Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
WARAKLAMAZLYK,
iş ady. Waraklap çykmazlyk. WARAKLANMAK, işl., gep. d. Sahypalary ýekän-ýekän gözden geçirilmek, sahypalara ýekän- ýekän seredilip çykylmak. WARAKLATMAK, işl. Kimdir birine kitabyň, depderiň sahypalaryny agdartmak. WARAKLY, syp. Sahypaly. Zer warakly, ýüzi gyzyl jezwelli, Okadygym kitap, gurhan, gal indi (Seýdi). WARHAM, at. Bulaşyk, bulam-bujar. Köp pakyrlar aglaşyp, geler andan amana, Istäri bar az wagtdan warham bolsa zamana (Magtymguly). WARHAM-TARHAM: warham-tarham etmek, bulam-bujar etmek, görer ýaly etmezlik. WARÝANT [varyýa:nt], at. Haýsydyr bir zadyň üýtgeşik görnüşi. WARÝANTLAŞMA [varyýa:ntlaşma], 1. iş ady. Warýantlaşmak ýagdaýy. 2. dil.b. Biri-biriniň ýerine ulanylma. Dürs aýdylyşdaky warýantlaşma. Sözleriň warýantlaşmasy. Stilistik warýantlaşma. WARÝANTLAŞMAK [varyýa:ntlaşmak], işl., dil.b. Görnüşi üýtgemek; şol bir hyzmaty ýerine ýetirmek üçin bir sözüň ýerine başga söz, ses, goşulma gelmek. WARÝANTLY [varyýa:ntly], syp. Warýanty bar bolan. Warýantly aýdylyş. WARÝANTLYLYK [varyýa:ntlylyk], at, dil.b. Warýanty barlyk, warýantly bolmaklyk. Morfologik warýantlylyk. WARK-WARK, s.ş. aňl.söz. Gurbaganyň we käbir guşlaryň çykarýan sesi. Gurbagalaryň wark- warky ýatyşdy. WARKYLDABERMEK [warkylla:vermek], işl. Warkyldap başlamak (gurbaga hakynda). WARKYLDAMA [warkyllama], iş ady. Warkyldamak ýagdaýy. WARKYLDAMAK [warkyllamak], işl. 1. Wark- wark edip seslenmek, warkyldyly ses çykarmak (gurbaga, kepderi, gögerçin we ş.m. hakynda). Garaňky düşende gurbagalar warkyldap başlady. 2. Wark-wark edip, gaty ses bilen gülmek. WARKYLDAŞMAK [warkyllaşmak], işl. 1. Köp sanlysy warkyldamak. Gijelerine gurbagalar warkyldaşýarlar. 2. gepl.d. Köp adam bolup gaty gülmek. Toýa gelen aýallar warkyldaşyp, ala-ýaz bolşup otyrdylar. WARKYLDY [warkylly], at. 1. Gurbaga we käbir guşlaryň çykarýan sesiniň ady. Guşlaryň warkyldysy. 2. Gaty çykýan gülki. WARLABERMEK [warla:vermek], işl. Warlap başlamak. Ol uçar duran ýerinde warlaberdi. WARLAMA, iş ady. Warlamak ýagdaýy. WARLAMAK, işl. War-war edip seslenmek, warryldyly ses çykarmak. Asmandan uçarlaryň warlaýan sesleri eşidilýärdi. WARLAMAZLYK, iş ady. Warlaýan ses çykarmazlyk. 428 WARRA-WURRA [warra-wurro], at. Düşnüksiz, gödek äheňde gepleýiş, düşnükli-düşnüksiz sözleýiş. Bular-aýt, biri-birleriniň warra-wurrasyna özleri beri düşünýärmikäler? (B. Kerbabaýew). WARRYK, syp. 1. Gorkak, züwwetdin. Ol gijelerine öýden çykyp bilmeýän barypýatan warrykdy. 2. Ugursyz gürläp ýören. WARRYKLABERMEK [warrykla:vermek], işl. Warryklap başlamak. WARRYKLAMA, iş ady. Warryklamak ýagdaýy. WARRYKLAMAK, işl. Warryk-warryk edip seslenmek, warryk-warryk edýän ses çykarmak. Kölden gurbagalaryň warryklaýan sesi gelip durdy. WARRYKLAMAZLYK, iş ady. Warryk-warryk etmezlik. WARRYKLAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden köpçülikleýin warryk-warryk etmek. Gurbagalar warryklaşýardylar (N. Jumaýew). WARRYK-WARRYK, s.ş.aňl.söz. Gurbagalar dowamly saz-söhbet edende çykarýan sesi. Kölde gurbagalaryň warryk-warrygyndan başga ses eşidilmeýärdi. WARRYLDABERMEK [warrylla:vermek], işl. Warryldap başlamak. WARRYLDAMA [warryllama], iş ady. Warryldamak ýagdaýy. WARRYLDAMAK [warryllamak], işl. War-war edip seslenmek, war-war etmek. WARRYLDAMAZLYK [warryllamazlyk], iş ady. War-war etmezlik. WARRYLDAŞMAK [warryllaşmak], işl. Ýerli- ýerden bilelikde war-war etmek. Olar warryldaşyp, ýüregimize düşdüler. WARRYLDATMAK [warryllatmak], işl. War- war edýän ses çykartmak. Ol ertirden bäri traktoryny warryldadyp, ýer sürüp ýör. WARRYLDY [warrylly], at, Traktoryň, uçaryň we ş.m. motory işlän mahalynda emele gelýän güňleç gaty sesiň ady. Uzyn gijeläp traktoryň warryldysy ýatmady. WARSAKY, at. Biderek, boş, bolgusyz, ugursyz- utgasyz (gürrüň). Ýönekeý warsaky gürrüňleriň söýgä, hakyky söýgä öwrülip gidenini özleri-de duýman galdylar (B. Pürliýew). Warsaky urmak biderek, ugursyz gürrüň etmek. Sen warsaky urmaly bolanda, diliňi kireýine alan ýaly (B. Kerbabaýew). WARSAKYÇY, at. Warsaky gürrüňler aýdýan adam. WARSYLDAMA [warsyllama], iş ady. Warsyldamak hereketi. WARSYLDAMAK [warsyllamak], işl. Warsyldyly ses çykmak, warsyldyly seslenmek (ser. Pörsüldemek). Iňňe onuň elinden warsyldap çümdi. WARSYLDAMAZLYK [warsyllamazlyk], iş ady. Warsyldyly ses çykarmazlyk. WARSYLDATMAK [warsyllatmak], işl. Iňňäni, pyçagy teniň bir ýerine, garpyza we ş.m. sokup warsyldyly ses çykarmak. Ol pyçagy garpyzyň böwründen warsyldadyp sokdy. WARSYLDY [warsylly], at. Bedene iňňe, garpyza pyçak sünjülende we ş.m. ýagdaýda döreýän sesiň ady. WAR-WAR: war-war etmek ýogyndan gaty ses bilen gürlemek. WAS, s.ş.aňl.söz. Pökginiň we ş.m. ýeli çykýan wagtynda döreýän ses. WASLAMAK [wasylamak], işl. Was edip ses çykmak. WASP [wasyp], at. Taryp, öwgi. Ylym gerek seniň waspyň ýazmaga (Kemine). WASPNAMA [wasypna:ma], at, edeb. Taryhy wakanyň ýa-da şahsyň hatyrasyna bagyşlanyp ýazylan şygyr. WASSYKLAMA, iş ady. Wassyklamak ýagdaýy. WASSYKLAMAK, işl. Ýel berýän we ýel alýan zatdan wassyk-wassyk edip, wassyldyly ses çykmak. Ana açyk bir eýwanda körük wassyklap, kömürden al-ýaşyl ýalyn bulaýlanýardy (B. Kerbabaýew). WASSYKLAMAZLYK, iş ady. Wassyk-wassyk etmezlik. WASSYKLAŞMAK, işl. Ýel berýän we ýel alýan zatdan wassyklap ses çykmak ýa-da çykarmak. Ussahanada basylýan körükler wassyklaşyp, ojakdaky demirleri gyzdyrýardy. WASSYKLATMAK, iş ady, Wassyk-wassyk etdirip seslendirmek, wassyldyly ses çykartmak. Körügi wassykladyp, ody mazaly güýçlendirdi. WASSYKLATMAZLYK, iş ady. Wassyk- wassyk etdirmezlik. WASSYKLAÝYŞ, iş ady. Wassyklamak ýagdaýy. WASSYLDAMAK [wassyllama], işl., ser. Wassyklamak. WASSYLDAŞMAK [wassyllaşmak], işl., ser. Wassyklaşmak. WASSYLDATMAK [wassyllatmak], işl., ser. Wassyklatmak. WASSYLDY [wassylly], at. Körük işledilende çykýan sesiň ady. WASSYK-WASSYK, at, Körük basylanda waslap çykýan ýeliň sesi. WAS-WAS, syp. Haýsydyr bir zat hakynda ýüregiňe dowul düşme arkaly ýüze çykýan psihiki kesel. Was-was adam. Was-was bolmak. Was-was keseli. Was-wasa düşmek aljyramak, başagaý bolmak, özüňi ýitirmek, eliňi-aýagyňy ýitirmek. Daýzam was- wasa düşüp ýören bolaýmasyn ( Edebiýat we sungat ). WAS-WASLYK, at. Was-was halda bolmaklyk. WAS-WASY, syp. , ser. Was-was. Şeýle bir was- wasy boldum, edil birden üstüme ýagy döküläýjek ýaly (B. Öwezow). WAS-WASYLYK, at. Was-wasy halda bolmaklyk. WAS-WASYRAK [was-wasyra:k], syp. Azda- kände was-wasy. Meniň göwnüme bolmasa, ol was- wasyrak. 429 WASYRDABERMEK [wasyrda:vermek], işl. Wasyrdyly ses çykyp başlamak. WASYRDAMAK, işl. Wasyr-wasyr edip seslenmek, wasyrdyly ses çykarmak. Üstünden suw guýlan ot wasyrdap öçdi. WASYRDAMAZLYK, iş ady. Wasyr-wasyr edip ses çykarmazlyk. WASYRDAŞMAK, işl. Birnäçe ýerden wasyrdyly ses çykmak (üstüne suw guýlan köz, gor hakynda). WASYRDATMAK, işl. Wasyr-wasyr etdirip seslendirmek, wasyrdyly ses çykartmak. WASYRDY, at. Üstünden suw guýlan otdan, gordan we ş.m. çykýan sesiň ady. WASYR-WASYR, s.ş. aňl.söz. Üstünden yzly- yzyna suw guýlan otdan, gordan çykýan sesler WAŞYRDABERMEK [waşyrda:vermek], işl. Waşyrdap başlamak. WAŞYRDAMA, iş ady. Waşyrdamak ýagdaýy. WAŞYRDAMAK, işl. Hyýar ýaly ter zat agzyňa salnyp çeýnelende waşyr-waşyr edip ses çykmak (ser. Paşyrdamak). WAŞYRDAMAZLYK, iş ady.. Waşyr-waşyr edýän ses çykmazlyk. WAŞYRDATMAK, işl. Waşyr-waşyr edip ses çykartmak, waşyrdyly seslendirmek. Turşy hyýaryny waşyrdadandan soň, Kelhanyň bogazy biraz giňedi (B. Kerbabaýew). WAŞYRDAÝYŞ, iş ady. Waşyrdamak ýagdaýy. WAŞYRDY, at. Ter gök önüm we ş.m. zatlar iýlende emele gelýän sesiň ady. WAŞYR-WAŞYR, s.ş. aňl.söz. Ter gök önüm we ş.m. zatlar iýlende çykýan ses. WATAN, at. l. Adamyň doglup-dörän ülkesi, önüp-ösen, özüni onuň raýaty hasaplaýan ýurdy; ata watan, ene toprak, dogduk mekan.2. Bir zadyň emele gelen ýeri, mekany. Bu ýerler waharmanyň watany. Watan tutmak mesgen tutmak, mydamalyk oturymly bolmak, ýurt tutmak. Tutsam ol ýerde watan, ol ýer ki anyň ilidir (Magtymguly). Watan ogly Watanyna jany-teni bilen berlen, oňa hyzmat edýän ýigit, adam. WATANÇY, syp. Öz watanyny söýýän, öz watanynyň bähbidi ugrunda göreşiji, öz watanyna, halkyna wepaly (adam). Watançy ýaşlar. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling