Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet643/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   639   640   641   642   643   644   645   646   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UGURLAŞMAKLYK [uğurloşmokluk], iş ady. 
Ugurlaşmak ýagdaýy. 
UGURLAŞYK [uğurloşuk], at. Bir mesele
söwda we ş.m. barada bir pikire gelmeklik, iki 
taraplaýyn ylalaşyk, oňşuk. 
UGURLAŞYŞ [uğurloşuş], iş ady. Ugurlaşmak 
ýagdaýy. 
UGURLY [uğurly], syp. 1. Kemally, derekli, 
mazaly, suwytly. 

Hany, bu gürrüňleri taşlap, öz 
ýagdaýyňyzdan bir ugurly habar bersene!

 diýdi (R. 
Alyýew). Başga ugurly zadam edip bilmedim (R. 
Gelenow). 2. Oglana dakylýan at. 
UGURLY-UGRUNA [uğurl(u)-uğruno], hal. Her 
kim ugruna, öz gerek tarapyna, islän ýerine. Adamlar 
ugurly-ugruna dargaşdylar. 
UGURSYZ 
[uğursuz], 
syp. 
1. Biderek, 
ähmiýetsiz, manysyz, dereksiz, netijesiz, ýalan. Kä 
günler aýalynyň ugursyz gepine gidip, goňşularyna-
da unutgysyz sözüni aýdardy (A. Durdyýew). 2
göç.m. Sözünde tapylmaýan, gepinde derek 
bolmaýan, bolgusyz. Aryf gadryn bilmez ugursyz 
nadanlar, Müşgildir aýrylyp düşse dendanlar 
(Magtymguly). 
UGURSYZLYK [uğursuzluk], at.1. Manysyzlyk, 
bidereklik, ähmiýetsizlik, dereksizlik. 2. Sözünde 
tapylmazlyk, gepinde-sözünde derek bolmazlyk
bolgusyzlyk. Bir söz bereniňden soň, ol işi etmeseň 
ugursyzlyk bolar. 
UGURSYZ-UTGASYZ [uğursuz-utgosuz], syp. 
Biderek, 
ugur-utgasyz, 
manysyz, 
ähmiýetsiz, 
netijesiz; ýalan. Ugursyz-utgasyz samrap, başymy 
çişirdi (A. Gowşudow). 
UGURTAPYJY [uğurtapyjy], at. Her bir işde 
ugur-ýol bilýän, her bir ýagdaýdan çykalga tapýan 
adam.  
UGURTAPYJYLYK [uğurtapyjylyk], at. Her bir 
işde ugur-ýol bilmeklik, her bir ýagdaýdan çykalga 
tapmaklyk.
UGUR-UTGA [uğur-utgo], at. Ugur, derek, 
many. Ondan ugur-utga tapyp bolmaz. (A. 
Gowşudow). Okap görüň, heý bir ýazan zadynyň 
ugry-utgasy barmy? (A. Annaberdiýew). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   639   640   641   642   643   644   645   646   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling