Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet679/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   675   676   677   678   679   680   681   682   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WAZYRTDA-WUZURT, s.ş. aňl.söz, ser. 
Wazyrtda-wazyrt. 
Maşynlar 
wazyrtda-wuzurt 
geçýärdiler.
WAZYRT-WUZURT, s.ş. aňl.söz. 1. ser. 
Wazyr-wuzur. Olaryň wazyrt-wuzurdy ýatmady. 2. 
ser. Wazyrtda-wuzurt. 
WAZYR-WUZUR, at. Çalt we düşnüksiz 
gepleýiş, sözleýiş. Ol wazyr-wuzur edip, bir zatlar 
aýtdy-da gidiberdi.  
WAZZYK, syp. Sözünde ugur-utga bolmadyk, 
hazzyk, lakgy (adam). 
WAZZYKLABERMEK [wazzykla:vermek], işl. 
Wazzyklap başlamak. 
WAZZYKLAMA, iş ady. Wazzyklamak hereketi
ýagdaýy. 
WAZZYKLAMAK, işl. Wazzy-wuzzy edip 
geplemek, wazzyk-wuzzuk edip gürlemek, düşnüksiz 
sözlemek. Sen näme wazzyklaýarsyň?  
WAZZYKLAMAZLYK, iş ady. Wazzy-wuzzy 
edip gürlemezlik. 
WAZZYKLAŞMAK, işl. Biri bilen wazzy- 
wuzzy edişip gürleşmek. Näme belli bir zat aýtman 
wazzyklaşyp otyrsyňyz!  
WAZZYK-WUZZUK, at, ser. Wazzy-wuzzy. 
Dili agzyna sygmaýan ýaly, wazzyk-wuzzuk 
gepleýärdi.  
WAZZYLDABERMEK [wazzylla:vermek], işl. 
Wazzyldap başlamak. 
WAZZYLDAMA 
[wazzyllama], 
iş 
ady. 
Wazzyldamak ýagdaýy. 
WAZZYLDAMAK 
[wazzyllamak], 
işl. 
Wazzyldyly seslenmek, 

waz

edip ses çykmak. Sapa 
ilki gülleriň arasynda uly zenzele edip, wazzyldap 
uçup ýören eşek arysyna meňzeş bir möjejigi gördi 
(N. Esenmyradow). 
WAZZYLDAMAZLYK [wazzyllamazlyk], iş 
ady.
Wazzyldyly ses çykmazlyk ýa-da çykarmazlyk. 
WAZZYLDAŞMAK [wazzyllaşmak], işl. Ýerli-
ýerden wazzyldyly ses çykmak. 
WAZZYLDATDYRMAK 
[wazzyllatdyrmak], 
işl. Wazzyldyly ses çykartmak. 
WAZZYLDATMAK 
[wazzyllatmak], 
işl. 
Wazzyldyly ses çykarmak. 
WAZZYLDY [wazzylly], at. Mör-möjek uçan 
mahalynda, primus we ş.m. zatlar işledilende çykýan 
sesiň ady. 


431 
WAZZYLDYLY [wazzyllyly], syp. Wazzyldysy 
bar bolan. 
WAZZYLDYSYZ 
[wazzyllysyz], 
syp. 
Wazzyldysy ýok, wazzyldysy bolmadyk. 
WAZZY-WUZZURAK [wazzy-wuzzura:k], hal. 
Birneme 
wazzy-wuzzy. 
Ol 
wazzy-wuzzurak 
gürleýändir. 
WAZZY-WUZZY, at. Diýjek zadyny açyk aýdyp 
bilmeýän adamyň ýa-da ýaş çaganyň düşnüksiz 
sözleýşi. Wazzy-wuzzy gepläp, çöp döwüp, ýer 
dyrmalady (N. Pomma).
WE [we:], Türkmen milli elipbiýiniň 

W

harpynyň ady. 
WE, Ugurdaşlygy, deňdeş sözleri, sözlemleri 
baglanyşdyrmak üçin hyzmat edýän baglaýjy. Ol 
ýerde ýazlyk bugdaýdan başga düme künji, nohut we 
gawun-garpyz ýaly ekinler-de emele gelýärdi (A. 
Gowşudow). 
WEBAL [weba:l], at, k.d. Günä, ýazyk, 
Webalyňa men galaryn, gel pajyň bergin, Bezirgen 
(

Görogly

). Eger ol kyrk günden bärde öläýse, 
webaly seniň boýnuňa (A. Gowşudow).

 Webala galmak zyýana galmak. Ençe webala 
galan hunhora aşyk bolmuşam (Baýly şahyr). 
WEÇat. Derek, ugur, hiç bir jähetden. Aýnanyň 
soragy Mama hiç bir weçden täsir etmedi (B. 
Kerbabaýew).

Wejiň gaçmak ugruň bolmazlyk, heziliň 
bolmazlyk. 
WEHIM, at. Gorky duýgusy, ätiýaç etme, 
çekinme. Müşgil sapar bolar ölüm sapary, Wehimi 
çoh bolar, köpdür hatary (Magtymguly). Halal işle, 
ahyretden wehmiň bar (Magtymguly).  

Wehim etmek gorkmak, ätiýaç etmek, 
çekinmek. 

Bir şum tapylaram, agtygymyň hemme 
syryny äşgär eder, bu gudaçylygam bozular

 diýip, öz 
ýüreginden wehim edýärdi (A. Gowşudow). 
WEHIMLI, syp. Gorky duýguly, ätiýaçly, 
çekinip durýan. Giň ýerde garga deý bolsun wehimli 
(Magtymguly). 
WEHIMLILIK, at. Wehimli bolmaklyk, wehimi 
barlyk, wehimsiz dällik.
WEHIMSIZ, syp. Gorkusyz, wehim etmän.
WEJERA [wejera:], syp.1. Biabraý, masgara. 2. 
Aýyp, ýaramaz, bolgusyz, gödek mazmunly. Men 
aýallaryň ýanynda wejera şorta sözleri aýtmaga 
çekinýärdim (

Edebiýat we sungat

). 3. Görki-
görnüşi eleşan, sallam-sajak, betnyşan. Bilmedim, 
palçyga bulanypmy, nämemi, wejera görnüşi bar.  
WEJERAÇYLYK [wejera:çylyk], at, ser. 
Wejeralyk. Ol hiç bir wejeraçylykdan gaýtmaz.  
WEJERALYK [wejera:lyk], at. Wejere halda 
bolmaklyk, biabraýçylyk, masgaraçylyk. – Hiý, 
beýle-de bir wejeralyk bolarmy?! – diýip, köşetjek 
boldy (H. Derýaýew).
WEKIL [weki:l], at. 1. Belli bir tarapyň, ýurduň 
bähbidini göz öňünde tutýan, garaýşyny beýan edýän, 
ynanylan adam. 2. Bir halkyň, ýurduň bähbidini 
gorap, işi, döredijiligi bilen özüni tanadan adam. 
Kemine zähmetkeş halkyň wekilidir. 3. göç.m. Bir 
maksat bilen gurama, jemgyýet, edara we ş.m. 
tarapyndan iberilen adam. Şol ýerde polisiýa 
bölüminiň wekili bolmaly (

Türkmenistan

). 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   675   676   677   678   679   680   681   682   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling