YRYSWA [yryswa:], syp. Masgara. Kätibi diýr,
galdyk ah bilen dada, Biz yryswa bolduk ýakyna-ýada
(Kätibi).
Ile yryswa etmek iliň öňünde masgara etmek.
YRYŞ, iş ady. Yrmak ýagdaýy.
YRÝA [yrýa:], at.1. Zaýa, isrip. Nahary yrýa
etmäň. 2. Biderek, boş, netijesiz. Çaklarsyň, göýä bir
akyl derýasy, Aýdanda sözüniň bolmaz yrýasy (A.
Kekilow).
YRÝASYZ [yrýa:syz], syp. Zaýasyz, isripsiz. Şu
günler bar bolan hasyly yrýasyz ýygnamak bilen
geljek ýylyň hasyly üçin hem alada edýäris
(
Türkmenistan
).
YS [y:s], at.1. Maddanyň, jisimiň ysgamak arkaly
kabul edilýän aýratynlygy. Gülüň hoşboý ysy. 2.
gepl.d. Ölen adam ýatlanyp edilýän sadaka. Ogullary
her anna agşamy ene-atasyny ýatlap, gapysynda ys
edýär.
YSAÇ, at. Bir zady gapjap tutmak, gysmak üçin
demirden ýasalan gysgyç, gysaç. Eli ysaçly biri
gyzaran demri sandalyň üstünde goýup, taýly gezek
eýlesine-beýlesine agdarýardy (B. Kerbabaýew). Ol
özüniň ullakan ysajy bilen bir düňelek demri körügiň
üstünde goýup, körügini basýardy (A. Gowşudow).
YSGALDYLMAK [y:sğaldylmak], işl. Bir
zadyň ysy aldyrylmak, ys alar ýaly etmek. Derman
ysgaldylandan soň, Rahman ýerinden galyp, eýläk-
beýläk gezmelemäge başlady (
Edebiýat we sungat
).
YSGAMA [y:sğama], iş ady. Ysgamak ýagdaýy.
YSGAMAK [y:sğamak], işl. Bir zadyň ysyny
almak üçin burnuňy ýakynlaşdyryp dem almak.
YSGAMAKLYK
[y:sğamaklyk],
iş.
ady.
Ysgamak ýagdaýy.
YSGAŞDYRMAK [y:sğaşdyrmak], işl. Bir
ýanyndan ysgap başlamak, ysgap çykmak; köp zady
yzly-yzyna ysgamak. It baryp şol çynaryň
düýbündäki ýatan ýasy daşy we çynary ysgaşdyrdy
(A. Gowşudow).
Do'stlaringiz bilan baham: |