Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÜWREME [üwrömö], iş ady. Üwremek ýagdaýy.  ÜWREMEK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet668/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   664   665   666   667   668   669   670   671   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÜWREME [üwrömö], iş ady. Üwremek ýagdaýy. 
ÜWREMEK [üwrömök], işl. Sallançagyň 
bagyndan çekip, iki ýana yzygiderli hereket etdirmek. 
Sallançak üwremek
ÜWREMEKLIK[üwrömöklük],iş ady.Üwremek 
ýagdaýy. 
ÜWREMEZLIK 
[üwrömözlük], 
iş 
ady. 
Sallançagyň bagyndan çekip yramazlyk, hereket 
etdirmezlik. 
ÜWREŞDIRMEK[üwröşdürmök],işl.Hemmesini 
üwräp oturmak (birnäçe salançak hakynda). 
ÜWREŞMEK [üwröşmök], işl. 1. Üwremäge 
kömekleşmek. 
Gyzjagaz 
ejesine 
sallançak 
üwreşýärdi. 2. Birnäçe bolup sallançak üwremek. Içki 
otagda iki sany gelin sallançak üwreşip otyr eken
ÜWRETDIRMEK [üwrötdürmök], işl., ser. 
Üwretmek. 
ÜWRETMEK [üwrötmök], işl. Üwremek işini 
başga birine etdirtmek. Onuň gyzyny bolsa baýyň 


420 
aýallary sallançak üwretmek üçin saklaýan ekenler 
(Ertekiler). 
ÜWRÄBERMEK [üwrä:vermek], işl. Üwräp 
başlamak; üwremegi dowam etdirmek.  Sallançagyň 
badyny ýatyrma-da üwräber. 
ÜWÜMLIK [üwümlük], syp. Üwemek üçin, 
üwär ýaly, üwärlik (däne, galla we ş.m. hakynda). Bir 
üwümlik bugdaý. 
ÜÝat. Goşar, gol, aýak süňkleriniň birigýän ýeri, 
sepişigi. Durdynyň üýleri gurplandy (B. 
Kerbabaýew) 
ÜÝN, at. Ses. Sözlese har kimin belentdir üýni 
(Zynhary). 
◊ Üýn alyşdyrmazlyk ala-zenzele edip, biri-biriň 
aýdanyny 
eşitmez 
ýaly 
etmek. 
Gijäniň 
garaňkylygynda ýaňlanýan oba itleriniň sesi hem 
gorkunç bir üýn bolup eşidilýärdi (A. Gowşudow).
ÜÝRDÜRMEK [üýrdürmök], işl. 1. Üýrer ýaly 
etmek, üýrmek hetdine ýetirmek. 2. göç.m. 
Jabjyndyrmak, heňkirtmek (adam hakynda). 
ÜÝRME [üýrmö], iş ady. Üýrmek ýagdaýy. 
ÜÝRMEK [üýrmök], işl.1 . Haw-haw, jöw-jöw, 
wow-wow etmek, hawwuldyly ses çykarmak (it, 
güjük hakynda). It üýrer, kerwen geçer (Nakyl). 2
göç.m. Edepsizlik edip, biderek ýere gygyrmak, 
azgyrylmak, jabjynmak, heňkirmek. Sakçylary tutgur 
it dek üýrerler, Atbakar ýanyndan geçme towuşsyz 
(Magtymguly). 
ÜÝRMEKLIK [üýrmöklük], iş ady. Üýrmek 
ýagdaýy. 
ÜÝRMEZLIK [üýrmözlük], iş ady. Üýrüp 
durmazlyk. 
ÜÝRÜBERMEK [üýrüvermek], işl. Üýrüp 
başlamak. 
ÜÝRÜŞ, iş ady. Üýrmek ýagdaýy. 
ÜÝRÜŞMEK [üýrüşmök], işl. Birnäçe bolup 
üýrmek, bilelikde üýrmek. Itler ýabşynyp-ýabşynyp 
üýrüşýärdiler (Ý. Mämmediýew). 
ÜÝŞENDIRIJI [üýşönnürüjü], syp. Sussuňy 
basyjy, çekindiriji, ätiýaç etdiriji. Üýşendiriji ses. 
ÜÝŞENDIRMEK [üýşönnürmök], işl. Birini 
birneme çekindirmek, gorkuzmak, ätiýaç etdirmek. 
ÜÝŞENIŞMEK [üýşönüşmök], işl. Birden köp 
bolup bilelikde üýşenmek.
ÜÝŞENIBERMEK 
[üýşönüvermek], 
işl. 
Üýşenip başlamak. 
ÜÝŞENME [üýşönmö], iş ady. Üýşenmek 
ýagdaýy. 
ÜÝŞENMEK [üýşönmök], işl. Birinden sussuň 
basylmak, ätiýaç etmek, çekinmek, birneme 
gorkmak. Bir sözüm bar, diýe bilmen üýşene, 
Aýdaýynmy, aýtmaýynmy, ne diýr sen? (

Saýatly – 
Hemra

). Bir zatdan üýşenen ýaly, endamym 
jümşüldäp gitdi (

Edebiýat we sungat

). 
ÜÝŞENMEKLIK [üýşönmöklük], iş ady. 
Üýşenmek ýagdaýy. 
ÜÝŞENMEZLIK 
[üýşönmözlük], 
iş 
ady. 
Çekinmezlik, gorky döremezlik. 
ÜÝŞME [üýşmö] Iiş ady. Üýşmek ýagdaýy. 
ÜÝŞME [üýşmö] IIiş ady. Üýşmek, toplanmak 
ýagdaýy. 
ÜÝŞMEK [üýşmök] I, işl. 1. Bir ýere 
ýygnanmak, bir ýere jemlenmek, çogdamlanmak, 
toparlanmak (adam hakynda). Adamlar ýygnaga 
üýşüp geldiler.
Depe saçyň üýşmek gorkmakdan ýa-da 
gynanmakdan ýaňa üstüňden sowuk suw guýlan ýaly 
bolmak, gaty gorkmak.
ÜÝŞMEK [üýşmök] II, at.1. Üýşürilip goýlan 
zat. Ine, ummasyz pagta harmany, biz muňa ak 
altynyň üýşmegi diýýäris (

Edebiýat we sungat

).
2. Birnäçe adamdan ybarat bolan ýygnanyşyk, 
märeke, mähelle; üýşüp duran, oturan adamlar. Beýle 
ýandaky üýşmekde ýaşulularyň, ýaş-ýeleňleriň 
gürrüňi gidýärdi (R. Gelenow). 3. gepl.d. Üýşmeleň, 
kiçiräk toý. Elimiz agzymyza ýetse, bir kiçiräk 
üýşmek edäýsek diýýäs
ÜÝŞMEKLIK [üýşmöklük] IIIiş ady. Üýşmek 
ýagdaýy. 
ÜÝŞMEK-ÜÝŞMEK [üýşmök-üýşmök], syp. 
Birnäçe üýşmekden ybarat, köp üýşmek bolup duran, 
topbak-topbak. Aşhananyň öňünde hem odunlar 
üýşmek-üýşmek basylyp goýlan eken (

Edebiýat we 
sungat

). 
ÜÝŞMELEŇ [üýşmölöň], at. l. Adamlaryň 
toplumy, märeke, mähelle, jemende. Wepa göýä şu 
üýşmeleňi geň görýän ýaly, syn edip durdy. 
Durdugyça üýşmeleň köpelýärdi (A. Gowşudow). 2
Adamlar çagyrylyp geçirilýän kiçiräk toý, gellebäri,
oturylyşyk we ş.m. Ýakyn günlerde ýaş çagalar üçin 
bizde üýşmeleň boljak (B. Kerbabaýew).  
ÜÝŞMEZLIK [üýşmözlük], iş ady. Bir ýere 
toplanmazlyk. 
ÜÝŞÜBERMEK [üýşüvermek], işl. Bir ýere 
üýşüp, toplanyp başlamak. 
ÜÝŞÜRIBERMEK [üýşürüvermek], işl. Bir ýere 
toplap, üýşürip başlamak. 
ÜÝŞÜRILMEK [üýşürülmök], işl. Üýşmek 
edilip goýlan. Emma boglan desseler, üýşürilen 
harmanlar meýdanda galdy (H. Ysmaýylow). 
ÜÝŞÜRIŞDIRMEK 
[üýşürüşdürmök], 
işl. 
Birnäçe zady bir ýere toplaşdyrmak, üýşürip, toplap 
çykmak. 
ÜÝŞÜRIŞMEK [üýşürüşmök], işl. 1. Üýşürmäge 
kömekleşmek. 2. Bilelikde üýşürmek. 
ÜÝŞÜRME [üýşürmö], iş ady. 1. Üýşürmek 
ýagdaýy. 2. Palasa we öýdelip dokalýan zatlara 
salynýan topbak-topbak garşylykly goçaklar, nagyş. 
ÜÝŞÜRMEK [üýşürmök], işl. Bir ýere toplap 
goýmak, jemläp, ýygnap goýmak, çogdamlamak, 
toplamak, tümmek edip goýmak. Gara tüňçäniň 
düýbüne ot üýşürip, güýmenjiräp oturan Leýla ýalt 
edip yzyna garady (G. Kulyýew). 
ÜÝŞÜRMEKLIK 
[üýşürmöklük], 
iş ady. 
Üýşürmek ýagdaýy. 
ÜÝŞÜRMEZLIK [üýşürmözlük], iş ady. Bir 
ýere toplamazlyk, jemlemezlik. 
ÜÝŞÜRTMEK [üýşürtmök], işl. Üýşürmek işini 
başga birine etdirmek. 


421 
ÜÝŞÜŞMEK [üýşüşmök], işl.1. Bir ýere üýşüp 
başlamak, kem-kemden üýşmek. Bu wagt ýagyş biraz 
ýagjak ýaly etdi, goňşy aýallar üýşüşip, Orazsoltan 
ejäniň çatmasyna geldiler (H. Derýaýew). 2. Birtopar 
bolup üýşmek. Adamlar bolsa galanyň güneýinde ýa-
da guzaýynda üýşüşip, gürrüňe meşguldylar (A. 
Gowşudow). 
ÜÝTGEDIBERMEK [üýtgödüvermek], işl. Bir 
ýanyndan üýtgedip başlamak. 
ÜÝTGEDIJI [üýtgödüjü]: söz üýtgediji dil b. 
sözi ýöňkemede, düşümde we ş. m. üýtgetmek 
hyzmatyny ýerine ýetirýän (goşulmalar hakynda). 
Türkmen diliniň goşulmalary söz üýtgediji, söz 
ýasaýjy, şekil ýasaýjy goşulmalar diýen ýaly 
toparlara bölünýär. 
ÜÝTGEDILMEK [üýtgödülmök], işl. 1. Öňki 
ýagdaýyndan başga ýagdaýa, görnüşe geçirilmek. 2
Biriniň ýa-da bir zadyň ýerine başga biri ýa-da bir zat 
goýulmak, çalşyrylmak. 
ÜÝTGEDIŞMEK[üýtgödüşmök],işl.Üýtgetmäge,
başga ýagdaýa geçirmäge kömekleşmek. 
ÜÝTGEME [üýtgömö], iş ady. Üýtgemek 
ýagdaýy. 
ÜÝTGEMEK [üýtgömök], işl. 1. Öňki 
görnüşinden başga görnüşe, başga hala geçmek, 
özgerişe sezewar bolmak. 2. Zaýalanmak, harap 
bolmak. Nahar üýtgäpdir. 3göç.m. Aradan çykmak, 
aýrylmak, ýogalmak, ölmek (çaga hakynda).
4.göç.m. Akyly çaşmak, ýeldirgemek. 

Neressejigiň 
akly üýtgäp ýören bolmasa-da biridir!

diýen 
howatyr bilen onuň sowalynyň sebäbini soramady (B. 
Kerbabaýew). 
ÜÝTGEŞIGRÄK 
[üýtgöşüğrä:k], 
syp. 
Ozalkydan birneme üýtgeşik, azda-kände üýtgeşik. 
ÜÝTGEŞIK [üýtgöşük], syp.1. Ozalkylardan 
tapawutly, öňkülere meňzeş däl, başga hili. Pirguly 
aganyň ýer kümesiniň beýlekilerden üýtgeşik ýeri 
ýokdy (B. Seýtäkow). 2. Aýratyn, bir hili, geň, täsin, 
ajaýyp. Dostumyň üýtgeşik häsiýeti bardy. 
ÜÝTGEŞIKLIK [üýtgöşüklük], at. Aýratynlyk, 
täzelik. Şa gyzynyň häsiýetinde näme üýtgeşiklik 
aňlandygyny sorapdyr (

Türkmenistan

). 
ÜÝTGEŞMEK [üýtgöşmök], işl.1. Dura-bara 
üýtgemek. 2. Üýtgeşik görnüşe geçmek. 50-nji 
sahypadan soň kitabyň kagyzlarynyň reňki üýtgeşdi 
(B. Seýtäkow). 
ÜÝTGETDIRMEK [üýtgötdürmök], işl., ser. 
Üýtgetmek işini başga birine etdirmek. 
ÜÝTGETMEK [üýtgötmök], işl. 1.Başga 
görnüşe 
salmak, 
üýtgeýşe 
sezewar 
etmek, 
ozalkysyndan başga hala geçirtmek. 2. Biriniň ýa-da 
bir zadyň ýerine başga birini ýa-da bir zady goýmak, 
çalşyrmak, täzelemek. 
ÜÝTGEWSIZ [üýtgöwsüz], syp. Bir durkuny 
ýitirmän, bir durşunda durýan, üýtgemeýän, berk, 
durnukly.  
ÜÝTGEWSIZLIK[üýtgöwsüzlük],at. Üýtgewsiz 
ýagdaýda bolmaklyk. 
ÜZDÜRMEK [üzzürmök] Iişl. Üzmek, ýolmak 
işini başga birine etdirmek, ýoldurmak. 
ÜZDÜRMEK [üzzürmök] II, işl. Algylynyň 
hakyny berdirmek, karz alan zadyňy berdirmek. 
ÜZÄRLIK [üzä:rlik], at. ösüml.d. Özboluşly 
ysly, ak gülli, togalajyk däneli otjumak derman 
ösümligi, ýüzärlik. 
ÜZEŇŇI [üzöňňü], at.1. At, eşek ýaly ulaglara 
aýagyňy basyp münmek we aýagyňy ildirip oturmak 
üçin eýere, gaňňa gaýyş arkaly berkidilýän demir 
halkaly esbap. Müngä bolmaz ýaz aýynda bakmasaň, 
Üzeňňiň üzüler gaýyş dakmasaň (Durdy Gylyç). 2
dokm. Gülä berkidilip, sallanyp duran, taranyň 
erşiniň arasyny iki taraplaýyn açmak üçin gezekli-
gezegine basylýan iki sany halka ýüp. 
◊ Üzeňňisinden üç geçmek birine ýaranjak bolup 
çalyşmak, biriniň öňünde ýaranjaňlyk edip hyzmat 
etmek, üçürdiklemek.

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   664   665   666   667   668   669   670   671   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling