Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet638/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   634   635   636   637   638   639   640   641   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UÇGANAKLAMAKLYK [uçğonoklomokluk], 
iş ady. Uçganaklamak ýagdaýy.
UÇGANAKLAMAZLYK [uçğonoklomozluk], 
iş ady. Uçganaklap durmazlyk. 
UÇGANAKLAŞMAK [uçğnokloşmok], işl. 
Uçganaklap gaýmalaşmak. Daşarda gar bölejikleri 
uçganaklaşýardy. 
UÇGANAKLAÝYŞ [uçğonokloýuş], iş ady. 
Uçganaklamak ýagdaýy. 
UÇGUN [uçğun], at. Ýanýan otdan ýalpyldap, 
syçrap gidýän owunjak ot bölejikleri. Körükden 
çykýan ýeliň zarbyna reňki öçügsi mele uçgunlar 
şöhlelenip, uçuşyp başlady (B. Seýtäkow).

Uçgun bolup ýapyşmak janyňa degmek, 
ganyňy gyzdyrmak. Murtuň soňky soragy Möjege 
uçgun bolup ýapyşdy (N. Pomma). 
UÇGUR [uçğur] I, at. Balagyň çermeginiň 
içinden geçirilip daňylýan ýörite örülen bag; ýüp. 

Uçguryňy oňarmazlyk öz başyňy özüň çarap 
bilmezlik, gowşaklyk, lellimlik. Uçguryny oňaranok 
weli, 

Gurban, Gurban!

diýip janymy alýar (A. 
Durdyýew).
UÇGUR [uçğur] IIsyp. Oňat uçýan, gaty uçýan, 
çalt uçýan. Şol pursatda asmanda kiçi hilli uçgur 
uçaryň sesi peýda boldy (B. Gurbanow). 
UÇ-GYRAKSYZ [u:ç-ğyraksyz], syp., ser. 
Uçsuz-gyraksyz. Uç-gyraksyz bolýar ýaşlyk hyýaly 
(A. Kekilow). Uç-gyraksyz sährada-da onuň şaňlap 
duran tamam bar, aýdym-saz edip duran radiosam 
(A. Nazarow).
UÇKY [u:çky], hal. Ýerleşişi, duran ýeri boýunça 
bir uçdaky, gyradaky, çetdäki, gyraky, çetki. 
UÇLAK [u:şlok], syp. Ujy ýiti, ýiti uzyn uçly. 
Uçlak pyçak. 
UÇLAMA [u:şlomo], iş ady. Uçlamak ýagdaýy. 
UÇLAMAK [u:şlomok], işl. 1. Gaýnap duran 
pileden uç almak, ýüpegiň ujuny almak, ujuny 
tapmak. 20 put uçlamagyň deregine 40 put pile 
uçlapdyr. 2. Bir zadyň ujuny ellemek, ujundan 
tutmak. Aksakgal sakgalyny uçlady. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   634   635   636   637   638   639   640   641   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling