YSNYŞYKLY, syp. Biri-birine gatnaşygy
ýakyn, biri-birine ýürekdeş, dostlukly.
YSSY, at. 1. Howanyň gyzgyn ýagdaýy. Gum
depeleri gündiziň jöwzaly yssylaryndan soň agras
dem alyp ýatyrdy (B. Seýtäkow). 2. gepl.d. Gyzgyn.
Ol ýeke dikraryny elini yssy suwa sokdurman, ese-
boýa galdyrdy, adam edip ýetişdirdi.
Yssyny-sowugy görmek her hili kynçylygy,
horlugy başdan geçirmek.
YSSYLAMA, iş ady. Yssylamak ýagdaýy.
YSSYLAMAK, işl. Yssynyň täsirini duýmak,
yssy howa sebäpli bedeniň gyzmak. Halmyrat
birneme yssylap, penjegini çykaryp, eline alypdy (A.
Gurbanow).
YSSYLAMAKLYK, iş ady. Yssylamak ýagdaýy.
YSSYLATMAK, işl. Yssylar ýaly etmek, yssy,
gyzgyn howanyň täsirini ýetirip kösemek. Sen bizi
kapasa ýaly jaýa salyp yssylatdyň!
YSSYLAÝYŞ, iş ady. Yssylamak ýagdaýy.
YSSYLYK, at. Howanyň ýokary derejesindäki
gyzgynlyk. Salkyn kölegede, hatda jaýyň içinde-de
yssylyk derejesi otuz dokuzy ýa-da kyrky görkezýärdi
(A. Gowşudow).
YSTYHAN [ystyha:n], at. 1. k.d. Süňk, süýek. 2.
anat. Beden süňkleriniň biri-birine birleşen tutuş
görnüşi.
YSYRGA [ysyrğa], at, zergärç. 1. Aýal
maşgalalaryň gulagyna dakynýan bezeg şaý-sepi,
gulakhalka. 2. zergärç. Bezeg üçin burna dakylýan
tegelek kümüş ýa-da gyzyl şaý.
YSYRGAMA [y:syrğama], iş ady. Ysyrgamak
ýagdaýy.
YSYRGAMAK [y:syrğamak], işl. Ys aljak
bolup birnäçe gezek yzly-yzyna ysgamak.
YSYRGAMAKLYK [y:syrğamaklyk], iş ady.
Ysyrgamak ýagdaýy.
YSYRGANMAK [y:syrğanmak], işl. 1. Ys
almak, bir zady ysgap, ysyny duýmak. Dor alaşa
çygly ýerden bir zat ysyrganyp, burnuny ýokaryk
tutdy (B. Kerbabaýew). 2. göç.m. Bir zat hakynda
syr biljek bolmak, syr aňjak bolmak. Emma olar näçe
ysyrgansalaram anyk bir zat aňlap bilmediler (A.
Gowşudow).
Do'stlaringiz bilan baham: |