Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet655/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   651   652   653   654   655   656   657   658   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

USSAT [ussa:t], at. 1. Hemme işi ökdelik bilen 
ýerine ýetirýän; ökde hünärmen. 2. syp. Başarnykly, 
ukyply, işine ökde. Gurçuk tutmagy ussat aýallara 
tabşyrmaly (A. Gowşudow).
USSATLARÇA [ussa:tlarça], hal. Ökdelik bilen, 
ukyplylyk bilen.
USSATLYK [ussa:tlyk], at. Her bir işe hötde 
gelip bilmeklik, işe ökdelik, iş başarjaňlyk.


407 
USUL [usu:l], at. Bir işi etmekligiň täri, ugry, 
ýoly. Gaýtalap ekmeklik topragy gurplandyrmagyň 
ygtybarly usullarynyň biridir. 
USUL: usul bilen ser. Usullyk bilen
USULLY, syp. Bir iş edende başarnykly, 
başarjaňlygy bolan, ukyply, seresap gymyldaýan, 
seresap hereket edýän. Usully maşgala. 
USULLYK [usulluk]: usullyk bilen ýuwaşja, 
emaý bilen, seresaplyk bilen. Garry gapa tarap 
usullyk bilen ýöredi (N. Saryhanow).
USULLYLYK [usulluluk], at. Usuly barlyk, 
usully bolmaklyk.
USULSYZ [usulsuz], syp. Usuly ýok, usuly 
bolmadyk. Usulsyz adam. 
USULSYZLYK [usulsuzluk], at.Usuly ýokluk, 
usully 
bolmazlyk, 
usully 
dällik, 
usulsyz 
bolmaklyk.Sähel usulsyzlyk zerarly käsäni elinden 
gaçyryp döwdi. 
USULYÝET [usu:luýet], at. Bir zady ylmy 
taýdan derňemegiň ýa-da tejribe arkaly amala 
aşyrmagyň täri, usuly. 
USULYÝETÇI [usu:luýetçi], at. Usulyýeti 
özleşdiriji, bir ders boýunça tejribeli, ussat tejribeçi. 
Usulyýetçi mugallym. 
USURGABERMEK 
[usurğa:vermek], 
işl. 
Usurgap başlamak. 
USURGAMA [usurğomo], iş ady. Usurgamak 
ýagdaýy. 
USURGAMAK [usurğomok], işl. Dürli sebäbe 
görä, tapdan düşüp, ýarym ukuly ýatmak, surnugyp 
irkilmek, ýatmak. Soňabakalar-a boglup üsgürmesem 
galdy, usurgap bir zatlar samramany çykardy (R. 
Gelenow). 
USURGAŞMAK [usurğoşmok], işl. Birnäçe 
bolup usurgamak. 
USURGATMAK [usurğotmok], işl. Usurgar ýaly 
etmek, usurgamak katdyna ýetirmek. Öýüň hysyrdyly 
işi ony usurgatdy. 
USURGAÝYŞ [usurğoýuş], iş ady. Usurgamak 
ýagdaýy. 
UŞAK [uşok] I, syp., ser. Ownuk. Goýun bolsa 
uşak malyň, Peýdasyna ýüň getirer (Mätäji). 
UŞAK [uşok] IIat. Çaga, bala, perzent Kürresi 
elinden gitse eşegiň, Telmirip tört ýana gözlär uşagyn 
(Magtymguly). 
UŞAK-DÜŞEK [uşok-düşök], syp. 1. ser. 
Ownuk-uşak. Uşak-düşek kerpiç bölekleri. 2. 
Ähmiýetsiz, netijesiz, girdejisi uly bolmadyk (iş, kär 
hakynda). Gapyl adam, gam astynda ýatyp sen, Ötdi 
ömrüň uşak-düşek kär bile (Magtymguly). 
UŞAKGÖZ [uşokgöz]: uşakgözelek ownuk 
gözli elek, syk elek. 
UŞATMAK [uşotmok], işl. 1. Döwmek, kül-uşak 
etmek, kül etmek, owratmak.Magtymguly, halkdan 
syryn gizlese, Dişini uşadyň ýalan sözlese! 
(Magtymguly). 2gepl.d. Iri puly bölmek, owratmak, 
ownutmak. Onlugy uşatmak. 
UŞBU, k.d. 

Bu, şu

manysyndaky görkezme 
çalyşmasy. Gul Hoja Ahmet Ýasawynyň uşbu sözi, 
Ajap ermes bakyp birden görer gözi (Hoja Ahmet 
Ýasawy). 
UŞLYP [u:şluýp], at. Ýaz ýüňüniň uzyn 
süýümlilerinden egrilip taýýarlanan inçe ýüp, sapak. 
Kimiň näçe getireni uşlyba düzülen monjuk ýaly 
hemmesiniň hasaby bardyr (B. Kerbabaýew). 

Uşlyp ýaly bolmak horlanmak, iglemek. Uşlyp 
ýaly azajyk, sähelçe. Öýünde bolsa uşlyp ýaly zadyny 
goýman, çuwala saldyryp, gaça-gaçlyk bolsa yza 
galjak gümany ýok (A. Durdyýew). Maňa uçlyp ýaly 
zadyňy-da rowa gören dälsiň. 
UTANÇ [utonç], at. 1. Adamyň tebigatynda bolan 
çekinjeňlik, ýygralyk duýgusy, haýa, uýat, utanç-
haýa. Gyzyň ýüzi şatlykdanmy, utançdanmy, boz-ýaz 
bolupdy (G. Kulyýew). 2. Adamkärçilige sygmaýan, 
masgaraçylykly ýagdaý, aýyp. Söz berip, sözüňde 
tapylmazlyk utanç dälmidir?! 
UTANÇ-HAÝA [utonç-haýa:], at. 1. ser.
Utanç 1. 2. ser. Utanç 2. Sende utanç-haýa 
bolmazmy? 
UTANÇLY [utonuşly], syp.1. Utanç iş eden, aýyp 
iş eden, aýyply. 2. Adamkärçilige sygmaýan, 
masgaraçylykly, aýyply, gelşiksiz. Onsoňam munuň 
özi bizi örän utançly ýagdaýda goýdy (Ý. 
Mämmediýew). 
UTANÇSYZ [utonuşsuz], syp. Utanjy bolmadyk, 
haýasyz, uýatsyz, ejapsyz. Utançsyz, haýasyz ol ýüzi 
gara, Hut özi kowanmyş gelen bendäni (A. Kekilow). 
UTANÇSYZLYK [utonuşsuzluk], at. Utanjy 
ýokluk, utançsyz bolmaklyk. Heý-de şeýdip durmak 
bolarmy, nähili utançsyzlyk! (N. Saryhanow).
UTANDYRMAK [utonnurmok], işl. Birini belli 
bir sebäbe görä uýaldyrmak, utanar ýaly etmek. Ol 
gelen 
myhmany 
utandyrmak 
islemedi 
(Ö. 
Abdyllaýew). 
UTANJAŇ [utonjoň], syp. Ýygra, çekinjeň, 
uýaljaň. Ol daşyndan utanjaň ýaly bolup görünse-de, 
märekeman, gepi-sözi ýerinde bolan adamdy (B. 
Seýtäkow).
UTANJAŇLYK [utonjoňluk], at, Ýygralyk, 
çekinjeňlik, uýaljaňlyk. Ol özüniň üstünden 
gülünýändir öýdüp, utanjaňlyk bilen ýere bakdy (G. 
Kulyýew). 
UTANJYRAMA 
[utonjuromo], 
iş 
ady. 
Utanjyramak ýagdaýy. 
UTANJYRAMAK [utonjuromok], işl. Çalaja 
utanmak, çalarak uýalmak, ýygryljyramak. Ikisi-de 
utanjyrap, Birden seretdiler ýere (R. Seýidow). 
UTANJYRAMAKLYK [utonjuromokluk], iş 
ady. Utanjyramak ýagdaýy. 
UTANJYRAŞMAK [utonjuroşmok], işl. Köplük 
bolup 
utanjyramak, 
uýaljyraşmak. 
Gyzlar 
utanjyraşyp, bir çetde durdular. 
UTANJYRAÝYŞ[utonjuroýuş]
iş 
ady. 
Utanjyramak ýagdaýy. 
UTANMAKLYK [utonmokluk], iş ady. Utanmak 
ýagdaýy. 
UTANMAZ [utonmoz], syp. Utançsyz, utanjy 
bolmadyk, utanç perdesini ýüzünden syran. 


408 
UTANMAZAK [utonmozok], syp. Utanmaýan, 
utanç-haýany bilmeýän, uýalmazak. Utanmazak 
oglan.
UTANMAZLYK [utonmozluk], iş ady. Utanyp 
durmazlyk. 
UTANYBERMEK [utonuvermek], işl. Utanyp 
başlamak, uýalybermek. Bu ýerde utanyberer ýaly zat 
ýok. 
UTANYŞ [utonuş], iş ady. Utanmak ýagdaýy. 
UTANYŞMAK [utonuşmok], işl. Birnäçe adam 
bilelikde 
utanmak. 
Olar 
özleriniň 
ýalan 
sözleýändiklerine utanyşyp, biraz dymyp durdular. 
UTAŇKYRLAMAK 
[utoňkurlomok], 
işl. 
Utmaga golaýlamak, utmaga az galmak. Men ony 
küştde utaňkyrlap barýardym. 
UTDURMAK [utdurmok], işl. 1. Oýunda utulyşa 
sezewar bolmak. Myhmanlaryň oýunçylary 2:1 
hasabynda utdurdylar. 2. Göç.m. Şowsuzlyga 
sezewar bolmak, ýeňilmek. Sen bu meselede 
utdurarsyň! 
UTDURYŞ [utduruş],iş ady. Utdurmak ýagdaýy. 
UTGAMAK [utgomok], işl. 1. Bir zady ikinji bir 
zat bilen sepleşdirmek, birleşdirmek, goşmak. 2. Bir 
işi, meseläni ikinji bir zat bilen baglanyşdyrmak. 
UTGAŞDYRMAK 
[utgoşdurmok], 
işl. 
Birikdirmek, birleşdirmek, sepleşdirmek, gabat 
getirmek. Batyrlygy başarjaňlyk bilen utgaşdyrmak 
hem her kime ýetdirenok (Ş. Borjakow). Ylym bilen 
önümçilik utgaşmalydyr. 
UTGAŞDYRYJY [utgoşdurujy], at. 1. Bir zady 
ikinji zat bilen sepleşdirýän, birleşdirýän. Adamlaryň 
kömek üçin ýüz tutmalary utgaşdyryjy toparlara 
ynamyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär 
(

Türkmenistan

). 2. Bir işi, meseläni ikinji bir zat 
bilen baglaýan.
UTGAŞDYRYLMAK [utgoşdurulmok], işl. 
Birikdirilmek, birleşdirilmek, sepleşdirilmek, dogry 
getirilmek. Ýerleri tekizlemek we suwarmak 
utgaşdyrylyp alnyp barylýar. 
UTGAŞMA [utgoşmo], iş ady. Utgaşmak 
ýagdaýy.  
UTGAŞMAK 
[utgoşmok], 
işl. 
Birikmek, 
birleşmek, gabat gelmek. Heýkelleriň topary we 
baglar bilen utgaşyp gidýän suw çuwdürimleri durky 
täzelenen bu ýoly şäheriň ajaýyp künjegine öwürýär 
(

Türkmenistan

).
UTGAŞMAKLYK [utgoşmokluk], iş ady. 
Utgaşmak ýagdaýy. 
UTGAŞMAZLYK [utgoşmozluk], iş ady. 
Utgaşmak işi ýerine ýetirilmezlik, 
UTGAŞYK [utgoşuk], syp, Biri-birine utgaşan, 
birigen, yzly-yzyna goşulan, birigip, goşulyp giden; 
ýanaşyk, degşir, degiş-degiş. Biri-birine utgaşyk 
gurulýan belent binalar şäheriň görküne görk goşýar. 
UTGAŞYKLY [utgoşukly], syp. Utgaşygy bolan, 
sazlaşykly. Gowaçalary kadaly iýmitlendirmek, 
suwarmak, bejermek işleri utgaşykly alnyp barylýar. 
UTGAŞYKLYLYK [utgoşukluluk], at. 
Utgaşykly ýagdaýda bolmaklyk. 
UTMA [utmo], iş ady. Utmak ýagdaýy. 
UTMAK [utmok], işl. 1. Oýunda, ýaryşda, 
göreşde, bäsleşikde we ş.m. garşydaşyňy ýeňmek, 
garşydaşyňdan ökde gelmek, üstün çykmak. 

Nähili 
ýol bilenem bolsa ut, emma utulma

diýip, käýinip 
öwüt berdi (A. Gowşudow). 2. Utuşly kagyzlara we 
ş.m. utuş düşmek. Goýumçy utaryn diýen umyt bilen 
goýum goýýar. 3. göç. m, Üstünlik gazanmak, 
ýeňmek.
UTMAKLYK [utmokluk], iş ady. Utmak 
ýagdaýy. 
UTMAZLYK [utmozluk], iş ady. Utup 
bilmezlik, utmak miýesser etmezlik. 
UTUK, at. 1. Oýunda, ýaryşda her tapgyrdaky 
gazanylýan ýeňiş, utuş. Onuň utuk sany hem beýleki 
oglanlaryňkydan kändi (K. Jumaýew). 2. Dürli 
ýaryşlarda gazanylýan üstünlige san birliginde 
berilýän baha. Biziň oýunçylarymyz ýene bir utuk 
gazandylar. Ol on döwden on utuk gazanyp, 
birinjiligi eýeledi. 
UTULMAK [utulmok], işl. Oýunda, ýaryşda we 
ş.m. ýeňilmek. Oýunçy utulanyny bilse ýagşy 
(Nakyl). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   651   652   653   654   655   656   657   658   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling