da – tama (Atalar 
sözi).Ýanaşyp öýler tutanym, Ujaşyp ojak gazanym, 
Egindeşim jan käbäm (Agy). 
UJUZ,syp. Gymmat däl, arzan, bahasy pes. 

Ujuz daramak çala daramak, çala degmek, 
käýemek, azgyrylmak, kemter gaýtmak. Heniz hem 
Aýnur saňa ujuz darapdyr. Ujuz gutulmak sypmak, 
aňsatlyk bilen sypmak, gutulmak, ýeňil sypmak, 
dynmak. Duşmanlardan ujuz gutuldym (

Türkmen 
halk ertekileri

). 
UJYPLY [ujuýply], syp. Köp, artyk. Wah, men 
bulardan ujyply kireý hemalamok-la
UJYPSYZ [ujuýpsuz], syp. Örän az, sähelçe, 
peýdasy az bolan. Ýöne düýeçilikden girýän girdeji 
ujypsyzdy (Ç. Matalow).
UJYPSYZJA [ujuýpsuzjo], syp. Gaty az, 
sähelçe. Jaý üçin ujypsyzja töleg tölenýär. 
UJYPSYZLYK [ujuýpsuzluk], at. Örän azlyk, 
bolelin dällik, azlyk. 
UJYZ [ujuýz], syp., ser. Ujuz
UK [u:k], at. Balalary tüýnüge, aşaky ujy tärime 
berkidilýän, ak öýüň üstki bölegini düzýän, inçeden 
syrdam, egriräk uzyn agaç. Öýüň uklaryny çalyşmaly. 
bolupdyr. 

Uguny ýekelemek götergilemek, ugruna 
kowup, gop bermek, göwnünden turan kişi bolup, öz 
tarapyňa çekmek, öwüp yrmak. Ýelli ilki başlygyň 
uguny ýekeledi (A. Gowşudow). 
UKBAG [u:kba:ğ], at. Ugy tärime berkitmek 
üçin uguň aşak ujundaky inçe ýüp, bag, ukbagjyk. 
Öýüň ukbaglaryny daňyşdyrmak. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   641   642   643   644   645   646   647   648   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling