YNANÇ, at, ser. Bir zada bolan ynamly garaýyş,
ynanmak duýgusy.
Ynanç haty 1). Biriniň ynam bildirip, öz
adyndan başga birine bir zat almak we ş.m. üçin
beren resmi haty. Eger mümkin bolsa, men şol ynanç
hatyny görmekçi (N. Geldiýew). 2). Bir ýurda
bellenen ilçiniň şol ýurduň häkimiýetine gowşurýan
resmi haty.
YNANÇLY [ynanyşly], syp. Bir zada, birine
ynanjy bar, ynanýan. Ynançly adam. Ynançly
ýaşamak.
YNANÇLYLYK [ynanyşlylyk], at. Ynanjy
barlyk. Ony siziňkiler alypdyr! – diýip, ynançlylyk
bilen aýtdy (B. Seýtäkow).
YNANÇSYZ [ynanyşsyz], syp. Ynanjy ýok,
ynanjy bolmadyk.
YNANDYRMAK [ynannyrmak], işl. Biriniň bir
zada ynanmagyny gazanmak. Sözüniň üstünde gaty
berk durdy, Ahyrda ussany berk ynandyrdy (Ý.
Nasyrly).
YNANJAŇ, syp. Aýdylýan her bir zada aňsatlyk
bilen ynanýan. Ynanjaňyň kellesi – tereziniň pellesi
(Nakyl). Mämmet sadaraga-da, deşli, ynanjaň
adamdy (A. Durdyýew).
YNANJAŇLYK,
at.
Ynanjaň bolmaklyk,
ynanjaňyň gylyk-häsiýeti. Pökgen, bu taýda seniň
ynanjaňlygyňdan başga hiç bir günäň ýok (A.
Gowşudow).
YNANMA, iş ady. Ynanmak ýagdaýy.
YNANMAK, işl. 1. Bir zada, birine ynam etmek.
Gowulyk boljakdygyna ynanmak. Halka ynanmak. 2.
Haýsydyr bir zady hakykat hökmünde kabul etmek.
Dostunyň aýdan sözlerine ynandy.
Janyňy ynanmak biriniň özüň babatynda diňe
adalatly hereket etjekdigine, özüňe ýamanlyk
etmejekdigine ynam etmek. Onuň janyny ynanýan
ýekeje dosty bardy.
YNANMAKLYK, iş ady. Ynanmak ýagdaýy.
Do'stlaringiz bilan baham: |