Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet671/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   667   668   669   670   671   672   673   674   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÜZÜMÇI [üzümçü], at. Üzüm ýetişdirýän, üzüm 
ýygýan. Üzümçiler üzümiň dürli görnüşlerini ösdürip 
ýetişdirdiler. 
ÜZÜMÇILIK 
[üzümçülük], 
at. 
1. 
Oba 
hojalygynyň 
üzüm 
ekip 
ýetişdirmek 
bilen 
meşgullanýan pudagy. 2. ser. Üzümlik. 
ÜZÜMLIK [üzümlük], at. Üzüm ekilen meýdan, 
üzümiň köp ekilen ýeri, üzümçilik. Derýa bilen 
galanyň aralygy ýazylyp ýatan üzümlik, tutluk, 
ekerançylyk ekeni (N. Pomma). 
ÜZÜR: üzür ötünmek gepl.d. tüýs ýürekden 
ötünç soramak. Şonuň üçin ol pyşyrdy bilen üzür 
ötündi (B. Kerbabaýew). 
ÜZÜŞ I, II,iş ady. Üzmek ýagdaýy. 
ÜZÜŞDIRMEK [üzüşdürmök] I, işl. Üzüp 
çykmak, ýolup çykmak, hemmesini üzmek, 
ýoluşdyrmak. Ýüpleri üzüşdirmek. 
ÜZÜŞDIRMEK [üzüşdürmök] II, işl. Algydarlar 
bilen hasaplaşmak, bergileriňi berip çykmak. 
ÜZÜŞMEK 
[üzüşmök] 
I, 
işl. 
Üzmäge 
kömekleşmek.
ÜZÜŞMEK [üzüşmök] II, işl. Bergisini bermäge 
kömek etmek
 

 
 
 
W, Türkmen elipbiýiniň ýigrimi ýedinji harpy. 
WA [wa:], üml., k.d. Waý. Wa-hasrata, göwün 
hoşum, Hemrahym (

Saýatly – Hemra

). Tilinde 
seniň adyň, wa, Leýli! diýip aýdardy (Andalyp). 
WA-A [wa’a:], üml. Etmeli zady etmändigiň, 
diýmeli sözi diýmändigiň we ş.m. birden ýadyňa 
düşen badyna aýdylýar. 
WADA [wa:da], at. Bir zady ýerine ýetirmek üçin
berilýän söz, äht. Wadaňa wepaly bolmak. Wada 
bermek. Wada etmek. 

Wadaňda tapylmak (durmak) beren sözüňi 
ýerine ýetirmek. Ol wadasynda tapylmak üçin, gaty 
jan edip işleýär. Wadaňy ýuwutmak beren sözüňde 
tapylmazlyk, ähtiňden dänmek. Ne üçin wadalar 
etdiň? Eden wadalaryň ýuwutdyň (

Şasenem – 
Garyp

). 
WADALAŞMA 
[wa:dalaşma], 
iş 
ady. 
Wadalaşmak ýagdaýy.
WADALAŞMAK [wa:dalaşmak], işl. Bir işi 
ýerine ýetirmek ýa-da ýerine ýetirmezlik we ş.m. 
üçin biri-biriňe söz bermek, wada etmek. Biz onuň 
bilen ertiri wadalaşypdyk ahyry (G. Kulyýew). 


423 
WADALAŞMAKLYK [wa:dalaşmaklyk], iş ady. 
Wadalaşmak ýagdaýy. 
WADALAŞMAZLYK [wa:dalaşmazlyk], iş ady. 
Wada edişmezlik. 
WADALAŞYBERMEK [wa:dalaşyvermek], işl. 
Wadalaşyp başlamak. 
WADALAŞYK [wa:dalaşyk], at. Iki adamyň ýa-
da taraplaryň arasynda edilen wada, äht, deslapky 
gepleşik. Wadalaşygy ýatdan çykarmagyn. 
WADALAŞYLMAK [wa:dalaşylmak], işl. Wada 
edişilmek. Ol hemişekisi ýaly, alaýaz bolup, 
wadalaşylan ýere geler (

Edebiýat we sungat

). 
WADALY [wa:daly], syp. 1. Wada edilen, 
wadalaşylan, belleşilen. ...Paltosynyň ýakasyny 
galdyryp, Ýigdekçe barýardy wadaly jaýa (G. 
Ezizow). 2. Wada edişilen kimdir biri (köplenç, gyz 
maşgala). Wadalysy gelen adam garçygaý guş ýaly 
dalmynyp otyr (

Görogly

). 
WADALYLYK [wa:dalylyk], at. Wadasy barlyk, 
wadaly halda bolmaklyk. 
WADARYG [wa:dary:ğ], k.d 

Wah, arman

manysyndaky gynanjy bildirýän ümlük.  
WADASYZ [wa:dasyz], syp. Wada edilmedik, 
söz berilmedik, äht edilmedik. 
WADASYZLYK [wa:dasyzlyk], at. Wadasyz 
halda bolmaklyk, edilen wadasy ýokluk. 
WADY-WADYat, ser. Wadyr-wadyr
WADYR-WADYR, s. ş. aňl. söz. Çalt-çaltdan 
ýogyn ses bilen gatyrak gürlenende çykýan sesler, 
madyr-madyr. 
WADYRDABERMEK [wadyrda:vermek], işl. 
Wadyrdap başlamak. 
WADYRDAMAiş ady. Wadyrdamak ýagdaýy. 
WADYRDAMAK, işl. Çalt-çaltdan ýogyn ses 
bilen gatyrak gürlap, ýaňrap oturmak, madyrdamak. 
WADYRDAMAZLYK, iş ady. Çalt-çaltdan 
ýogyn sesli gatyrak gürlap, ýaňrap oturmazlyk, 
madyrdamazlyk. 
WADYRDAŞMAK, işl. Çalt-çalt düşnüksiz 
sözleşmek, gürrüň edişmek. 
WADYRDATMAK, 
işl. 
Kimdir 
birini 
wadyrdadyp gürletmek. 
WADYRDAÝYŞiş ady. Wadyrdamak ýagdaýy. 
WADYRDYat. Çalt-çaltdan ýogyn sesli gatyrak 
gürlenende çykýan sesiň ady. Öýdäkileriň wadyrdysy 
gije ýarymdan soň hem ýatmady. 
WAG [wağ], s. ş.aňl. söz. 1. Köpçülikleýin gürrüň 
edilende döreýän şowhunly ses, wagyr, galmagal, 
gopgun. 2. Siňekler, arylar we ş.m. köpçülikleýin 
uçanda çykýan ses. 

Wag bermek 1) köpçülik bolup şowhunly 
gürrüňleşmek, topar bolup ýygnanyşyp, wagyr edip 
oturmak. Daş-töweregimizde märeke wag berýärdi 
(

Edebiýat we sungat

). 2) waggyldyly seslenmek 
(arylar, siňekler we ş.m. hakynda). Öýjügi bozulan 
gara arylar dumly-duşda wag berýärdiler (N. 
Hojageldiýew). 
WAGALAŇ-ŞAGALAŇ [wağalaň-şağalaň], at. 
Toý-tomaşalyk, şadyýanlyk, üýşmeleň. 
WAGGA [wağğa], hal. Birden wag edip
waggyldyly ses bilen, gowur edip, köpçülik bolup. 
WAGGYLDABERMEK [wağğylla:vermek], işl. 
Waggyldap başlamak. 
WAGGYLDAMA 
[wağğyllama], 
iş 
ady. 
Waggyldamak ýagdaýy.
WAGGYLDAMAK [wağğyllamak], işl. l. 
Waggyldyly ses etmek, waggyldyly ses çykmak. 
Märekäniň waggyldaýan sesi asmana göterildi. 2. 
göç.m. Galmagal etmek, şowhun etmek, goh etmek. 
Sen waggyldamaňy goý! 
WAGGYLDAMAZLYK [wağğyllamazlyk], iş 
ady. Waggyldyly ses etmezlik, waggyldyly ses 
çykmazlyk; galmagal etmezlik, şowhun etmezlik, goh 
etmezlik. 
WAGGYLDAŞMAK [wağğyllaşmak], işl. Köp 
bolup waggyldamak. Waggyldaşyp durmaň-da, öýli-
öýüňize dargaň. 
WAGGYLDATMAK 
[wağğyllatmak], 
işl. 
Waggyldyly ses çykartmak, waglatmak. Suwy 
waggyldadyp akdyrdy.
WAGGYLDY [wağğylly], at. Köp mukdardaky 
suwuň ýokardan aşak inendäki ýa-da üýşen 
märekäniň, köp guşuň galmagally çykýan güňleç 
sesiniň ady. 
WAGLAMA [wağlama], iş ady. Waglamak 
ýagdaýy. 
WAGLAMAK [wağlamak], işl. Wag-wag edip 
guýulmak, dökülmek, akmak. Sil suwy waglap 
akýardy. 
WAGLAMAKLYK [wağlamaklyk], iş ady. 
Waglamak ýagdaýy. 
WAGLAMAZLYK [wağlamazlyk], iş ady. 
Waggyldyly seslenip guýulmazlyk, dökülmezlik, 
akmazlyk. 
WAGLAŞMAK [wağlaşmak], işl. Birnäçe 
ýerden waglamak.
WAGLATDYRMAK 
[wağlatdyrmak], 
işl. 
Waglaýan ses çykartmak. 
WAGLATMAK [wağlatmak], işl. Gapdaky suwy 
ýuwaşlyk bilen däl-de, waggyldyly seslendirip 
guýmak, dökmek. Suwy wagladyp guýmak. 
WAGLATMAZLYK [wağlatmazlyk], iş ady. 
Waglar ýaly etmezlik. 
WAGLAÝYŞ [wağlaýyş], iş ady. Waglamak 
ýagdaýy. 
WAGON [wağo:n], at. Ýolagçylary gatnatmak 
we ýük daşamak üçin relsiň üstünde öz tigirleri 
arkaly ýöreýän ulag serişdesi (ser. Magun). Ýük 
wagony. Ýolagçy wagony.  
WAGŞY [wağşy / wağşy:], syp. 1. Haýwan etini 
iýip ýaşaýan ýyrtyjy, ýabany (haýwan hakynda). 
Onuň pikiriçe, wagşy haýwanlaryň hemmesi otdan 
gaçarmyş (A. Gowşudow). Möjek hem öz ugruna 
örän hilegär wagşydyr (B. Gurbanow). 2. göç.m. 
Ynsanlyk mertebesini ýitiren, zalym, haýyn, ganhor, 
ýyrtyjy. Ah, wagşylar indi näderler meni (A. 
Alamyşow).
WAGŞYÇYLYK 
[wağşy:çylyk], 
at, 
ser. 
Wagşylyk


424 
WAGŞYÇYLYKLY 
[wağşy:çylykly], 
syp. 
Ynsanlyk 
mertebesinden 
çykylyp 
edilýän, 
wagşyçylyga has bolan. Wagşyçylykly hereket. 
WAGŞYLAŞMA [wağşy:laşma], iş ady. 
Wagşylaşmak ýagdaýy. 
WAGŞYLAŞMAK 
[wağşy:laşmak], 
işl. 
Wagşylyk derejesine ýetmek. 
WAGŞYLAŞMAKLYK [wağşy:laşmaklyk], iş 
ady. Wagşylaşmak ýagdaýy. 
WAGŞYLAŞMAZLYK [wağşy:laşmazlyk], iş 
ady. Wagşylyk derejesine ýetmezlik. 
WAGŞYLAŞYBERMEK [wağşy:laşyvermek], 
işl. Wagşylaşyp başlamak. 
WAGŞYLAŞYŞ 
[wağşy:laşyş], 
iş 
ady. 
Wagşylaşmak ýagdaýy. 
WAGŞYLYK 
[wağşy:lyk], 
at. 
Ynsanlyk 
mertebesinden çykylyp edilýän hereket. 
WAGŞYÝANA [wağşyýa:na], syp. 1. Wagşylara 
mahsus bolan, wagşyçylyk bilen edilýän hereket, 
ýyrtyjylykly. Olaryň wagşyýana birehimlik bilen 
atýan oklarynyň ýekejesi-de boş geçenokdy (G. 
Kulyýew). 2. göç.m. Wagşy haýwan ýaly, elhenç. 
Olaryň bogaz ýyrtyp, ýer ýumruklap, wagşyýana 
gygyryşlary howsala salyp, heziliňi gaçyrýardy 
(

Edebiýat we sungat

). 
WAGŞYÝANALYK [wağşyýa:nalyk], at. Wagşy 
häsiýete mahsus bolan hereket, wagşylyk, zalymlyk. 
Faşistleriň wagşyýanalygy örän elhençdi. 
WAGT [wağyt], at. 1. filos. Barlygyň hereketi 
bilen jebis baglanyşykly ýagdaýda üznüksiz we 
yzygiderli dowam edýän ählumumy ýaşaýyş şekili; 
zaman. Hemme zat şerte, ýere we wagta baglydyr. 2
Zamanyň asyrlar, ýyllar, günler, sagatlar we ş.m. 
bilen ölçelýän we ähli wakalaryň, ähli bolup geçýän 
zatlaryň ýaşaýyş dowamlylygyny bildirýän akymy. 3
Sagatlaryň, günleriň, ýyllaryň yzygiderli çalyşýan 
dowamynyň ölçegi ýa-da ölçeg ulgamy. Aşgabat 
wagty bilen sagat on. Ikindi wagty. 4. Sagatlaryň, 
günleriň, 
ýyllaryň 
yzygiderli 
we 
dowamly 
çalşygyndaky bolup geçýän, bir maksat üçin 
niýetlenen ýa-da bir maksat üçin peýdalanylmagy 
mümkin bolan müddet aralygy, pursat. Wagtdan 
dogry peýdalanmak. Wagty elden bermezlik. 5
Günüň, ýylyň dowamynda bir işiň, wakanyň, 
hadysanyň bolýan ýa-da bolup geçýän, ýaşaýan belli 
bir möwriti, pursaty. Agşam wagty. Ýagyşly wagt. 
Gündiz wagty. 

 Wagty bilen gelmeli, gitmeli, turmaly we ş.m. 
gymyldy-hereket etmeli wagtyndan geçirmän,
wagtyndan 
gijikdirmän. 
Başlygyň 
ýanyna 
girmekçidim weli, öňümden giren adam wagty bilen 
turmady. Wagtyňy hoşlamak (çaglamak) keýpiňi 
köklemek, şatlanmak, hezil etmek. Jeren atym 
münüp, wagtym çaglaýyp, Gijeler gowuşyp gülen 
ýerlerim (Seýdi). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   667   668   669   670   671   672   673   674   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling