Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet666/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   662   663   664   665   666   667   668   669   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

Üstüni ýetirmek ýetmeýän zadyň üstüni doldurmak, 
üstüne goşmak.
ÜSTAŞYR [üssa:şyr], hal.1. Biriniň ýa-da bir 
zadyň üstünden, ýokarsyndan, depesinden (geçýän, 
geçirilýan zatlar hakynda). Äýneginiň üstaşyr bolsa, 
assyrynlyk bilen myhmanyň özüni synlady (T. 
Gurbanow). Ala gözüni haýpy gelijilikli gyrpyldadyp, 
adamlaryň üstaşyr nirädir daşlara dikdi (Ý. 
Mämmediýew). 2.göç.m. Sala salman, geňeşmän, 
habarly etmän. Ol başlykdan üstaşyr arza gidipdir. 
◊ Üstaşyr geçirmek ýüki başga ýurduň içi bilen 
geçirmek. Üstaşyr ýolagçy başga ýurduň içinden 
geçip gidýän ýolagçy.
ÜST-BAŞ [üst-baş], at. Geýim-gejim, daşky eşik, 
üstki geýim. Ol üst-başyna endigan timar berşi ýaly, 
içerini hem yhlas bilen arassa saklaýardy (G. 
Kulyýew).
ÜSTESINE [üssösünö], hal.1. Gaýtam ýene-de, 
ondan başga-da. Üstesine-de howa diýseň yssydy. 2
ser. Üsse. 
ÜSTI-ÜSTÜNE [üssü-üssünö], hal.1. Biri-biriniň 
üstüne, gat-gat, gatbar-gatbar. Üsti-üstüne ýazylan 
düşekler 2. Yzly-yzyna, bassyr-bassyr, üznüksiz. 
Şowsuzlyk üsti-üstüne boldy. 
ÜSTKI [üstkü], syp. Üstünde duran, üstünde 
ýerleşýän, ýokarsynda duran, daşky. Ol öýden 
çykmanka üstki eşiklerine serenjam berdi. 
ÜSTÜN [üssün]: üstün gelmek ser. Üstün 
çykmak. Üstün çykmak ýeňiji bolmak, ökde 
gelmek, ezber gelmek, basmak.


418 
ÜSTÜNLIK [üssünlük] I, at. Işde, okuwda we 
ş.m. gazanylýan ýeňiş; şowlulyk.  
ÜSTÜNLIK [üssünlük] II, at. Odun, ot ýaly 
zatlar düýä, eşege ýüklenende, iki ýan astynlygyň 
üstünden goýulýan üýşmek ot, odun. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   662   663   664   665   666   667   668   669   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling