Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
ÜSTÜNLIK [üssünlük] III, at, gepl.d. Degirmen
daşynyň ýokarkysy. Astynlygyny-da, üstünligini-de dişesin. ÜST-ÜSTE [üssüssö], hal. Biri-biriniň üstünde. Ýassyklary üst-üste goý. ÜŞBU, çal., ser. Uşbu. Açyldy zemin lälesi, // Üşbu dünýä reýhan bu gün (Magtymguly). Nepes diýer, hijriňden köýdüm üşbu zamana, // Eý gözel, sen dek gözel gelermi bu jahana (Mollanepes). ÜŞEK [üşök], syp. Sowuga çydamsyz, sähelçe sowuga dözümsiz, üşegen. Ol gaty üşekdir. ÜŞEKLIK [üşöklük], at. Sowuga çydamsyzlyk, sähelçe sowuga dözümsizlik, üşegenlik. ÜŞEME [üşömö], iş ady. Üşemek ýagdaýy. ÜŞEMEK [üşömök], işl.1. Sowuga çydamsyz bolmak, sowuk howa bedeniňe täsir etmek. Onuň elleri üşäp, duluklary nar ýaly gyzarypdyr (A. Durdyýew). 2. Sowuklamak, sowuk howanyň öte täsiri netijesinde ýoňlamak. Görýärin welin siz gaty üşäpsiňiz öýdýän (A. Gowşudow). ÜŞEMEKLIK [üşömöklük], iş ady. Üşemek ýagdaýy. ÜŞEMEZLIK [üşömözlük], iş ady. Sowuk howa bedene täsir etmezlik. ÜŞERIBERMEK [üşörüvermek],işl. Üşerilip başlamak. ÜŞERILIŞMEK [üşörlüşmök], işl. Birnäçe adam bilelikde üşerilmek. Oturanlaryň bary ileri-ileri omzap üşerilişdiler ( Edebiýat we sungat ). ÜŞERILMEK [üşörülmök], işl. Haýsy-da bolsa bir zada geň galyp, geňirgäp seredilmek. Eger olar keýik bolsa, Çerkeziň duranyny görüp, sakga durardylar, oňa bakan üşerilerdiler (B. Kerbabaýew). ÜŞERIŞ [üşörüş], iş ady. Üşermek ýagdaýy. ÜŞERIŞMEK [üşörüşmök], işl. Birnäçe bolup geňirgenip seretmek. Köçeden barýanlar allaniçigsi bolup üşerişdiler (B. Kerbabaýew). ÜŞERME [üşörmö], iş ady. Üşermek ýagdaýy. ÜŞERMEK [üşörmök], işl. Bir zada geň galyp, gorkup, çekinip seretmek; gulak asmak. Eýesini ysgap duran at üşerdi (Ç. Aşyrow). ÜŞERMEKLIK [üşörmöklük], iş ady. Üşermek ýagdaýy. ÜŞERMEZLIK [üşörmözlük], iş ady. Üşerip seretmezlik. ÜŞERTMEK [üşörtmök], işl. Bir zada geň galyp, gorkup, çekinip seretmek, diňşirgenmek, howatyr edip seretmek, çiňerilip seretmek, diň salmak. Hasasyna söýenen goja gözlerini üşerdip seretdi, emma salam beren oglany saýgaryp bilmän: – Kimdi bu? – diýip sorady (B. Kerbabaýew). Onuň taýhary gulaklaryny üşerdip, birdenkä hynçgyrmaga durdy (B. Kerbabaýew). ÜŞETME [üşötmö], iş ady. Üşetmek ýagdaýy. ÜŞETMEK [üşötmök], işl. Biriniň üşemegine sebäp bolmak. Çagany üşedipsiňiz. ÜŞETMEKLIK [üşötmöklük], iş ady. Üşetmek ýagdaýy. ÜŞETMEZLIK [üşötmözlük], iş ady. Üşetmän saklamak. Yssylatman, üşetmän, Gujagyna alsady (B. Kerbabaýew). ÜŞGI [üşğü], at. Agaç, demir deşmek üçin, şonuň ýaly-da metalyň ýüzüni oýmak üçin şallakynyň agzyna ötürilýän buraw görnüşli enjam. ÜŞÜDIŞ [üşüdüş], iş ady. Üşütmek ýagdaýy. ÜŞÜK,at. Duýgurlyk, aň, akyl; üns, dykgat. Gepe kimler düşünmeýär, üşügiň bolsa üme düş (B. Kerbabaýew). ÜŞÜKLI [üşüklü], syp. Ünsli, aňly, dykgatly. ÜŞÜKLILIK [üşüklülük], at. Üşügi barlyk, üşükli bolmaklyk. Onuň üşükliligi bir gowy zat. ÜŞÜKSIZ [üşüksüz], syp. Ünssüz, aňsyz, duýgur däl. Hyzmatkärleriň üşüksizligine gaharlanan şa Hudaýberdä sakçylyk eden iki ýigide azgyryldy (S. Myradow). ÜŞÜTME [üşütmö] 1. iş ady. Üşütmek ýagdaýy. 2. Üşüdip gagşadýan kesel. ÜŞÜTMEK [üşütmök], işl. Näsaglyk sebäpli bedeniň sowap gagşamak, sandyramak, titremek. Mähriniň ini çümşüldäp, bir hili üşüdýän ýaly boldy (A. Gowşudow). ÜŞÜTMEKLIK [üşütmöklük], iş ady. Üşütmek ýagdaýy. ÜŞÜTMEZLIK [üşütmözlük], iş ady. Üşäp näsaglamazlyk. ÜTDÜRMEK [ütdürmök], işl. 1. Ütmek işini başga birine etdirmek. Kellebaşaýagy ütdürmek. 2. göç.m. Hakyňy birine iýdirmek, almaly hakyň bir bölegini gidermek. ÜTELGI [ütölğü], at. Laçynlar maşgalasyndan eldeki edilip awa salynýan guş. Mydam garlydyr başlary, Ütelgi laçyn guşlary (Kätibi). ÜTME [ütmö], iş ady. Ütmek ýagdaýy. ÜTMEK [ütmök], işl. 1. Kellebaşaýak, guş we ş.m. tüýüni, ýelegini ýolup, oda çawlap arassalamak. 2. gepl.d., göç.m. Biriniň hakyny iýmek, birini aldap çürkemek. ÜTMEKLIK [ütmöklük], iş ady. Ütmek ýagdaýy. ÜTMEZLIK [ütmözlük], iş ady. Ütüp, ýolup, ýelegini, tüýüni aýyrmazlyk. ÜTÜBERMEK [ütüvermek], işl. Ütüp başlamak. ÜTÜJI[ütüjü], at, gepl.d. Kesekiniň hakyny iýiji, aldaýjy, ýolujy, çürkeýji. ÜTÜK I,at. Matanyň, geýimleriň ýygyrdyny düzlemek, ýazmak üçin gyzdyrylyp ulanylýan enjam. Onuň eginbaşy mydama ýap-ýaňyja ütügiň astyndan çykan ýalydy (A. Gelenow). ÜTÜK II,syp., gepl.d. Tüýi, ýelegi ütülen, düşen. Olaryň bir ütük towugy we altyn ýumurtgajygy bar eken (N. Pomma). ÜTÜKLEME [ütüklömö], iş ady. Ütüklemek ýagdaýy. ÜTÜKLEMEK [ütüklömök], işl. Matanyň, geýimiň we ş.m. ýygyrdyny ýazmak üçin üstünden 419 ütük çekmek, ütük ýöretmek. Eje, meniň iň oňat görýän köýnegim bilen jalbyrymy ütükläweri! (A. Nazarow). ÜTÜKLEMEKLIK [ütüklömöklük], iş ady. Ütüklemek ýagdaýy. ÜTÜKLEMEZLIK [ütüklömözlük], iş ady. Ütük etmezlik. ÜTÜKLENMEK [ütüklönmök], işl. Üstünden ütük ýöredilip, ýygyrdy ýazylmak. Ýagşymyrat ütüklenen geýimlerini geýdi (B. Seýtäkow). ÜTÜKLEŞDIRMEK [ütüklöşdürmök], işl. Mata, geýim we ş.m. zatlary bir ýanyndan ütükläp çykmak. Geýimleriňi ütükleşdirmek. ÜTÜKLEŞMEK [ütüklöşmök], işl. 1. Ütüklemäge kömekleşmek. 2. Bilelikde ütüklemek. ÜTÜKLETDIRMEK [ütüklötdürmök], işl., ser. Ütükletmek. ÜTÜKLETMEK [ütüklötmök], işl. Ütüklemek işini başga birine etdirmek. Eşiklerimi gyz jigime ütükletdim. ÜTÜKLEÝIŞ [ütüklöýüş], iş ady. Ütüklemek ýagdaýy. Gelniniň eşik ütükleýşine gaýyn enesiniň göwni ýetdi. ÜTÜKLÄBERMEK [ütüklä:vermek], işl. Ütükläp başlamak. ÜTÜKLI [ütüklü], syp. Ütüklenen. Ol ütükli eşiklerini geýdi. ÜTÜKSIZ [ütüksüz], syp. Ütüklenmedik, ütük edilmedik, ütük ýöredilmedik. Ütüksiz darja jalbary, Ediljek egri dyzyndan (Ç. Aşyrow). ÜTÜLGI [ütülğü], syp. Ütülen, ýelegi ütülip aýrylan. Ütülgi jüýje. ÜTÜLMEK [ütülmök], işl. 1. Ýelegi, tüýi ýolnup aýrylmak. Maral ýelegi ütülen towugy ýuwup arassalady. 2. göç.m. Hakyňy gidermek, hakyňy iýdirmek. ÜTÜLMIŞ [ütülmüş], at, gepl.d.Saçy ütülen, ütülen (kinaýa bilen aýdylýan söz). Ah-eý, ol ütülmiş garry köpegiň sypaty nähili? (N. Pomma). ÜTÜNMEK [ütünmök], işl. Özüň üçin ütmek. ÜTÜŞ, iş ady. Ütmek ýagdaýy. ÜTÜŞDIRMEK [ütüşdürmök], işl. Hemmesini bir ýanyndan ütüp çykmak. Öldürilen horazlary ütüşdirmek. ÜTÜŞMEK [ütüşmök], işl. 1. Ütmäge kömekleşmek. Gyzy ejesine kelle ütüşdi. 2. Bilelikde ütmek. Gelinler palawa atyljak towuklary ütüşip otyrdy. ÜWELMEK [üwölmök], işl. 1. Un görnüşine getirilmek, un edilmek. Bugdaý üwelmek. 2. Ownadylmak, maýdalanmak. Üwelen et. ÜWEME [üwömö], iş ady. Üwemek ýagdaýy. ÜWEMEK [üwömök], işl. l. Gallany, dänäni degirmenden geçirip, un görnüşine getirmek, un etmek. 2. Ýörite maşynlardan geçirip ownatmak, maýdalamak (dürli önümler hakynda). Maşynda somsalyk et üwemek. 3. gepl.d., göç.m. Galyň üçin köp zat almak. Mama Aýnany üwemek isleýär, meniň bolsa düýämi beräýmesem, başga zadym ýok (B. Kerbabaýew). ÜWEMEKLIK [üwömöklük], iş ady. Üwemek ýagdaýy. ÜWEMEZLIK [üwömözlük], iş ady. Degirmenden geçirip, un etmezlik. ÜWENMEK [üwönmök], işl. Özüň üçin üwemek, un etmek. El degirmende jöwen üwenmek. Gutaplyk et üwenmek. ÜWEŞDIRMEK [üwöşdürmök], işl. Ählisini üwemek, üwäp çykmak, üwäp gutarmak. Galan bugdaýlary üweşdirip ýygnaşdyrmak gerek. ÜWEŞMEK [üwöşmök], işl. 1. Üwemäge kömekleşmek. Gyzlar gelnejelerine bugdaý üweşdiler. 2. Bilelikde üwemek. Iki sany aýal el degirmende jöwen uweşip otyrdy. ÜWETDIRMEK[üwötdürmök], işl., ser. Üwetmek. ÜWETME [üwötmö], iş ady. Üwetmek ýagdaýy. ÜWETMEK [üwötmök], işl. Üwemek işini başga birine etdirmek. Bir gün baý ony iki bugdaýy üwetmek üçin Arkaja iberipdir (A. Gowşudow). ÜWEÝIŞ [üwöýüş], iş ady. Üwemek ýagdaýy. ÜWMEÇ [üwmöç], at. Pomidory üwäp, degişli goşundylary garmak arkaly taýýarlanan iýmit önümi. ÜWMEK [üwmök], syp.1. Üsti doldurylyp, tümmek edilip üýşürilip goýlan. Üsti üwmek etli palaw.2. Bir ýere üýşüp duran, köp mukdarda toplanan. ÜWMELEMEK [üwmölömök], işl.1. Mazaly tümmekläp goýmak, dolduryp guýmak, tümmek edip guýmak. 2. Üýşürip, toplap goýmak. ÜWMELETMEK [üwmölötmök], işl. Üwmelemek işini birine etdirmek. Okarany dogramadan üwmeledip alyp geldi. ÜWMELGI [üwmölğü], syp. Üwmek bolup duran üýşürilip goýlan, üýşürilgi. ÜWREDIBERMEK [üwrödüvermek], işl. Üwredip başlamak. ÜWREG [üwröğ], at, gepl.d. Sallançagyň bady. Sallançagyň üwregi galdygy çaga oýanýardy. ÜWRELMEK [üwrölmök], işl. Biri tarapyndan herekete getirilmek, yralanmak. Sallançak üwreldi. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling