Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet677/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   673   674   675   676   677   678   679   680   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WATANÇYLYK, syp. Watançy bolmaklyk, öz 
watanyňa we halkyňa, watanyňa wepalylyk.

Watançylyk urşy öz watanyň azatlygy we 
garaşsyzlygy üçin keseki ýurt basybalyjylaryna garşy 
alnyp barylýan adalatly uruş. 
WATANDAŞ [watannaş], at. 1. Biri bilen bir 
watanda, bir ýurtda doglup, önüp-ösen adamlar, 
ýurtdaş, ildeş. 2. Bir watandan bolan adamlara ýüz 
tutulyp aýdylýan söz, resmi suratda ýüzlenme şekili. 
Eziz watandaşlar, toýuňyz toýa ulaşsyn! 
WATANDAŞLYK 
[watannaşlyk], 
at. 
1. 
Watandaş bolmaklyk, bir watandan bolmaklyk
ýurtdaşlyk, ildeşlik. 2. syp. Watandaşa has bolan, 
watandaşa degişli bolan. Watandaşlyk borjy. 
WATANLY, syp. Watany bar bolan (adam 
hakynda). 
WATANPARAZ, syp., ser. Watançy. 
WATANPARAZLYK, at, ser. Watançylyk
Döwlet 
nyşanlaryna 
söýgi-muhabbetiň 
arşa 
göterilmegi bolsa watanparazlygyň aňrybaş çägi 
(

Türkmenistan

). 
WATANPERWER [watanperwör], syp., ser. 
Watansöýüji. 
WATANSÖÝÜJI 
[watansöýüjü], 
syp.,ser. 
Watançy. 
WATANSÖÝÜJILIK [watansöýüjülük], at, ser. 
Watançylyk.  
WATANSYZ, syp. Watany ýok (adam hakynda). 
WAWWA [wa:wwo], at, gepl.d. Esasan, 
çagalaryň dilinde gabat gelip,

agyry

diýen manyny 
aňladýar. 

Wawwaňa duz basylan (sepilen) ýaly bolmak 
oda-köze 
düşmek, 
ýanyp-bişip 
barmak. 
Iki 
goragçynyň wawwasyna duz basylan ýaly boldy 
(

Edebiýat we sungat

). 
WAWWALY [wa:wwoly], syp. Agyryly, ýaraly. 

Wawwaly ýerinden tutmak biriniň asgyn, 
gowşak tarapyny aýtmak, kemçiligini ýüzüne 
aýtmak; derdini gozgamak. Siz onuň wawwaly
ýerinden tutduňyz. Wawwaly ýaly 1) seresaplyk 
bilen, emaý bilen, ýuwaşlyk bilen. Japbaklar 
wawwaly ýaly ýörediler (B. Kerbabaýew). 2) ynjyk, 
näzik. Ol edil wawwaly ýaly. 
WAWWASYZ [wa:wwosuz], syp. Wawwasy ýok, 
wawwasy bolmadyk. 
WAÝ, üml. Bir zat garaşylyşy ýaly bolmanda, 
etmelisi ýaly edilmände aýdylýar [wa’a:] ýaly 
aýdylýan ümlük hem şoňa meňzeşräk manyda 
ulanylýar). Waý, bul-a bolmady-ow. 
WAÝ [wa:ý], üml. Adamda gaty agyry
gorky duýgusyny, haýran galmagy, geň galmagy, 
gynanjy, gaýgy-gamy, zeýrenji, ökünji aňladýar. Ol 
ýarasynyň agyrysyna çydaman, 
waý diýip 
gygyrdy. Waý, ýetişiň! (B. Seýtäkow). ‒ Waý, balam! 
‒ diýip, Aýnabat jynssyz gygyrdy. (Çary Aşyrow). 
Waý, Kaka bilen Duşagyň arasynyň daşdygyny. 
Obada biri ölse, 

Waý, kaka, waý, dogan

diýip 
gygyrýarlar (

Türkmenistan

).

Waý gününe! biriniň agyr halyna, ýagdaýyna 
gynanylyp aýdylýan aňlatma; dat gününe. Indi biziň 
waý günümize! (

Görogly

). 
WAÝ-EÝ [wa:ý-e:ý], üml. 1. Biriniň bolşuna 
göwnüýetmezçilik edilip, aýal maşgalalar tarapyndan
aýdylýar. Waý-eý, bolan bolşuna bir seret, özüm 
näme diýmän, ile göwni ýetenok2. Waý-eý, endam-
janym syrkyrap dur.
WAÝKYRMA, iş ady. Waýkyrmak ýagdaýy. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   673   674   675   676   677   678   679   680   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling