Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet705/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   701   702   703   704   705   706   707   708   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

YZZAT, at.1. Hormat, sylag, hezzet, gadyr. 2. 
Oglana dakylýan at. 

 Yzzat etmek (eýlemek) hormatlamak, sylamak, 
hormat etmek, hezzet etmek. 
YZZATLY, syp. Hormatly, abraýly, hezzetli, 
gadyrly. 
Ý
 
Ý, Türkmen elipbiýiniň ýigrimi dokuzynjy harpy. 
ÝA [ýa:] I, Aýdylýan zadyň haýsy-da bolsa 
biriniň boljakdygyny, ikuçlulygy görkezýän baglaýjy. 
Ýa başyn biýr, ýa baş alar, Goç ýigit ýoldaş üstünde 
(Magtymguly).  

 Ýa demrinden, ýa kömründen haýsy-da bolsa 
birinden, ikiden biri. Ýa haýyr, ýa şer haýsy hem 
bolsa biri – ýa gowulyk, ýa erbetlik. 
ÝA [ýa:] II, Keramatly, gudratly güýçlere 
ýüzlenmekde ulanylýan ümlük. Ýa reb, maksadyma 
haçan ýeter men? (

Zöhre – Tahyr

). Ýa yklym eýesi, 
Ahmet Ýasawy, Meniň sahypjemalymny gördüňmi? 
(Magtymguly). 
ÝABA [ýa:va], at.1. Köplenç, telpek ýaly zatlar
asyp goýmak üçin iç işikde ýa-da daş işikde dikilip 
goýlan haçjaly agaç. Birden bolsa edil işikdäki 
ýabadan asylgy duran haltalarynyň biriniň 
ýokdugyna Zybanyň gözi düşdi (Ý. Mämmediýew). 2. 
Ýandak ýyglanda, düýbüne diräp iter ýaly ujy haçjaly 
taýak. Ol ýandak ýygmak üçin dört-bäş sany ýaba 
taýýarlady-da, oglanlary yzyna tirkäp, ýandaklyga 
tarap ugrady. 
ÝABAK [ýa:vak], at. Ot-çöp, ýandak we ş.m. 
zatlary üýşürmek, götermek üçin ulanylýan birnäçe 
dişli, uzyn saply gural, çarşak. Garbap aldym dulda 
ýatan Poslap giden ýabagymy (K. Gurbannepesow). 
ÝABALYK [ýa:valyk], syp. Ýaba etmäge 
ýaramly. Ýabalyk agaç. 
ÝABAN [ýa:van], at. Meýdan, çöl. Söwdügim 
ýabanda galmyş, Bile ýanaly zarlanyp (

Leýli – 
Mejnun

). 


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   701   702   703   704   705   706   707   708   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling