Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet678/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   674   675   676   677   678   679   680   681   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

WAÝKYRMAK, işl. 

Waý



waý-waý

diýip, 
gaty sesli aglamak, gygyrmak. 
WAÝKYRMAZLYK, iş ady. Gaty ses bilen 
waýkyryp aglamazlyk 
WAÝKYRTMAK, işl. Kimdir birini 

waý-waý

diýdirip gygyrdyp aglatmak. 


430 
WAÝKYRYŞMAK, işl. Ýerli-ýerden waýkyryp 
aglamak. Oturanlar waýkyryşyp başladylar.  
WAÝYRDY, at. Ter gök önüm iýlende emele 
gelýän sesiň ady. 
WAÝYRT-WAÝYRTs.ş. aňl.söz.Ter gök önüm
yzly-yzyna dişlenip agzyňa salnanda, çeýnelende 
döreýän ses.
WAÝ-WAÝ, üml., ser. Waý. Seniň waý-waýyň 
ýatmady-la. 
WAÝ-WAÝLAMA, iş ady. Waý-waýlamak 
ýagdaýy. 
WAÝ-WAÝLAMAK, işl. Agyry, gorky, 
gynanç we ş.m. sebäpli waý-waý edip, naýynjar ses 
etmek, seslenmek Hassa agyrysyna çydap bilmän, 
waý-waýlap ýatyrdy.  
WAÝ-WAÝLAMAZLYK, iş ady. Waý-waýlap, 
naýynjar gygyrmazlyk. 
WAÝ-WAÝLAŞMAK, işl. Ýerli-ýerden waý-
waý edişip naýynjar gygyryşmak. 
WAÝ-WAÝLATMAK, işl. Waý-waý etdirip, 
naýynjar gygyrtmak. 
WAZ, s.ş.aňl.söz. Mör-möjek çalt uçanda, maşyn 
gaty ýörände we ş.m. ýagdaýda döreýän ses. 

Waz ýasamak maşynly, motorly gyssanmaç, 
çalt, tiz gitmek, at salmak. Biz oba waz ýasabermeli. 
WAZLABERMEK [wazyla:vermek], işl. Wazlap 
başlamak. 
WAZLAMA [wazylama],iş ady. Wazlamak 
ýagdaýy. 
WAZLAMAK [wazylamak], işl. 1. Wazzyldyly 
ses çykmak, wazyrdamak. 2göç m. Gaty gitmek, çalt 
ýöremek, dazlap barmak. Awtobus gara ýoldan 
wazlap barýardy. 3. Hazlap girmek, hazlap geçmek, 
hazlamak (ýel, sowuk we ş.m. hakynda). Gapydan 
sowuk ýel wazlap girýär.  
WAZLAMAZLYK [wazylamazlyk], iş ady. 
Wazlap gitmezlik; hazlap girmezlik, hazlamazlyk. 
WAZLAŞMAK [wazylaşmak], işl. Birnäçe 
maşyn wazlap gitmek. Maşynlar wazlaşyp geçip dur. 
WAZLATDYRMAK [wazylatdyrmak], işl. 1
Wazzyldyly ses çykartmak. 2. Wazladyp sürdürmek 
(maşyn we ş.m. hakynda). 
WAZLATMAK [wazylatmak]işl. 1. Wazzyldyly
ses çykarmak. 2. Gaty, batly sürüp gitmek. Ol 
Toýotasyny wazladyp geçip gitdi.  
WAZYR, s, ş. aňl. söz. Birden ýanýan zatlar ot 
alanda, ýanyp duran ýaga et we ş.m. atylanda, şonuň 
ýaly-da maşynlaryň çalt hereketinden we ş.m. çykýan 
ses. 
WAZYRDABERMEK [wazyrda:vermek], işl. 
Wazyrdap başlamak. 
WAZYRDAMA, iş ady. Wazyrdamak ýagdaýy. 
WAZYRDAMAK, işl. Wazyrdyly ses etmek, 
wazyr-wazyr edip seslenmek, wazlamak. Dazyrdap 
gelýän taýak onuň üstünden wazyrdap geçdi (B. 
Kerbabaýew).
WAZYRDAMAZLYK, iş ady. Wazyr-wazyr 
etmezlik. 
WAZYRDAŞMAK, işl. 1. Ýerli-ýerden wazyr-
wazyr edişip sözleşmek. 2. Wazyrdaşyp gitmek 
(maşyn we ş.m. hakynda). 
WAZYRDATMAK, işl. Wazyrdyly seslendirip 
gaty sürmek (maşyn hakynda).
WAZYRDY, at. Birden ýanýan zatlar ot alanda
käbir mehanizmler birden herekete getirilende, şonuň 
ýaly-da maşynlar ýokary tizlikde hereket edende we 
ş.m. ýagdaýda emele gelýän sesiň ady.
WAZYRTDA-WAZYRT, s.ş. aňl.söz. 1. Yzly-
yzyna gapdalyňdan ýokary tizlik bilen geçip barýan 
maşynlardan çykýan sesler. 2. göç.m. Eýläkde-
beýläk, çalasyn hereket. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   674   675   676   677   678   679   680   681   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling