Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


WAGT-WAGT [wağyt-wağyt], hal, ser. Wagtal-


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet672/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   668   669   670   671   672   673   674   675   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WAGT-WAGT [wağyt-wağyt], hal, ser. Wagtal-
wagtal. Ýolukman geçen, wagt-wagt sabaşan hem 
bolýardy, ýöne ýene duýman durkaň burup taşlaýardy 
(T. Gurbanow). 
WAGTAL-WAGTAL 
[wağtal-wağtal], 
hal. 
Käwagt, kämahal, käte-käte, çendan-ýarym, wagt-
wagt. Deňiz üstünden wagtal-wagtal şemal ösýärdi. 
WAGTLAÝYN [wağytlaýyn], syp., hal. 1. Belli 
bir wagt dowamynda bolýan, çäklenen bir müddetde 
hereket edýän, az wagtlyk. Ol adamlar bu ýere 
wagtlaýyn gelipdirler. 2. Belli bir wagtda, belli bir 
pursatda gelip-geçip duran, hemişelik däl, hemişelik 
bolmadyk. 3. Möwsümleýin, belli bir wagt 
aralygynda ýerine ýetirilýän. Wagtlaýyn iş. 
WAGTLAÝYNÇA [wağytlaýynça], hal, ser. 
Wagtlaýyn 2. Onuň işini-de wagtlaýynça meniň 
üstüme atdylar (

Edebiýat we sungat

). 
WAGTLY-WAGTYNDA [wağytly-wağtynna], 
hal. Öňünden bellenen wagtda, barmaly wagtda, gijä 
galman, wagt taýdan belli bir yzygiderlilikde. Wagtly-
wagtynda iýip-içmek. Wagtly-wagtynda ýatmak. 
WAGT-ORUN [wağt-orun]: wagt-orun düşüm 
dil b. kimde? nämede? nirede? diýen soraglara jogap 
bolýan, bir zadyň wagtyny, ornuny aňladýan düşüm. 
WAGTYNDA 
[wağtynna], 
hal. 
Öňünden 
bellenen wagtda, barmaly wagtda, gijä galman. 
Görogly bu gezek hem wagtynda ýetişýär 
(

Görogly

). 
WAGTYHOŞ [wağtyhoş], syp. Keýpi kök, 
keýpli, şadyýan, aladasyz, hoşwagt. Wagtyhoş adam. 
Wagtyhoş ýaşamak. 
WAGTYHOŞLUK [wağtyhoşluk], at. 1. Keýpi 
köklük, keýplilik, aladasyzlyk. Ol wagtyhoşluk bilen 
ýuwaşja hiňlenýärdi. 2. Şadyýanlyk, şagalaňlyk, 
Aýdym-saz – wagtyhoşluk, imisalalyk üçin döredilen 
sungat (

Edebiýat we sungat

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   668   669   670   671   672   673   674   675   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling