UZYN [uzuýn], syp. 1. Boýy, uzynlygy
adatdakysyndan artyk, ortadan ýokary. Ýabyň iki
tarapy-da uzyn gök dereklikdi (B. Seýtäkow). Uzyn
adam. 2. ser. Uzak. Uzyn ömrümde çöli köp
söküpdim. 3. ser. Uzakly. Uzyn gün ekin
otadym.Tolgunmadan ýaňa ol birbada şeýle
pursatlarda uzyn gije taýýarlanyp oturan etsem-
petsemlerini-de ýadyndan çykardy (Gurbanguly
Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 s.).
Uzyn sözüň gysgasy (gepiň gysgasy) gysgaça
aýdanyňda, jemläp aýdanyňda, netijede.
UZYNLY [uzuýnly]: uzynly (uzakly) gün günüň
bütin dowamynda, ertirden agşama çenli, gün
dogandan gün ýaşýança bolan wagt aralygy Öz deň-
duş oglanlary çybykdan at edinip oýnasa, ol agaçdan
dutar ýasanyp uzynly güni şony gazap geçirerdi (N.
Saryhanow).
UZYNAK [uzuýnok], hal. Boýy uzyn, uzyna
ýakyn. Galdawlygy keseden görnüp duran agajet
uzynakýigidi çagyryp, biz bilen tanyşdyrdy
(
Türkmenistan
).
UZYNGUÝRUK [uzuýnğuýruk], syp., gepl.d.
Guýrugy inçelip, uzalyp gidýän salpy guýruk
garaköli goýun. Uzynguýruk goýunlar.
UZYNLYGYNA [uzuýnluğno], hal. Uzyn
boýuna, tutuş boýuna. Matany uzynlygyna kesmek.
UZYNLY-GYSGALY [uzuýnlu-ğy:sğaly], syp.
Uzyn hem gysga gatyşykly, içinde uzyny we gysgasy
bolan. Uzynly-gysgaly ýüpler.
UZYNLYK [uzuýnluk], at.1. Bir ugurda ýatan
çyzygyň, jisimiň we ş, m, iki gyra nokadynyň
arasyndaky aralyk. 2. Dil biliminde sesleriň uzyn
aýdylyşyny aňladýan adalga we uzyn aýdylýan ses.
UZYN-UZYN [uzuýn-uzuýn], syp.1. Biri-
birinden uzyn, hemmesi uzyn. Uzyn-uzyn derekler. 2.
Köp wagt alýan, gaty uzaga çekýän, yzy gelmeýän,
gutarmaýan.
Uzyn-uzyn
sözleşeli,
söwdügim
(Aýdym). 3. Sozup-sozup, uzak, dowamly. Çagajyk
uzyn-uzyn pallap, ahyry uklap galdy. 4. Uly-uly,
gerimli, giň. Ol ileri ýüzlerindäki çöpleriň içi bilen
uzyn-uzyn ädimläp gitdi (N. Saryhanow).
Do'stlaringiz bilan baham: |