Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


UÇLAMAKLYK [u:şlomokluk], iş ady. Uçlamak  ýagdaýy.  UÇLAŞMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet639/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   635   636   637   638   639   640   641   642   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UÇLAMAKLYK [u:şlomokluk], iş ady. Uçlamak 
ýagdaýy. 
UÇLAŞMAK [u:şloşmok], işl. 1. Uçlamaga 
kömek etmek. 2. Bilelikde uçlamak. 
UÇLATMAK [u:şlotmok], işl. Gaýnap duran 
pileden uç aldyrmak. 
UÇLAÝYŞ [u:şloýuş], iş ady. Uçlamak ýagdaýy. 
UÇLY [u:şly], syp. Ujy bar, uç çykarylan. Uçly 
galam. 
UÇMA [uçma:], at. 1. Dini düşünjä görä, 
hudaýyň halan adamlarynyň ruhunyň o dünýäde 
eşretli döwran sürmeli ýeri, jennet, behişt, uçmah. 
Uruşda uçma bar, dalaşda – tama (Nakyl). 2göç.m. 
Bag-bakjalyk, sapaly ýer, eşretli ýer. 


396 
UÇMA [uçmo], iş ady. Uçmak ýagdaýy. 
UÇMAH [uçmoh], at, ser. Uçma. Bu sähra, bu 
uçmah bejerýär bizi (G. Ezizow).
UÇMAHY [uçmohy], syp. 1. Dini düşünjä görä, 
o dünýäde eşretli gün görjek adam, behişdi, uçma 
barýan, jennete düşýän. 2. göç.m. Päk-arassa, 
halalhon (adam). Watan üçin baş goýan ýigitler 
uçmahydyr.  
UÇMAK [uçmok] I, işl. 1. Asmana göterilmek, 
ganat ýaýyp howada gaýmak (guş we ş.m. hakynda). 
Dik depede uçup ýören zatlaryň hetdi-hasaby ýok 
diýýärler 
(B. 
Hudaýnazarow). 
Jöwenlikleriň 
ýokarsynda entek serçe sürüleri güsürdeşip uçýardy 
(

Edebiýat we sungat

). 2. Uçara münüp, bir ýaňa 
gitmek, ugramak. Şyh guýusyna tarap uçup barýarys 
(K. Berdiýew). Iki sagat 45 minut uçduk (

Edebiýat 
we sungat

). 3. Hiňňildige münüp, iki ýanlaýyn bat 
alyp hereket etmek. Geçen gurbanlykda Merdan gelip 
hiňňildikde uçupdy (Ç. Aşyrow). 4. göç.m. 
Suwsuzlykdan ýaňa guramak, düýp tutup bilmän 
gurap gitmek. Eken ýorunjamyz suwsuzlykdan ýaňa 
uçupdyr.5. göç.m. Gaz halyna öwrülip, hiç zat 
galmazlyk. Agzy açyk gapda saklanan spirt uçýar. 

Uçjak guş ýaly bir zat sebäpli ynjalyksyz 
oturmak, galagop ýagdaýda bolmak. 
UÇMAK [uçmok] II, işl. Bir zadyň ujy, gyrasy 
duýdansyz döwülmek, döwlüp gaçmak. Men bar 
agramymy atan wagtym, üç sany uguň başy jorta 
uçupdyr-da, aşak gaýdypdyr (A. Gowşudow).
UÇMAKLYK [uçmokluk] I, iş ady. Uçmak 
ýagdaýy.  
UÇMAKLYK [uçmokluk] II, iş ady. Uçmak, 
döwülmek ýagdaýy. 
UÇMALYK [uçma:lyk], syp., ser. Uçmahy 1, 2. 
UÇMAZLYK [uçmozluk], iş ady. Uçup 
gitmezlik. 
UÇRAMA [uçuromo], iş ady. Uçramak ýagdaýy. 
UÇRAMAK [uçuromok], işl. 1. Gabat gelmek, 
duş gelmek, duşmak, sataşmak. Uçradym Araz 
çaýynda, Men Bezirgene uçradym (

Görogly

). 2
Sezewar bolmak, duçar bolmak, ýolukmak, sataşmak. 
UÇRAMAKLYK 
[uçuromokluk], 
iş 
ady. 
Uçramak ýagdaýy. 
UÇRAMAZLYK 
[uçuromozluk], 
iş 
ady.  
Sezewar bolmazlyk. 
UÇRATMAK [uçurotmok], işl. 1. Duşurmak, 
sataşdyrmak. 2. Duçar etmek, sezewar etmek, 
sataşdyrmak, ýolukdyrmak.
UÇRAÝYŞ [uçuroýuş], iş ady, Uçramak 
ýagdaýy. 
UÇSUZ [u:şsuz], syp. 1. Uç çykarylmadyk, uç 
edilmedik. Uçsuz galam. 2. Ujy ýok, ujy kütek, ujy 
ýiti bolmadyk. Uçsuz uk. 
UÇSUZ-GYRAKSYZ [u:şsuz-ğyraksyz], syp. 
Aňyrsy-bärsi görünmän ýatan, gaty giň, uç-gyraksyz. 
Onuň obasy günorta garap uzalyp gidýän uçsuz-
gyraksyz Garagumuň alkymynda ýerleşýärdi (B. 
Seýtäkow). Oglan üçin uçsuz-gyraksyz bu şäher 
ummasyz täsinlikleri goýnunda gizläp, güwläp duran 
bir dünýä ýalydy (

Edebiýat we sungat

). 
UÇUK I, at. Gyzgyny ýokary galan ýa-da bir 
zatdan gorkan adamyň dodagyna çykýan suwluja 
gabarçyk. 
Endamy ot ýaly gyzýany üçin, 
dodajyklaryna uçuk gaýnapdy (B. Kerbabaýew).
UÇUK I, syp. Uçup döwlen.Olaryň iki sany 
ullakan gazany bardy. Olaryň biriniň gulagy 
döwükdi, biriniň erňegi uçukdy (A. Gowşudow). 
UÇUKLAMA [uçuklomo], iş ady. Uçuklamak 
ýagdaýy. 
UÇUKLAMAK [uçuklomok], işl. Uçuk çykmak, 
uçuk emele gelmek. Birnäçeleriň agzy-burny 
uçuklapdyr. 
UÇUKLAMAKLYK [uçuklomokluk], iş ady. 
Uçuklamak ýagdaýy. 
UÇUKLATMAK [uçuklotmok], işl. Belli bir 
sebäbe görä agzyna uçuk çykar ýaly etmek. 
Gorkuzyp agzyny uçuklatmak. 
UÇUKLAÝYŞ [uçukloýuş], iş ady. Uçuklamak 
ýagdaýy. 
UÇUR, at. Wagt, çen, mahal. Ilki gelen 
uçurlarym bu ýere kän bir öwrenişmejek boldum. 2. 
Töwerek, golaý ýerler, ugur, tarap. Şu uçurlarda oba 
barmyka? 
UÇURMAK [uçurmok] I, işl. 1. Howada 
gaýdyrmak, uçmaga sezewar etmek. Bilbili aýyrma 
näzenin gülden, Şuňkarym uçurma serimden, goldan 
(Magrupy). Çagalar batbörek uçurýar. 2. Hiňňildik 
ýaly zatlara mündürip, öňe-yza bat aldyrmak. Biz 
saňa dürli oýun görkezeris, hiňňildik uçurarys (B. 
Kerbabaýew). 3. göç.m. Suwsuzlykdan guratmak. 
Ozallar ýerasty ajy suw ýokary galyp, ekinleri 
uçurýan eken (

Edebiýat we sungat

). 4. göç.m. 
Ýitirim etmek, ýok etmek. 
UÇURMAK [uçurmok] IIişl. Bir zadyň ujuny, 
gyrasyny duýdansyz döwmek, döwüp gaçyrmak.
Ozal hatardan çykan topuň ýene-de çep ganatyny 
duşmanyň top oky uçurdy (P. Rejebow). 
UÇURMAKLYK [uçurmokluk], iş ady.
Uçurmak ýagdaýy. 
UÇURMAZLYK [uçurmozluk], iş ady. Uçmak 
işini amal etmezlik; uçup gider ýaly etmezlik. Bilbili 
aýyrma näzenin gülden, Şuňkarym uçurma serimden, 
goldan (Magrupy). 
UÇURSYZ [uçursuz], syp. Çensiz, çakdanaşa, 
has kän, juda, örän.
UÇURTMAK [uçurtmok], işl. Uçurmak işini 
başga birine etdirmek. 
UÇURYLMAK [uçurulmok] I, işl. Asmana 
uçuryp goýberilmek. Hemra Aýa tarap uçuryldy. 
Ertesi ikinji howa gämisi äleme uçuryldy (

Edebiýat 
we sungat

). 
UÇURYLMAK [uçurulmok] II, işl. Bir zadyň 
bir gyrasy, çeti we ş.m. döwülmek. 
UÇURYM [uçurum], at. 1. Ýelegi ýeten, ganat 
baglan, uçmaga ýetişen (çaga guş hakynda). Her ýyl 
garga çaga çykaryp, uçurym etjek bolan wagtlarynda 
ýaňky ýylan garganyň çagasyny gelip iýer eken 
(

Türkmen halk ertekileri

). 2. Orta mekdebi, ýokary, 
ýörite orta okuw mekdebini, hünärmentçilik 
mekdebini tamamlan (ýaşlar hakynda). Olar şu ýylky 


397 
uçurymlaryň 
ylym-bilim 
derejesiniň 
has 
ýokarydygyny bellediler (

Türkmenistan

). Siz haýsy 
mekdebiň uçurymy? 
UÇUŞ I, II, iş ady. Uçmak ýagdaýy, 

Uçuş-gonuş zolagy uçarlaryň uçmagy we 
gonmagy üçin ýörite gurlan ýol.
UÇUŞMAK [uçuşmok], işl. 1. Birnäçe bolup 
howada uçup ýörmek. Serçeler bökjekleşip 
jürküldeşýärdiler, ondan-oňa uçuşýardylar (B. 
Kerbabaýew). 2. Gaýmalaşmak, gaýyşyp ýörmek. 
Harmanda pagta übtükleri uçuşýardy. 3. Hiňňildikde 
köp bolup yzly-yzyna uçmak, gezekli-gezegine 
uçmak. 4. Uçmakda ýaryşmak, 
UÇUT,at. Beýik hem kert, belent we çuň kert 
gaýa. Saz eşitmegiň deregine ýaý atanyny ýa-da uçut 
gaýalardan daş togalanyny ýagşy görerdi (A. 
Gowşudow).
UF, üml. Ýadawlyk, gynanç, zeýrenç ýa-da 
içiýangynlylyk sebäpli uludan dem alnanda çykýan 
ses, owuf. Ol 

uf

 edip, uludan demini aldy. 
UFLAMA [uflomo], iş ady. Uflamak ýagdaýy. 
UFLAMAK [uflomok], işl. Uludan demiňi alyp, 

uf

edip ses çykarmak, 

owuf

diýmek. 
UFTADA [ufta:da], hal, k.d. 1. Ejiz, biçäre, 
garyp. Biz kibi uftadalarnyň derdine derman jykyr 
(Andalyp). 2. Kiçi göwünli, göwnüni kiçi tutýan, päli 
pes. Mübtela bolgan belalarga rahatsyz men bu gün, 
Derdi-gam uftadasy bolgan dowasyz men bu gün 
(Andalyp). 
UGRADYJY [uğrodujy], at. 1. Ýüki we ş.m. 
zady bir ýerden ikinji ýere ugradýan edara ýa-da 
şonuň bilen meşgul bolýan adam. Taýýar önümler 
gutulara salnyp, ugradyjy bölüme geçirilýär. 2
Biriniň ýa-da bir zadyň ýany bilen gidýän adam. Şol 
ugradyjylaryň arasynda Sähet aga hem bardy (A. 
Gowşudow). 
UGRADYLMAK[uğrodulmok], 
işl. 
Ýola 
salynmak, bir ýana iberilmek. Wekiller mähirli 
ýagdaýda ugradyldy. Çopan-çoluklara kömek eder 
ýaly adamlar çöle ugradyldy. 
UGRADYŞDYRMAK [uğroduşdurmok], işl. 
Ählisini, hemmesini ugratmak, ugradyp çykmak. 
Ahallylar sürini ugradyşyp, Saparlyny we Sähedi 
hormat bilen ýola saldylar (B. Seýtäkow). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   635   636   637   638   639   640   641   642   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling