Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


UTULMAZLYK [utulmozluk], iş ady. Oýunda,  ýaryşda ýeňilmezlik.  UTULYŞYLMAZLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet656/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   652   653   654   655   656   657   658   659   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

UTULMAZLYK [utulmozluk], iş ady. Oýunda, 
ýaryşda ýeňilmezlik. 
UTULYŞYLMAZLYK [utuluşulmozluk], iş ady. 
Oýun ahyryna çenli taraplaryň hiç biriniň utmagyna 
getirmän tamamlanmak. 
UTUN, at. Çarh oturtmak üçin guýynyň agzynyň 
iki gapdalyna dikilýän agaç. 
UTUŞ, 1. iş ady. Utmak ýagdaýy. 2. Oýunda, 
ýaryşda we ş.m. gazanylýan ýeňiş. Bu pagtaçy üçin 
uly utuşdyr (

Edebiýat we sungat

). 3. Utuşly 
kagyzlar we ş.m. oýnalanda düşýän pul, zat. 
Goýumçylar öz goýumlary boýunça uly utuş 
gazandylar. 
UTUŞDYRMAK [utuşdurmok], işl. Oýunda 
garşydaşlaryň hemmesini utup çykmak, ýeke-
ýekeden ýeňmek, Küştde öz garşydaşlaryňy 
utuşdyrmak. 
UTUŞLY,syp. Utmaga hukuk berýän, utmak 
mümkinçiligi bolan. Utuşly goýum. 
UTUŞMAK [utuşmok], işl. Oýunda taraplaryň 
haýsy-da bolsa birine utmaga kömekleşmek. 
UW, üml. Çydap bolmajak agyry sebäpli 
näsagdan, şeýle hem it, şagal, möjek ýaly 
haýwanlaryň dowamly gygyrmagy netijesinde ýüze 
çykýan ses. 
UWJAMAK [uwjomok]: eliňi uwjap oturmak 
iş etmän, gol gowşuryp oturmak. Eliňi uwjap 
oturaňsoň nalaç bolup, özleri edýändirler (R. 
Allanazarow). 
UWJUK, at. 1. Ownuk däneli jöweniň bir 
görnüşi. 2. Bişip ýetişmedik jöweniň başy. 3
Gallanyň galyndysy.  4. Tüwiniň ownugy. 
UWLABERMEK [uwla:vermek], işl. Uwlap 
başlamak. Ol içini tutdy-da uwlaberdi. 
UWLAMA [uwlomo], iş ady. Uwlamak ýagdaýy. 
UWLAMAK [uwlomok], işl.,ser. Uwwuldamak. 
Dili bir garyş süýnen möjek uzyn gulaklaryny 
ýapyryp, naýynjar ses bilen uwlapdyr (B. 


409 
Kerbabaýew). 2göç.m. Zaryn aglamak, naýynjar ses 
bilen aglamak. Ol ýüzüni çuwala berip, uly ili bilen 
uwlady (B. Kerbabaýew). 3. göç.m. Uwwuldyly ses 
etmek, uwwuldyly ses bilen ösmek (ýel we ş.m. 
hakynda). Şemal göýä ähli aýazlary tamyň içine 
gapgarjak bolýan ýaly, özüni bat bilen penjirä urup, 
aýylganç ses bilen uwlaýardy (B. Pürliýew). 4
göç.m. Ökünmek, puşman etmek. Ulynyň diýenini 
etmedik uwlar (Nakyl).

Uwlap gitmek giderilmek, ýerliksiz harç
bolmak. Satyn alan sygrym gurruk çykdy  oňly süýt 
bermeýän eken, şeýdip ýygnanja pulumam uwlap 
gitdi.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   652   653   654   655   656   657   658   659   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling