YNSAN [ynsa:n], at. Umuman, adam nesli,
adam.
YNSANÇYLYK
[ynsa:nçylyk],
at,
ser.
Ynsanlyk. Ol ynsançylyk häsiýetini ýitirip, gapynyň
agzynda nähili bolup duranyny bilmeýärdi (A.
Durdyýew).
YNSANLYK [ynsa:nlyk], at. Ynsana mahsus
bolan häsiýet, adamkärçilik. Eger kalbynda bir
ynsanlyk wyždany bar adam bolsa, beýle sözleri çekip
çydamazdy (A. Gowşudow).
YNSANPERWER [ynsa:nperwör], at. Adam
mertebesine sarpa goýýan, ynsansöýer.
YNSANPERWERLIK [ynsa:nperwörlük],
at. Ynsansöýüjilik, ynsany gowy görüjilik häsiýeti.
Ynsanperwerlik, açyklyk, din erkinligi, beýleki
halklaryň medeniýetine sarpa goýmak ýaly ýörelgeler
türkmen häsiýetiniň esasyny düzýär (Gurbanguly
Berdimuhamedow, Garaşsyzlyga guwanmak, Watany,
halky söýmek bagtdyr).
YNSANYÝET [ynsa:nýet], at. Adamzat, adam
nesli.
YNSANYÝETÇILIK [ynsa:nýetçilik], at, ser.
Ynsanyýetlik. Ýazyjy ynsanyýetçiligiň sypatyny öz
gahrymanlarynyň
hereketi
arkaly
gyzykly
suratlandyrypdy (
Garagum
).
YNSANYÝETLIK
[ynsa:nýetlik],
at.
Adamkärçilik, adama
mahsus bolan gylyk-
häsiýetlilik. Haýyr-hümmete gadyr goýmagam uly
ynsanyýetlikdir.
YNSAP [ynsa:p], at. Jemgyýetiň öňünde ýa-da
aýratyn halatda ahlak jogapkärçilik duýgusy, adalatly
içki duýgy, wyždan. Adamyň ynsaby sap bolmaly.
Ynsap etmek her bir zatda özüňden başga
adamyň-da paýynyň bardygyny nazarda tutup,
adalatlylyk etmek.
YNSAPLY [ynsa:ply], syp. Ynsap edýän,
ynsaby bar bolan. Ynsaply aşyny iýer, ynsapsyz –
başyny (Nakyl).
Do'stlaringiz bilan baham: |