Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet648/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   644   645   646   647   648   649   650   651   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ULULYK [ululuk], at. 1. Göwrümi, gabarasy, 
möçberi uly bolmaklyk. 2. Ähmiýeti, zerurlygy 
boýunça wajyplyk. Meseläniň ululygy sebäpli ýygnak 
uzaga çekdi. 3. Ýaş taýdan tapawudy bolan 
aýratynlyk. Onuň menden ululygy bolsa iki ýaşdyr.
4. Gulluk, wezipe, abraý we ş.m. taýdan 
tapawutlylyk. Ol özüniň wezipesiniň ululygyna 
garamazdan, özüni kiçi göwünli alyp barýar. 
ULULY-KIÇILI [ululu-kiçili], syp. Içinde ulusy-
da, kiçisi-de bolan, uly-kiçi hemmesi garyşyk. Ululy-
kiçili garpyzlar
ULUMSY,syp. Özüni uly tutýan, hondanbärsi 
hasaplaýan, gopbamsy.
ULUMSYLANMA [ulumsulonmo], iş ady. 
Ulumsylanmak ýagdaýy. 
ULUMSYLANMAK 
[ulumsulonmok], 
işl. 
Ulumsy häsiýete geçmek, ulumsy bolmak. Garry 
meni şeýle hala salanyna begenen bolsa gerek, 
ulumsylanyp ýylgyrdy (N. Saryhanow). 
ULUMSYLANYŞ 
[ulumsulonuş], 
iş ady. 
Ulumsylanmak ýagdaýy. 
ULUMSYLYK [ulumsuluk], at. Ulumsy adama 
has bolan gylyk-häsiýet, hondanbärsilik, gopbamlyk, 
gedemlik. Ulumsylyk erbet gylyk diýýärler. Beterräk 
diýseňem rastdyr, rast. Ýöne ulumsylyk etmejek 
bolup, Ýyrşaryp ýörmegem gowy däldir, dost (K. 
Gurbannepesow).
ULUMSYRAMA 
[ulumsuromo], 
iş 
ady. 
Ulumsyramak ýagdaýy. 
ULUMSYRAMAK [ulumsuromok], işl. Ulumsy 
bolan 
bolmak, 
hondanbärsi 
bolan 
bolmak. 
gopbamsyramak, gedemsiremek. Oglan ulumsyrar, 
nadan bilimsirär (Nakyl). Han ulumsyrap, arkan 
gaýşyp pallady (N. Saryhanow).
ULUMSYRAMAKLYK [ulumsuromokluk], iş 
ady. Ulumsyramak ýagdaýy. 
ULUMSYRAÝYŞ [ulumsuroýuş], iş ady. 
Ulumsyramak ýagdaýy. 


402 
ULUŇ,at. Gawun, garpyz, kädi ýaly ösümlikleriň 
töweregine ýaýraýan gollary. 
ULURAK [ulura:k], syp. Azda-kände uly, 
birneme uly. Sapar dutar çalardy, özem bizden 
birneme ulurakdy (

Türkmenistan

). 
ULUSat. 1. Uly il, halk, köpçülik, ilat. Sen deýin 
görmedim ulusda-ilde (Kemine). Maňa tabşyr, balam, 
söwer ýaryňny, Ulus görmez ýerde pynhan eýläýin 
(Mollanepes). 2. Ýurt, ülke. Kaýsy ilden, kaýsy 
ulusdan bolar sen? (

Görogly

). 
ULUS-IL [ulus-i:l], at, ser. Ulus 1 we 2.
ULUSYRAMAK [ulusuromok], işl. Özüňi uly 
tutmak, uly hökmünde görkezjek bolmak. 
ULY, syp. 1. Ölçegi, gabarasy, göwrümi taýdan 
kiçiden has ullakan. Uly kitap. Uly jaý. Uly harp (baş 
harp).Uly gazan. Uly howly. Uly dalbar. 2. Ýaşy 
ýokary, ýaş taýdan uly. Edebiň ýagşysy – ulyny syla 
(Nakyl). Jygalybegiň üç sany ogly bardy, iň uly 
oglunyň adyna Genjim beg diýerdiler (

Görogly

)3
Aýratyn ähmiýeti bolan, has ähmiýetli. Uly mesele4
Çäksiz, köp, möçbersiz. 5. göç.m. Ýaşuly, baştutan, 
ýolbaşçy işgär, jogapkär işgär. Özüm ulyňyzyň ýanyna 
baryp gepleşerin (K. Berdiýew). 6. göç.m. Batly, 
güýçli, joşgunly. Begenjiň ýoldaşlary uly şowhun 
turzup, ony 

hangöter

 edip, daşaryk çykardylar (G. 
Kulyýew).

Ula gitmek (goýbermek) at çapyşygynda aty iň 
uly baýraga goýbermek, goşmak.Ula turmak göreşiň 
uly baýragyny almak üçin göreşmäge çykmak.Ula 
ýatmakahyrky ukusyna ýatmak (ýüpek gurçugy 
hakda).Uludan dem almak bir zada gynanmak
ökünmek, ahmyr çekmek.Ol uludan demini alyp, 
jaýyň içini gözden geçirdi (B. Seýtäkow). Uly 
geplemek (gürlemek) başarmajak işiňi ýerine 
ýetirerin diýip öwünmek, güplemek. Uly göwräňi 
kiçeltmeköz mertebäňden pes derejedäki görnüşe 
girmek, kiçelmesiz ýagdaýda kiçelmek.Ol uly 
göwresini kiçeldip, etagat ediji bir ýagdaýda yzyna 
öwrülip durdy (B. Kerbabaýew). Uly ili bilen 
(aglamak, 
gygyrmak 
we 
ş.m.) 
bogazyna 
sygdygyndan gaty ses bilen (aglamak, gygyrmak). 
Bolşuň nähili, köpçüligiň içinde beýdip uly iliň bilen 
biriniň üstüne gygyryp durmak bolarmy? Uly okuw 
gepl.d.Ýokary bilim berýän institut, uniwersitet.Uly 
söze toba (toba-tagsyr) aýdylýan sözüň uly 
geplemek däldigini nygtamak üçin ulanylýan 
aňlatma. 
ULY-KIÇI [ulu-kiçi], at, syp. 1. Uly we kiçi 
ýaşly adamlar, ahli adamlar, hemmeler. Ýene-de 
diýdiler: 

Ulamy-kiçä, Öljegňi bilseň-de ýalbarma 
kişä!

(K. Gurbannepesow). 2. Ululy-irili, uzynly-
gysgaly, ownukly-irili (zatlar). Uly-kiçi demir 
bölekleriniň hemmesini bir ýere üýşüriň. 
ULY-ULY [ul(u)-uly], syp. 1. Hemmesi uly, köp 
zatlaryň her haýsy uly. Uly-uly gaýalar. 2Örän köp, 
ummasyz. Ümzükleri öňe bolan kärhananyň 
işgärlerine işlerinde uly-uly üstünlikler arzuw 
edäýmek galýar (

Türkmenistan

). 
UMGA [umğo], at.Dag goçy. Gara bagrymny 
gan etdi, Umgaly, jerenli daglar (

Görogly

)


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   644   645   646   647   648   649   650   651   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling