Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet662/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   658   659   660   661   662   663   664   665   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÜÇÜRDIKLEÝIŞ [üçürdüklöýüş], iş ady. 
Üçürdiklemek ýagdaýy. 
ÜÇÜRDIKLÄBERMEK 
[üçürdüklä:vermek], 
işl. Üçürdikläp başlamak. 
ÜÇÜRIN [üçürüýn], köm. s., gepl.d., ser. Üçin. 
ÜÇÝAŞAR,syp. Uç ýaşan, üç ýaşynyň içindäki 
(düýe, at, sygyr ýaly mallar hakynda). Baýraklaryň 
beýlekisi iň oňat üçýaşar atlar üçin goýuldy. 
ÜÇÝYLDYZ, at. Ülkeriň yzyndan dogýan üç 
sany setir ýyldyz. Şol wagt Üçýyldyzy yzyna tirkäp, 
Ülker dik depä galypdy (B. Kerbabaýew).
ÜDEK [üdök], at. Örümsiz, içine örüm edilmedik 
guýy. 
ÜFLEME [üflömö], iş ady. Üflemek ýagdaýy. 
ÜFLEMEK [üflömök], işl. Dodagyňy öňe 
süýreldip, agzyňdan bat bilen howa akymyny 
çykarmak. Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer (Nakyl). 
ÜFLEMEKLIK [üflömöklük], iş ady. Üflemek 
ýagdaýy. 
ÜFLEMEZLIK [üflömözlük], iş ady. Üflemek 
hereketini etmezlik. 
ÜFLENILMEK 
[üflönülmök], 
işl., 
ser. 
Üflenmek. 
ÜFLENMEK [üflönmök], işl. Biri tarapyndan 
üflenilmek, 

üf

edilip, batly howa çykarylmak. Şar 
üflenip çişirildi. Üflenip çalynýan saz gurallary. 


413 
ÜFLEŞDIRMEK [üflöşdürmök], işl. Bir zady 
birnäçe gezek üflemek, yzygiderli üflemek. Elini 
ýakyp barýan etleri üfleşdirip, ýetişibildiginden 
dogramaga başlady (B. Seýtäkow).
ÜFLEŞMEK [üflöşmök], işl. 1. Üflemäge kömek 
etmek. 2. Bilelikde üflemek. 
ÜFLETDIRMEK 
[üflötdürmök], 
işl.,ser. 
Üfletmek. Aşyr aga tüýdügi ogluna ýaňadan 
üfletdirdi. 
ÜFLETMEK [üflötmök], işl. Üflemek işini 
başga birine etdirtmek. Ol aýal tutaşman duran 
oduny üfletmek üçin gyzyny çagyrdy. 
ÜFLEÝIŞ [üflöýüş], iş ady. Üfletmek ýagdaýy. 
ÜFLIS [üflüýs], syp. 1. Tumaýak; sandan galan
pese düşen. 2. Gözden düşen nejis, haramzada. 
Tagamda tabakdaş bolma, üflis haramhor biläni 
(Magtymguly). 3. Köne, köne-küşül, ýyrtyk-ýyrtyk, 
sallam-sajak. Üflis geýimli. 
ÜHHE-ÜHHE: ühhe-ühhe etmek yzyny üzmän 
üsgürmek, köp üsgürmek, üsgürip durmak. 
ÜLE [ülö], at. Uly mal öldürilip paýlaşylanda, 
ýetýän belli bir mukdardaky bölek, paý. Üleden 
düşen et. 
ÜLEME [ülömö], iş ady. Ülemek ýagdaýy. 
ÜLEMEK [ülömök], işl. Her kime ýetdik paýyny 
bermek.
ÜLEMEKLIK [ülömöklük], iş ady. Ülemek 
ýagdaýy. 
ÜLEMEZLIK [ülömözlük], iş ady. Üle edip 
paýlamazlyk. 
ÜLEN [ülön], at, ösüml.d. Keseligine ýaýraýan
ýogyn kökli, dik ösýän baldakly, ýasy ýaprakly, 
çogdam goňras ýa-da gök gülli köpýyllyk otjumak
ösümlik. 
ÜLEŞDIRMEK [ülöşdürmök], işl.. Her kime 
ýetdik 
paýyny 
berişdirmek, 
bölüşdirmek, 
paýlaşdyrmak. Üleşdirene üç gaz, o-da bolsa heniz az 
(Nakyl). 
ÜLEŞIK [ülöşük], at. Paýlaşyk, bölüşik. Olar 
üleşikden artykmaç paý alandyrlar (B. Kerbabaýew). 
ÜLEŞMEK [ülöşmök], işl.1. Ülemäge kömek 
etmek; 2. Bilelikde ülemek. 3. Bileleşip paýlaşmak. 
ÜLETDIRMEK [ülötdürmök], işl., ser. Ületmek
ÜLETMEK [ülötmök], işl. Ülemek işini başga 
birine etdirmek.
ÜLEÝIŞ [ülöýüş], iş ady. Ülemek ýagdaýy, 
ÜLJE [üljö], at.1. Bägül güllüler maşgalasyna 
degişli, boýy 3-10 metre ýetýän, gülleri ak ýa-da 
gyzgylt reňkli, ýaýraň inçe şahaly agaç. 2. Şol agajyň 
togalajyk gyrmyzy, sary reňkli, içi şänikli, turşy 
tagamly miwesi.
ÜLKE [ülkö], at.1. Käbir döwletlerde iri 
territorial birlik. Stawropol ülkesi.2. Ata watan, 
dogduk mekan, ene toprak, ýurt.
ÜLKER [ülkör], at. Ýyldyzlar toplumy. Ýokarda 
Ülker, Telpegin silker, Jana-jan dostum Gelmäge 
gorkar (Halk döredijiliginden).  
ÜLŇI [ülňü], at.1.Tikinçilikde, ussaçylykda 
biçilýän geýimiň, ýasalýan önümiň ölçeg şekili, 
galyby. Süýndürilen polady ülňä deňän ussa işe 
başlady. 2. Önümiň öz aýratynlyklary, häsiýetleri we 
hili boýunça edilýän talaplary kanagatlandyrýan 
nusgasy. 
Köne ülňi lenç edilen ýörelge, köre-körlük 
bilen eýerilýän ýol.
ÜLŇÜLEME [ülňülömö], iş ady. Ülňülemek 
ýagdaýy. 
ÜLŇÜLEMEK [ülňülömök], işl. Biçmek üçin  
ülňä görä bellemek, belli bir şekile getirmek. Ülňüläp 
geýim biçmek. 
ÜLŇÜLEMEKLIK [ülňülömöklük], iş ady. 
Ülňülemek ýagdaýy. 
ÜLŇÜLEMEZLIK [ülňülömözlük], iş ady. 
Biçmek üçin bellik etmezlik.
ÜLŇÜLENMEK [ülňülönmök], işl. Biçmek üçin 
ülňä laýyk edilmek, belli bir şekile getirilmek. Bu 
aýratyn matadan ülňülenip tikilen köýnek. 
ÜLŇÜLEŞDIRMEK 
[ülňülöşdürmök], 
işl. 
Hemmesini ülňüläp çykmak. 
 ÜLŇÜLEŞMEK [ülňülöşmök], işl. 1. Ülňi 
boýunça biçmäge kömek etmek. 2. Bilelikde 
ülňülemek. 
ÜLŇÜLETDIRMEK [ülňülötdürmök], işl., ser. 
Ülňületmek
ÜLŇÜLETMEK [ülňülötmök], işl. Ülňülemek 
işini başga birine ýerine ýetirtmek. 
ÜLŇÜLEÝIŞ [ülňülöýüş], iş ady.. Ülňülemek 
ýagdaýy. 
ÜLŇÜLÄBERMEK [ülňülä:vermek], işl. Ülňi 
bilen biçip başlamak; ülňülemegi dowam etdirmek. 
Biçjek jalbarlaryňy indi şeýt-de ülňüläber. 
ÜLŇÜLIK [ülňülük], syp. Ülňi, nusga etmek 
üçin ýaramly; ülňä, nusga ýaraýan; ülňä niýetlenen 
(zat, nusgalyk). 
ÜLPET [ülpöt], at, gepl.d. Dost, ýoldaş, syrdaş, 
şepe. Köňli gara bile bolmaňlar ülpet, Ýokar ondan 
dürli-dürli kesapat (Magtymguly). Ol şol bolgusyz 
göwnaçyklygyny eder-de, bir topar ülpetlerini yzyna 
tirkäp geler (G. Ezizow).
ÜLPÜLDEME [ülpüllömö], iş ady. Ülpüldemek
ýagdaýy. 
ÜLPÜLDEMEK [ülpüllömök], işl. Ýele, sähelçe 
şemala ülp-ülp edip ýuwaşja galgamak. Ýaşajyk otlar 
ülpüldäp otyr. 
ÜLPÜLDEMEKLIK [ülpüllömöklük], iş ady. 
Ülpüldemek ýagdaýy. 
ÜLPÜLDEMEZLIK [ülpüllömözlük], iş ady. 
lpüldäp oturmazlyk. 
ÜLPÜLDEŞMEK [ülpüllöşmök], işl. Hemmesi
köpçülikleýin ülpüldemek. Maýsalar ülpüldeşip 
otyrlar. 
ÜLPÜLDETMEK [ülpüllötmök], işl. Ýuwaşja 
galgatmak. Gök gowaça ülpüldedip pamygyn, 
Gozalardan sümeklerin sallady (B. Kerbabaýew). 
ÜLPÜLDEÝIŞ [ülpüllöýüş], iş ady. Ülpüldemek 
ýagdaýy. 
ÜLPÜLDÄBERMEK [ülpüllä:vermek], işl. 
Maýsalar, otlar çalaja ülpüldände döreýän şekil. 


414 
ÜLPÜLDI [ülpüllü], at. Maýsalar, otlar çala 
öwüsgine, asuda şemala ülpüldände döreýän hereket 
we şekil. 
ÜLÜŞ, at. 1. Käbir ösümlikleriň hasylynyň iň 
kiçi bölejigi. Gozalar ýetişende çaňňalaklar açylýar, 
pagta ülüşleri gowy çöşlenýär. 2. Bölek. Aýdymy 
arzuwlap ýören ýigidiň ýürek arzuwynyň bir ülşüni 
amala aşyrmaga mümkinçilik döredi (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÜLÜŞLEME [ülüşlömö], iş ady. Ülüşlemek 
ýagdaýy. 
ÜLÜŞLEMEK 
[ülüşlömök], 
işl. 
Ülüşlere 
bölmek, paýlamak. 
ÜLÜŞLENMEK [ülüşlönmök], işl. Ülüşlere 
bölünmek. 
ÜLÜŞLETMEK [ülüşlötmök], işl. Başga birine 
ülüşlere böldürmek. 
ÜLÜŞLEMEKLIK [ülüşlömöklük], iş ady. 
Ülüşlemek ýagdaýy. 
ÜLÜŞLEMEZLIK [ülüşlömözlük], iş ady. 
Ülüşlere bölmezlik. 
ÜLÜŞLEÝIŞ [ülüşlöýüş], iş ady. Ülüşlemek 
ýagdaýy. 
ÜLWEN [ülwön], at. ösüml.d. Itüzümler 
maşgalasyna degişli ýogyn baldakly ikiýyllyk 
otjumak ösümlik. 
ÜM, at. Bir zady ýaşyryn duýdurmak üçin 
edilýän göz, ýüz hereketi, yşarat, ümleme. Aýna 
tördäki ýorgany üm bilen görkezdi (S. Myradow). 
Üm bilmez hiç zada doly düşünmeýän, ýaş, 
gögele, tejribesiz. Duşdum üm bilmez nadana, Bir 
gadrym bilen islärin (Magtymguly). Üm bilmez 
çagadyň, bütin dünýäni Suw-sil alaýsa-da habaryň 
ýokdy (K. Gurbannepesow). Ümi alyşmak biri bilen 
häsiýetiň deň gelmek, gepiň, gürrüňiň alşyp gitmek. 
ÜMAŞAK 
[ümaşa:k]: 
ümaşak 
adam
jemgyýetdäki ornuna garamazdan, özüni pes pälli
alyp barýan. Tümmege ýaplanyp ýatan ümaşak, 
murtlak bir ýigit dikelip oturdy (B. Kerbabaýew).
ÜMDÜZINE 
[ümdüzünö]: 
ümdüzine 
tutdurmak (gaçmak) yzyňa garaman gaçmak, gaty 
daşa gaçmak, bir tarapa, baka gaty ylgap gitmek. Ol 
ondan-oňa selpäp, aňy aşan sygyrlaryň birini 
gaýtarsa, beýlekisi ümdüzine tutdurýardy (B. 
Kerbabaýew). 
ÜME [ümö], at. Durmuşa çykjak gyzyň eşiklerini 
tikmek üçin gyz-gelinleriň ýowar şekilli 
ýygnanyşygy. Aý geçip, ýyl geçip, gyz dokuz-on 
ýaşyna bardy, bir gün goňşulary üme etdi (

Türkmen 
halk ertekileri

). 
ÜMEÇI [ümöçü], at. Ümä gatnaşyjy. Sapak 
çekilen ýigit hem ümeçi gelin-gyzlara bir zat 
bagyşlamaga borçly bolardy (A. Gowşudow).
ÜMEDEKLEME 
[ümödöklömö], 
iş 
ady. 
Ümedeklemek ýagdaýy. 
ÜMEDEKLEMEK [ümödöklömök], işl. Aşak 
eglip ýöremek, ýapyrylyp ýöräp barmak. 
ÜMEDEKLEŞMEK 
[ümödöklöşmök], 
işl. 
Birnäçe bolup eglip ýöremek. Çagalar görünmejek 
bolup, ümedekleşip barýan ekenler. 
ÜMEDEKLETMEK [ümödöklötmök], işl. 
Ümedekläp ýörär ýaly etmek. 
ÜMEDEKLEÝIŞ 
[ümödöklöýüş], 
iş ady. 
Ümedeklemek ýagdaýy. 
ÜMEDEKLÄBERMEK 
[ümödöklä:vermek], 
işl, Ümedekläp başlamak. 
ÜMEZ [ümöz], at. 1. Howanyň ýüzüni tutýan 
ýukajyk tozan, duman, tot. Onuň görejiniň agy-
garasy tapyşyp, görejiniň öňüni buz reňkli ümez aldy 
(B. Kerbabaýew). 2. Gözüň görmek ukybyny 
peseldýän perde kysmy bulaşyklyk. Onuň gözüniň
öňi ümez bolup dur. 3. gepl.d. Ümür. 
ÜMEZLEME [ümözlömö], iş ady. Ümezlemek 
ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   658   659   660   661   662   663   664   665   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling