Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI
YNSAPLYLYK [ynsa:plylyk], at. Ynsaby barlyk, ynsap etmeklik; wyždanlylyk. YNSAPSYZ
Download 12.69 Mb. Pdf ko'rish
|
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym
YNSAPLYLYK [ynsa:plylyk], at. Ynsaby
barlyk, ynsap etmeklik; wyždanlylyk. YNSAPSYZ [ynsa:psyz], syp. Ynsabyny ýitiren, ynsaby bolmadyk. Ynsapsyz – imansyz (Nakyl). YNSAPSYZLYK [ynsa:psyzlyk], at. Ynsaby ýokluk, ynsaply dällik, ynsapsyz bolmaklyk. YNS-JYNS [ynys-jynys], at. 1. Ynsan we jyn. Döw periniň, ynsyň-jynsyň patyşasy, Soltan bolan şa Süleýman, şypa ber? (Magtymguly). 2. göç.m. Adam-gara, janly-jandar; hiç kim. Meýdanda yns- jyns ýokdy. YŇDARMA, 1. iş ady. Yňdarmak ýagdaýy. 2. syp. Biriniň nädogry sözüne ynanyp, gepine gidip, garaşylmadyk zat diýýän, käte bolsa bijaý hereket etmägä taýyn (adam hakynda). Ol yňdarma adamdy. 3. göç.m. Köp adam üýşen, mähellesi ýetik (ýer). Yňdarma märekäniň daşyna bir aýlanýar ( Watan ). YŇDARMAK, işl., gepl.d. 1. ser. Eňtermek. Ol gorsanyp, demlengi çäýnegi yňdaryp göýberdi. 2. Bir zada ynandyrmak, yrmak. 3. Münüp barýan ulagy bilen eňmek, eňtermek. Gülaýym hem gylyjyny syryp, Gyraty onuň üstüne yňdardy ( Görogly ). YŇDARMAKLYK, iş ady. Yňdarmak ýagdaýy. 441 YŇDARMALYK, at. Yňdarma häsiýetli bolmaklyk. Şu yňdarmalygym gursun (N. Baýramow). YŇDARYLMAK, işl, gepl.d. 1. Bir tarapa eňterilmek, ýykylmak, agdarylmak. Eger Aýna oňa söýget berip durmadyk bolsa, ol ýene arkanlygyna yňdarylyp gitjekdi (B. Kerbabaýew). 2. Bir zada ynanylmak, aýdylan gepe yrylmak. Mama Umsagülüň sözüne bütinleý yňdaryldy (B. Kerbabaýew). 3. Bir tarapa ulagly çalt gitmek, eňmek. Atlaryny şaýlap, bular hem yzlaryndan yňdaryldylar ( Görogly ). 4. göç.m. Güýçli bulanyp akmak, agdar-düňder bolup akmak. Suw yňdarylyp gitdi. YŇDARYŞ, iş ady. Yňdarmak ýagdaýy. YŇMA, iş ady. Yňmak ýagdaýy. YŇMAK, işl., gepl. d. Bir ugra gönükmek, eňmek, gitmek. YŇMAZLYK, iş ady. Bir ugra gönükmezlik, eňmezlik, gitmezlik. Söýdürsemem, söýen ýara yňmadym (G. Şagulyýewa). YŇŇY-DAŇŇY, at. Ýarawsyzlyk sebäpli aýdylýan zeýrenç. Oglumyň yňňy-daňňysy galyp baranok-da, keselden saplanyp bilenok. YŇŇYL-ÇYŇŇYL at, ser. Yňňyldy. Yňňyl- çyňňylyňy bes et! YŇŇYLDAMA [yňňyllama], iş ady. Yňňyldamak ýagdaýy YŇŇYLDAMAK [yňňyllamak], gepl.d.işl.1. Närazylyk, nägilelik bildirmek, zeýrenmek, yňňyl- çyňňyl etmek, iňňillemek. Ol yňňyldap, meni bizar etdi. 2. gepl.d. Agyryňa çydaman, iňlemek. seslenmek. Näsag bütin gijäni yňňyldap geçirdi. YŇŇYLDAŞMAK [yňňyllaşmak], işl., gepl.d. 1. Birnäçe bolup yňňyldamak, iňňildemek. 2. Birnäçe adam bilelikde iňlemek. YŇŇYLDATMAK [yňňyllatmak], işl., gepl.d. Yňňyldar ýaly etmek, iňlemäge mejbur etmek. YŇŇYLDAÝYŞ [yňňyllaýyş], iş ady. Yňňyldamak ýagdaýy. YŇŇYLDY [yňňylly], at, gepl.d.. Närazylyk, nägilelik, agyry sebäpli çykýan sesiň ady, iňňildi. YŇRAMAZ, at. Alty ýaşdan geçen goýun. YP-YSSY, syp. Ýylylyk, gyzgynlyk derejesi ýokary, gaty yssy. YRADA [yra:da], at. 1. Niýet, isleg, arzuw, meýil, erada. Öňki eden yradasy bolmansoň, Gaýtdy gadam urup ýene yzyna (R. Seýidow). 2. Höküm, buýruk, emir. Allanyň yradasy bilen bolýan zatlar. YRA-DARA, syp., ser. Yraň-daraň. Ol agyr keselden soň öý işlerine yra-dara gymyldap ugrady. YRAK, syp. Daş, uzak, alys. Näzli dilber, bir dilegim bar saňa, Aýdaýyn arzymy yrakda durma (Mätäji). YRALAMA, iş ady. Yralamak ýagdaýy. YRALAMAK, işl. Birini ýa-da bir zady eýläk beýläk birnäçe gezek çalaja hereketlendirmek. Demirgazykdan öwüsýän mymyk şemal, gowaçalary çalaja yralaýardy (Ö. Abdyllaýew). YRALAMAKLYK, iş ady. Yralamak ýagdaýy. YRALAŞDYRMAK, işl. Birini ýa-da bir zady eýläk-beýläk birnäçe gezek yralap çykmak; hemmesini yralamak. Dikilen sütünleri yralaşdyryp görmek. YRALAŞMAK, işl. Birini ýa-da bir zady yramaga kömekleşmek. YRALATDYRMAK, işl., ser. Yralatmak. YRALATMAK, işl. Yralamak işini başga birine etdirmek. YRALAÝYŞ, iş ady. Yralamak ýagdaýy. YRAMA, iş ady. Yramak ýagdaýy. YRAMAK, işl. Birini ýa-da bir zady gymyldatmak, eýläk-beýläk hereket etdirmek. Mylaýym şemal gök otlaryň başlaryny çalaja yraýardy (A. Nazarow). Yrap görmek biri bilen gepleşmek arkaly bir zady biljek bolmak, biriniň pikirini bilmäge çalyşmak. YRAMAKLYK, iş ady. Yramak ýagdaýy. YRANDYRMAK [yrannyrmak], işl. Iki ýana yraň atdyrmak, yralatmak. YRANJYRAMAK, işl. Yraň atmak, wagtal- wagtal ýuwaşja yranmak, eýläk-beýläk çaýkanjyramak. Onýança şar gara murty burum- burum bolup duran pyýada yranjyrap içeri girdi (G. Kulyýew). YRANMAK, işl. 1. Ikibaka, eýläk-beýläk hereket etmek, ýaýkanmak. Agaçlaryň başlary yranýardy. 2. Titremek, sarsmak, goduklamak (ýer hakynda). Kyrk sekizde ýer yrananda ol oglanjykdy. YRANYŞMAK, işl. Birnäçe zat eýläk-beýläk hereketde bolmak; ýaýkanyşmak, bilelikde yranmak. Düýe üstünde yranyşyp barýanlar seýrekdi (B. Kerbabaýew). YRAŇ: yraň atmak ser. Yranmak. Ýigit gözgyn yraň atyp barýardy, Gün öýle ýerine ýetip barýardy (B. Hudaýnazarow). YRAŇ-DARAŇ, syp. Ýuwaşlyk bilen, ýuwaşja, assa-ýuwaş, zordan, yra-dara. Bakyýew yraň-daraň edip, zordan öýüne ýetdi (G. Gurbansähedow). YRAŇKYRLAMAK, işl. Yrmaga, razy etmäge golaýlamak, yrdym diýen ýaly edip goýmak. Kömek aga bolsa aýaly bilen gepleşip, ony ahyrsoňy yraňkyrlady (N. Saryhanow). YRAÝYŞ, iş ady. Yramak ýagdaýy. YRDYRMAK, işl. Birini bir zada razy etdirmek, boýun boldurmak. Ol şeýle bir häsiýetli adamdy, yrdyrar ýaly däldi. YRGA [yrğa], syp. 1. Yranyp duran, gymyldap duran. Daglaryň başy yrga, Doganym müner ýorga, Çyk içerden gelneje, Doganyma ýaglyk sarga (Halk döredijiliginden). 2. göç.m. Messepsiz, tutanýerli däl, durnuksyz (gylyk-häsiýet hakynda). Onuň ýüpüniň üstünde odun goýarlyk ýokdur, yrgadyr. YRGAÝ [yrğaý], at. Dagda bitýän gyrymsy berk agaç. Çeşmäniň ýakalary dagdan, garadolan, yrgaý, injir, nar, böwürslen ýaly gyrymsy agaçlardan doly (Ç. Aşyrow). YRGYLDAMA [yrğyllama], iş ady. Yrgyldamak ýagdaýy. 442 YRGYLDAMAK [yrğyllamak], işl. 1. Iki ýana çala gymyldamak, yranmak. Öwsen şemala agaçlaryň başy yrgyldaýardy. 2. Ýuwaşja hereket edip ýöremek. Agyr ýükli otly yrgyldap gidip barýardy. Garryja adam gumak ýoluň gyrasy bilen yrgyldap gelýärdi. Yrgyldap ýörmek ýuwaş-ýuwaş işläp, gezip ýörmek, gün-güzeran görmek. YRGYLDAMAKLYK [yrğyllamaklyk], iş ady. Yrgyldamak ýagdaýy. YRGYLDAŞMAK [yrğyllaşmak], işl.1. Birnäçe zat bilelikde yrgyldamak. Ösüp oturan beýik agaçlaryň başy şemala çalaja yrgyldaşýardy. 2.Ýuwaşja hereket edişip ýöremek (birnäçe zat ýa-da adam hakynda). 3. gepl.d. Çalaja ýöräp gitmek. Uzyndan hortap garry adamlar uly ýoluň boýuny syryp, yrgyldaşyp barýardy. YRGYLDATMAK [yrğyllatmak], işl. Bir zady iki tarapa yralamak, ýaýkamak. Bir gün bu agajyň düýbüne bir pil gelip, agaja oýkanyp, agajy yrgyldadypdyr ( Türkmen halk ertekileri ). YRGYLDY [yrğylly], at. Yranmak netijesinde emele gelýän hereket. YRGYN [yrğyn]: yrgyn atmak iki baka çala yranmak. Çybşyl, çybşyl, çybşyldap, Yrgyn atýar iki ýan (B. Kerbabaýew). YRLAMAK, işl., gepl.d. Kimdir birini, bir zady küýsäp, şony aýdym edinmek, zarynlamak, zeýrenmek. Garry ene şäherde ýerlemän, obama – öýüme gitjek diýip, haçan görseň yrlap oturandyr. Download 12.69 Mb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling