Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÜÇGOŞMA [üçğoşmo], at, gepl.d. Bilezigiň üç  hatar gaşly görnüşi. Üçgoşma bilezik.  ÜÇGYÝAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet661/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   657   658   659   660   661   662   663   664   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÜÇGOŞMA [üçğoşmo], at, gepl.d. Bilezigiň üç 
hatar gaşly görnüşi. Üçgoşma bilezik. 
ÜÇGYÝAK [üçğyýak], at. Gaýma we keşde 
bilen geýime salynýan üç bölek gyýaja nagyş we 
onuň ady. 
ÜÇI [üçü], at. Dünýäden öten adamyň 
jaýlanandan soň üçünji gününi bellemek däbi, degsin 
edilýän üçünji gün. Gitdiň. Agladyk. Bu günem - 
üçüň. Diýmek, gideniňe bolupdyr üç gün (K. 
Gurbannepesow). 
ÜÇIN [üçüýn], sözs. k
. 
Sebäpli, görä, zerarly, ötri 
ýaly many aňladyp, sebäp-maksat bildirýän kömekçi 
söz. 
ÜÇLEME [üşlömö] I,iş ady. Üçlemek ýagdaýy. 
ÜÇLEME [üşlömö] IIat, edeb. Goşgy düzüliş 
görnüşi. 
ÜÇLEMEK [üşlömök], işl.1. Bir hereketi üç 
adam bolup etmek. Olar üçlemedik bolsalar, meni 
basyp bilmezdiler. 2. Gaýma gaýalanda üç gezek 
sanjyp, soňra ara goýup, gaýtalap gitmek. 
ÜÇLEMEKLIK [üşlömöklük], iş ady. Üçlemek 
ýagdaýy. 
ÜÇLEMEZLIK [üşlömözlük], iş ady. Üç bolup 
ýerine ýetirmezlik. 
ÜÇLEŞMEK [üşlöşmök], işl., gepl.d. 1. Bir işi 
üç bolup ýerine ýetirmek. Hiç kim onuň ýanyna gelip, 
üçleşmegi teklip etmeýärdi. 2gepl.d. Üç bolup arak 
içmek. 
ÜÇLÜK [üşlük], at. 1. Üçünji awtobus, 
trolleýbus ýa-da belli bir kesgitli ýoldan gatnaýan 
taksi. Üçlük gowy gatnaýar. 2. Käbir zatlaryň ölçegini 
görkezýän san. Üçlük galoş. 3. Mekdepde 
kanagatlanarly baha. Beýannamadan üçlük alypdym. 
4. Oýnalýan kartyň üç güllüsi. Üçlük kerpiç. Üçlük 
haç. 
ÜÇÖTEN [üçötön], at. Argajy üç gat edilip
tarada dokalýan mata. 
ÜÇÜNJI [üçünjü], san. 3 sanyndan ýasalan tertip 
san.
 Üçünji gün gepl.d.Çarşenbe. 
ÜÇÜNJILIK [üçünjülük], at. Dereje taýdan 
üçünji orunda bolmaklyk, eýelän orny boýunça 
üçünji ýerde durmaklyk. Ýaryşda biziň bölümimiz 
üçünjiligi eýeledi. 
ÜÇÜRDIK [üçürdük], at. 1. Ýüp, sapak işmegiň, 
bükdürmegiň bir görnüşi we onuň ady. Üçürdik tow.
2. Üç gat sapakdan işilen, bükdürilen sapak. 3
Düýäniň ylgawynyň, çapuwynyň bir görnüşi. 
ÜÇÜRDIKLEME [üçürdüklömö], iş ady. 
Üçürdiklemek ýagdaýy. 
ÜÇÜRDIKLEMEK [üçürdüklömök], işl. 1. Üç 
gat sapagy, ýüpi birikdirip işmek, bükdürmek. 2
Oraz aýynyň her ongünlüginiň başky üç gününde 
agyz beklemek. 3. Üçürdigine gitmek, çapmak (düýe 
hakynda). 4. Atyň, düýäniň we ş.m. malyň iki öň 
aýagy we bir art aýagynyň aralaryny duşak, kössek 
bilen baglamak. Atyň aýagyny üçürdikläp, otluk 
meýdana kowduk. 5göç.m. Birine ýaranjaňlyk edip, 
hyzmatyna ylgamak. Özünden pullurak hem gulluk 
wezipesi ulurak adamlary görende olaryň öňlerinde 
üçürdikläp, üzeňňisinden üç geçýär (N. Pomma). 6
sport. Bir bat alanyňda üç gezek bökmek. Üçürdikläp 
bökmek. 
ÜÇÜRDIKLEMEKLIK [üçürdüklömöklük], iş 
ady. Üçürdiklemek ýagdaýy. 
ÜÇÜRDIKLEMEZLIK [üçürdüklömözlük], iş 
ady. Üçürdiklemek hereketini etmezlik. 
ÜÇÜRDIKLEŞMEK [üçürdüklöşmök], işl. 1
Üçürdiklemäge 
kömek 
etmek. 
2
Bilelikde 
üçürdiklemek. 
ÜÇÜRDIKLETDIRMEK [üçürdüklötdürmök], 
işl., Üçürdikletmek
ÜÇÜRDIKLETMEK 
[üçürdüklötmök], 
işl. 
Üçürdiklemek işini başga birine etdirmek. Ol ýüpüni 
üçürdikledip egirtdi. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   657   658   659   660   661   662   663   664   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling