Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet690/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   686   687   688   689   690   691   692   693   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YNANYLMAK, işl. Ynam edilmek, ynanç 
bildirilmek. Amanat-da bolsa, bize ynanylyp, bize 
tabşyrylandyr (H. Derýaýew). 
YNANYŞ, iş ady.  Ynanmak ýagdaýy.
YNANYŞMAKişl1. Biri-biriňe ynanmak. Bir 
gapydan örjek bolsaňyz, ynanyşmak hökmandyr. 2
Birnäçe bolup bir zada ynanmak. Emma hemmämiziň 
ynanyşymyz ýaly, peýdaly çekişmeler gurlar  
(

Edebiýat we sungat

). 
 YNHA [ynha:], 

Ine

manysynda ulanylýan 
görkezme çalyşmasy.
YNJALMA [y:njalma], iş ady. Ynjalmak 
ýagdaýy. 
YNJALMAK [y:njalmak], işl. 1. Agyrydan, 
gahar-gazapdan, degen urgudan, tolgunmadan we 
ş.m. ýagdaýlardan soň rahatlanmak, köşeşmek. 
Neneň, birneme ynjalýarmyň? 2. Birinden ýa-da bir 
zatdan arkaýyn bolmak, biri ýa-da bir zat hakynda
alada, ünji etmäňi goýmak. Ene çagajygy bäri 
bakansoň, ynjalan ýaly boldy. 
YNJALTMAK [y:njaltmak], işl. Ynjalykly 
etmek. Seniň gürrüňiň meni birneme ynjaltdy. 
YNJALYK [y:njalyk], at. Howsala ýokluk, 
aladasyzlyk, rahatlyk. Göwni ynjalyk tapdy. Meniň 
ynjalygym ýok. 

Ynjalygyny gaçyrmak rahatlygyny bozmak, 
aladaly ýagdaýa salmak, ünjä goýmak. 
YNJALYKLY [y:njalykly], syp. 1. Ynjalygy 
bolan, ynjalyk tapan halda bolmaklyk 2. Ýerleşikli, 
ornaşykly. Çagalar ýerde ynjalykly oturyp, erteki 
diňleýärdiler (A. Durdyýew).
YNJALYKLYLYK 
[y:njalyklylyk], 
at. 
Ynjalykly ýagdaý, ynjalylygy barlyk, ynjalykly halda 
bolmaklyk, aladaly dällik, ünjüsizlik, rahatlyk. 
Ynjalyklylyk okaýan, işleýän, döredýän adam üçin iň 
zerur zatdyr.  

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   686   687   688   689   690   691   692   693   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling