Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
YGTYÝARSYZLYK
[yğtyýa:rsyzlyk], at, Ygtyýary, erki, rugsady ýokluk, ygtyýarly dällik, ygtyýarly edilmedik. YGYM-SAGYM [y:ğym-sa:ğym], syp., hal. 1. Her ýerde biri. Ygym-sagym gara öýler, Kimi dagyň düýbünde (A. Alamyşow). 2. Käwagt biri. Ýol bilen ygym-sagym barýanlar-a bar. YGYŞ [y:ğyş], at. Ýeliň, şemalyň urmaýan ýeri, yk, ygyşga. YGYŞAK [y:ğyşak], at. Yk tarap, ýel degmeýän tarap, ygyşga. Olar ullakan jaýyň ygyşagynda otyrdylar. YGYŞGA [y:ğyşğa], at, gepl.d., ser. Ygyşak. YGYŞLAMA [y:ğyşlama], iş ady. Ygyşlamak ýagdaýy. YGYŞLAMAK [y:ğyşlamak], işl., gepl.d., ser. Yklamak. YGYŞLAMAKLYK [y:ğyşlamaklyk], iş ady. Ygyşlamak ýagdaýy. YGYŞMAK [y:ğyşmak], işl. 1. Ýeliň, şemalyň ugruna galgaşmak, gaýyp gitmek (birnäçe ýeňil zat hakynda). Gulpaklary iki gulagynyň üstüni ýapyp, ýele ygyşyp durýardy (B. Seýtäkow). 2. göç.m. Işsiz, bikär aýlanyşyp ýörmek, enteşip ýörmek. YHLAS [yhla:s], at. Birine ýa-da bir işe bolan janypkeşlik, höwes, ak ýüreklilik bilen garaýyş. YHLASLY [yhla:sly], syp. Birine ýa-da bir işe tüýs ýürekden ýapyşýan, işini janypkeşlik bilen ýerine ýetirýän. Yhlasly işlemek. Okuwyňa yhlasly ýapyşmak. Yhlasly adam. YHLASLYLYK [yhla:slylyk], at. Yhlasy barlyk, yhlasly bolmaklyk. Işde yhlaslylyk öňe ýöredýär (A. Salyh). YHLASSYZ [yhla:ssyz], syp. Yhlasy ýok, yhlasy bolmadyk. Işe yhlassyz ýapyşmak. YHLASSYZLYK [yhla:ssyzlyk], at. Yhlasy ýokluk, yhlasy bolmazlyk. YHHYMMYL, at, ser. Hymmyl. Ýaşkak yhhymmyl kakardyk. YHSAN [yhsa:n], at, k.d. Ýagşylyk, haýyr iş, haýyr-yhsan, haýyr-sahawat. Yhsan etmek (eýlemek) ýagşylyk etmek. Eýleýip yhsan, sogap algyl ujyz (Azady). YK [y:k] I, at. Jaýyň, haýatyň we ş.m. ýel, şemal degmeýän tarapy. Dükanyň yk tarapynda bolsa gumuň üstünde suwa batyrylan küşt esgisi ýazylgydy (A. Gowşudow). Ygyndan turmak düşünişmek. YK [y:k] II, at. Süriniň başyny çekýän jaňly teke maly, serke. YKBAL [ykba:l], at. 1. Kysmat, ýazgyt, täleý, takdyr. 2. Durmuş, ýaşaýyş şertleri. Frontuň ykbaly halk kömegine baglydy (B. Kerbabaýew). Ykbalyna sogan dogramak biriniň durmuşyna, bagtyna erbet zyýan ýetirmek. Şol ses şol 436 sekuntda onuň ykbalyna sogan dogrady (B. Kerbabaýew). YKBALDAŞ [ykba:llaş], at. Ykbaly, ýazgydy birmeňzeş, kysmatdaş. Ykbaldaş bolmak. YKBALDAŞLYK [ykba:llaşlyk], at. Ykbaldaş bolmaklyk, ykballary meňzeş bolmaklyk. YKBALLY [ykba:lly], syp. Ykbala eýe bolan, kysmatly. YKDYRMAK [y:kdyrmak], işl. 1. Ýeliň ugruna gaýdyryp goýbermek. 2. Ýeliň ugruna galgatmak (saç we ş.m. hakynda). Ýüpek gulpaklaryny ykdyryp ýele, Çagajyklar oýnaýarlar enaýy (B. Seýtäkow). YKDYSADY [ykdysa:dy], syp. Ykdysadyýete degişli. YKDYSADYÝET [ykdysa:dyýet], at. 1. Jemgyýetçilik-ykdysady önümçilik gatnaşyklarynyň jemi. 2. Halk hojalygy, onuň ýagdaýy (ýurt, etrap we ş.m. boýunça). Aragatnaşyk serişdeleriniň ykdysadyýeti. 3. Önümçilik, hojalyk işleriniň bir pudagyny öwrenýän ylym, ders. Ykdysadyýet okuwy. YKDYSATÇY [ykdysa:tçy], at. Ykdysadyýet boýunça hünärmen. YKGYN [y:kgyn], at. Ýeliň ygyna ýygnanan ownuk saman. YKJAM, hal. 1. Örän ýerbe-ýer, jaýlaşykly; jebis, ynjalykly. Pökgen tirsegini ýassyga ykjam ornaşdyrdy-da, sag eli bilen murtlaryny sypalaşdyrmaga başlady (A. Gowşudow). 2. Berk, pugta, mazaly. Nebitçiler öz işlerini şeýle berk tutanlary, şeýle ykjam guranlary üçin, hiç bir harasat olara päsgel berip bilmeýärdi (B. Kerbabaýew). YKJAMA [y:kjama], iş ady. Ykjamak ýagdaýy. YKJAMAK [y:kjamak], işl. 1. Ýeliň ugruna çalaja galgamak, ýelkildemek, pasyrdamak. Onuň başyndaky ýaglygy şemala ykjaýardy. 2. Bikär ykmak, biderek gezmek, söw-söw syryp ýörmek. Eýläk-beýläk ykjamaňy azalt (A. Badaýew). YKJAMLAMA, iş ady. Ykjamlamak ýagdaýy. YKJAMLAMAK, işl. Ykjam etmek, ýerbe-ýer etmek, tijemek. Men bagt atyna jylaw saldym ykjamlap, indem ol aty nähili islesem, şoň ýalam çapýan! ( Edebiýat we sungat ). YKJAMLAMAKLYK, iş ady. Ykjamlamak ýagdaýy. YKJAMLANMAK, işl. Özüňi ykjam ýagdaýda tutmak. Ähli güýjümi jemläp ykjamlandym (R. Gelenow). YKJAMLAŞMAK, işl. Ykjam bolup başlamak, tijenip başlamak. Hojamuhammet arslan bu sözden soň ykjamlaşdy (B. Seýtäkow). YKJAMLAÝYŞ, iş ady. Ykjamlamak ýagdaýy. YKJAMLYK, at. Ykjam ýagdaýda bolmaklyk. YKJAŞMAK [y:kjaşmak], işl. Ýeliň, şemalyň ugruna çalaja galgaşmak. Gowaçanyň depesinde bolsa ýaşyl güller ykjaşýar (B.Kerbabaýew). Ozal ýaşyl donly baýryň, depäniň, Ykjaşar şemala sary otlary (A. Kekilow). YKJATMAK [y:kjatmak], işl. Ýele, şemala çalaja galgatmak. Ýaz semaly ykjatdy Üstündäki mawudyn (K.Gurbannepesow). YKJAÝYŞ [y:kjaýyş], iş ady. Ykjamak ýagdaýy. YKLAMA [y:klama], iş ady. Yklamak ýagdaýy. YKLAMAK [y:klamak], işl. 1. Bir zadyň ygynda durmak, yk ýerde bolmak. Garakelle haýdan-haý süriniň o başyna ylgady-da, yklap gelýän goýunlary sürüşmäge başlady (B. Annageldiýew). 2. Birini pena edinmek, hossar tutunmak, hemaýat isläp, biriniň ýanyna gelmek. Ol daýylaryny yklap, goňşy obadan göçüp geldi. YKLAMAKLYK [y:klamaklyk], iş ady. Yklamak ýagdaýy. YKLAŞMAK [y:klaşmak], işl. Yk, ýel düşmeýän ýerde üýşüşip durmak. Oglanlar jaýlaryň güneşinde yklaşyp durdular. YKLATDYRMAK [y:klatdyrmak], işl. Ýel düşmeýän ýerde, ykda saklatmak. YKLATMAK [y:klatmak], işl. Ýel düşmeýän ýerde, ykda saklamak. YKLAÝYŞ [y:klaýyş], iş ady. Yklamak ýagdaýy. YKLYM [ykly:m], at. 1. Gadym zamanlarda Gündogar ýurtlarynyň ýaşalýan ýerleriniň şertli bölegi. Yklym perizady sen, Gamgyn köňlüm şady sen, Sen bir yşkyň ody sen, Men pakyr perwanasy (Zelili). 2. Hemme tarapy ýa-da hemme tarapy diýen ýaly deňizler, okeanlar (ummanlar) bilen gurşalan örän uly gury ýer giňişligi. Iki sany uly yklymyň – Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň sepgidinde asudalygyň we durnuklylygyň gyşarnyksyz utgaşmagy bilen tapawutlanýan döwlet düzgüniniň özboluşly nusgasyny dünýä görkezdi (Gurbanguly Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr). Ýedi yklym gadym zamanlarda Gündogar ýurtlarynyň ýaşalýan ýerleriniň ýedi sany şertli bölegi. Pyragy diýr, ýedi yklym, çöl galar (Magtymguly). Iş bitiren adyňyz ýedi yklyma ýaýrandyr (Mätäji). YKMA [y:kma], iş ady. Ykmak ýagdaýy. YKMAK [y:kmak], işl. 1. Ýeliň ugruna galgamak, gaýmalamak, hereket etmek. Asmanda bölejik bulutlar ygýardy (A. Gowşudow). 2. Biderek entäp ýörmek, söw-söw syryp ýörmek. Ol okuw sagadyny gutarandan soň, gapyçy tazy ýaly ygýardy (A. Gowşudow). YKMAKLYK [y:kmaklyk], iş ady. Ykmak ýagdaýy. YKMALAMAK [y:kmalamak], işl., gepl.d. Ýuwaş ýöräp, gezim etmek, gezmelemek, iki-baka ýöremek. Şol mahal öýden çykan bir gara salgym bolup, oýan-buýan ykmalady-da, bu ikisiniň yklap duran diwaryna ýakynlaşdy (A. Gowşudow). YKMALAŞMAK [y:kmalaşmak], işl. Gezim edişip, gezmeleşip ýörmek, onda-munda bilelikde gezim etmek. YKMANDA [y:kmanna], at. 1. Öýsüz-öwzarsyz entäp ýören, sergezdan. Ykmanda köpek. 2. gepl.d. Söw-söw syryp ýören, biderek entäp ýören. Biz siziň ýaly işsiz, ykmanda däl ( Edebiýat we sungat ). 3. 437 gepl.d. Gezende, gezegen. Beýle ykmanda bolma, wagtragynda öýüňe köwlenerler. YKMANDALYK [y:kmannalyk], at. Ykmandanyň bolşy, ýagdaýy. Belli bir käriň başyny tutman, ykmandalyk edip ýörmek bolmaz. YKRAR [ykyra:r]: ykrar etmek 1) dogry, hakyky diýip bilmek, tassyk etmek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň juda kitaphon hem okumyş adamdygyny dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär (Jürdekow T. Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk). 2) karar etmek, makul bilmek, makullamak. Hatyjany Mömine bermegi ykrar edip, toýa başlapdyr (N. Pomma). YKRARLY [ykyra:rly], syp., ser. Ygrarly. YKRARLYLYK [ykyra:rlylyk], at, ser. Ygrarlylyk. Adamy wepalylyk, lebizlilik, ykrarlylyk duýgusy bezeýär. YKRARNAMA [ykyra:rna:ma], at. Ýygnaklarda ara alnyp maslahatlaşylmak netijesinde kabul edilen karar, kararnama. YKRARSYZ [ykyra:rsyz], syp., ser. Ygrarsyz. Yssy beren köpek ýegdir, Uýatsyz, ykrarsyz ärden (Magtymguly). YKRARSYZLYK [ykyra:rsyzlyk], at. Ykrary ýokluk, ykrarsyz bolmaklyk, ygrarsyzlyk. Ykrarsyzlygyňy görkezmek. YKRYK [ykyryk], at. 1. Ösümliklerde bolýan garabaş keseli; 2. Agajyň şahalarynda mör-möjekleriň ören içi gurçukly gozasy. YKRYKLAMA [ykyryklama], iş ady. Ykryklamak ýagdaýy. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling