YRLAŞMAK, işl. Birnäçe bolup yrlamak.
Yrlaşyp oturmak.
YRMA, iş ady. Yrmak ýagdaýy.
YRMAK, işl. Birini bir zada ynandyryp, razy
etmek, boýun etmek; öz tarapyňa çekmek. Men gyza
sala salaýyn, Hem özüm yrjak bolaýyn (Ç. Aşyrow).
YRMAKLYK, iş ady. Yrmak ýagdaýy.
YRS [yrys], at. Az zady bahana edýän,
barypýatan dannagyç, her bir zadyň aňyrsyna
ýetýänçä seljerýän. Men onuň ýaly yrs adamy henize
çenli gören däldirin.
YRSARAMA [yrsa:rama], iş ady. Yrsaramak
ýagdaýy.
YRSARAMAK [yrsa:ramak], işl. Bir zatdan
bahana gözlemek, bahana aramak.
YRSARAMAKLYK [yrsa:ramaklyk], iş ady.
Yrsaramak ýagdaýy.
YRSARAŞMAK [yrsa:raşmak], işl. Birnäçe
bolup yrsaramak. Awy oňmasa, awçy haly teň bolar,
Yrsaraşyp, biri-birine jeň bolar (Seýdi).
YRSARATMAK [yrsa:ratmak], işl. Biriniň
yrsaramagyna ýol bermek, mümkinçilik bermek;
yrsarar ýaly etmek. Ýersiz ýere ony beýdip öz öýüň
orruk ortarasynda yrsaradyp oturmasana.
YRYLMAK, işl. 1. Bir zada, meselä razy
bolmak. 2. Synyp, gowşap, ýykylyp başlamak.
YRYLMAZLYK, iş ady. 1. Yrylmak katdyna
ýetmezlik. 2. Synmazlyk. Döwletiňiz yrylmasyn!
YRYM, at. Bir zady, hereketi, alamaty ýagşylyga
ýormak däbi. Mähriban enäniň yrym edip
beren gyrmyzy çäýnegi Aýna uzak ýollara hemra
boldy (
Türkmenistan
).
YRYMÇY, at. Yrym edýän, yryma ynanýan
adam. Gandym awçy yrymçylaryň gürrüňini kesä
çekdi (A. Gowşudow).
YRYMÇYLYK, at. Yrym etmeklik, yryma
ynanmaklyk. Başga yrymçy aýallaryň ony görende
yrymçylygy ýadyndan çykyp gidýärdi (A. Durdyýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |