Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
ÜMEZLEMEK [ümözlömök], işl. 1
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
- Bu sahifa navigatsiya:
- ÜMEZLENMEK
- ÜMEZLEÝIŞ
- ÜMEZSIZ
- ÜMLEMEKLIK [ümlömöklük], iş ady. Ümlemek ýagdaýy. ÜMLEMEZLIK
- ÜMLEÝIŞ
- ÜMSÜMLIK
- Ümsümligi bozmak
- Ümürde ýörän ýaly etmek
ÜMEZLEMEK [ümözlömök], işl. 1. Howada
duman peýda bolmak, asmanyň ýüzüni duman, tot tutmak. 2. Ümez sebäpli çala görünmek. Dag uzaklardan ümezläp görünýär. 3. Gözüň öňi ümez bolmak. Onuň gözi ümezläp gitdi. ÜMEZLEMEKLIK [ümözlömöklük], iş ady. Ümezlemek ýagdaýy. ÜMEZLEMEZLIK [ümözlömözlük], iş ady. Ümez tutmazlyk. ÜMEZLENMEK [ümözlönmök], işl. Ümez tutmak, ümez bilen örtülmek. Gahardan ýaňa gözüniň öňi ümezlenip gitdi (G. Kulyýew). ÜMEZLEŞMEK [ümözlöşmök], işl.1. Howanyň ýüzüne ýuwaş-ýuwaşdan duman, tot ýaýramak, asmanyň ýüzüni ümez tutup başlamak. 2. Gözüň öňüni gubar tutup ugramak, ümez bolup ugramak. Şu görnüşi gözden geçiren soň, gözüniň öňi ümezleşip gitdi (R. Gelenow). ÜMEZLETMEK [ümözlötmök], işl. Ümez etmek, ümez tutdurmak. Göze ilmez çaltlykdaky hereket netijesinde suwdan çykýan çalymtyk bug giň jaýyň içini ümezledip durdy ( Edebiýat we sungat ). ÜMEZLEÝIŞ [ümözlöýüş], iş ady. Ümezlemek ýagdaýy. ÜMEZLÄBERMEK [ümözlä:vermek], işl. Ümezläp başlamak. ÜMEZLI [ümözlü], syp.1. Dumanly, totly (howa, asman hakynda). 2. Gözüniň öňüni ümez tutan, ümez baglan. Ümezli gözler. ÜMEZLILIK [ümözlülük], at. Ümezi barlyk, ümezli halda bolmaklyk. ÜMEZSIZ [ümössüz], syp. Ümezi ýok, ümezi bolmadyk. Bu gün howanyň ýüzi ümezsiz, ap-arassa. ÜMEZSIZLIK [ümössüzlük], iş ady. Ümezi ýokluk, ümezsiz halda bolmaklyk, dumansyzlyk. ÜMLEME [ümlömö], iş ady. Ümlemek ýagdaýy. ÜMLEMEK [ümlömök], işl. Üm bilen aňlatmak, üm bilen yşarat edip duýdurmak. Göz ümledi, men düşdüm ( Mollanepes). ÜMLEMEKLIK [ümlömöklük], iş ady.Ümlemek ýagdaýy. ÜMLEMEZLIK [ümlömözlük], iş ady. Üm bilen duýdurmazlyk, yşarat etmezlik. ÜMLEŞMEK [ümlöşmök], işl. Biri bilen üm arkaly düşünişmek, biri-biriňe göz ümlemek. Olar 415 nämedir bir zat barasynda göz ümleşip gepleşýärdiler (N. Pomma). ÜMLEÝIŞ [ümlöýüş], iş ady. Ümlemek ýagdaýy. ÜMLÜK,at, dil b. Grammatikada: gönüden-göni bir zadyň täsiri, içki duýgy netijesinde aýdylýan, üýtgemeýän söz. Meselem: waý, wiý, wah we ş.m. ÜMMÜLDEŞMEK [ümmüllöşmök], işl. Biri bilen dostlukly ýagdaýda gürleşip oturmak. Dostlar nämedir bir zat hakynda ümmüldeşip otyrdylar. ÜMMÜLMEZ [ümmülmez], syp. Ägirt giň, aňyrsy-bärsi görünmeýän, gözýetmez. ÜMSÜM, syp. Sessiz-üýnsüz, sessiz, ýuwaş. Sözüm aňlan ýok diýip , ümsüm oturma, Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr (Magtymguly). Ýok zatlary göwnüňe Getirme-de, ümsüm gez! (B. Kerbabaýew). ÜMSÜMJE [ümsümjö], syp. Sessiz-üýnsüzje, ýuwaşja (belli bir adama ýüzlenilip aýdylanda nygtaýjylyk, talap edijilik öwüşginine eýe bolýar). Sen ümsümje otur. Ümsümje bol. Ümsümje çaga. ÜMSÜMLIK [ümsümlük], at. 1. Sessiz- üýnsüzlik, ýuwaşlyk, sessizlik. Bir hili düşnüksiz ümsümlik başlandy (A. Gowşudow). 2. Sessiz- üýnsüz asuda ýagdaý, parahatlyk, imi-salalyk, asudalyk. Dükanyň içinde ümsümlik höküm sürýärdi (A. Gowşudow). ◊ Ümsümligi bozmak asudalygy bozup, gürrüňe başlamak. ÜMSÜMRÄK [ümsümürä:k], syp. Az-kem ümsüm, göräýmäge ümsüm, ümsüme ýakyn. Ol daşyndan göräýmäge ümsümräkdir, emma etjegi içindedir. ÜMÜR, at. Bug bilen örtülen howa, duman gurşap alan tutuk howa, duman. Ýagyşly, ýagmyrly, ümürli daglar, Siller senden gider, duman eglenmez (Magtymguly). Olar ylla diýersiň bahar pasly ýere çöken dumana, ümre meňzeýär (G. Ezizow). ◊ Ümürde ýörän ýaly etmek düşnüksiz ýagdaýa salmak, alasarmyk ýagdaýda goýmak. Sen meni ümürde ýörän ýaly etme-de, düşnükliräk aýt. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling