YZARLAMA [y:zarlama], iş ady. Yzarlamak
ýagdaýy.
YZARLAMAK [y:zarlamak], işl. 1. Bir zadyň
yzy bilen ony agtarmak, yzyny ýitirmän, tapjak
bolmak, yz çalmak, yzlamak. Gel, men şu yzy yzarlap
gideýin (N. Geldiýew). 2. Biriniň yzyna düşmek,
birini aňtamak, nirede näme iş edýändigini bilmäge
synanyşmak; ýanamak. 3. Bir zady barlamak, derňäp
synag etmek, görmek. Ol inçeden yzarlamagy gowy
görýär (
Edebiýat we sungat
).
YZARLAMAKLYK [y:zarlamaklyk], iş ady.
Yzarlamak ýagdaýy.
YZARLAMAZLYK [y:zarlamazlyk], iş ady.
Yzarlamak işini amal etmezlik.
YZARLANMAK [y:zarlanmak], işl. Kimdir
biriniň yzyna düşülmek, aňtalmak; ýanalmak. Ol
jenaýatçy köp wagt bäri yzarlanýardy.
YZARLAŞMAK
[y:zarlaşmak],
işl.
1.
Yzarlamaga kömek etmek. 2. Bilelikde yzarlamak.
Asyl adat yzarlaşsaň hem men haklydyryn (B.
Kerbabaýew).
YZARLATMAK [y:zarlatmak], işl. 1. Yzyny,
ugruny barlatmak. 2. Biriniň yzyna düşürtmek,
aňtatmak; ýanatmak.
YZBA-YZ [y:zva-y:z], syp., ser. Yzly-yzyna.
Hyrlylar yzba-yz atylýardy, duşman yzly-yzyna
ýabysyndan, gatyryndan agyp düşýärdi (A.
Gowşudow).
YZÇY [y:zçy], at. Birini ýa-da bir haýwany yzy
boýunça tapyp bilýän adam, yz çalyjy adam.
YZÇYLYK [y:zçylyk], at. Yzçynyň kesp-käri,
ýagdaýy, yz çalyp bilijilik. Çerkeziň kakasy Çarynyň
ýeke awçylykdan bolman, yzçylykdan hem habary
bardy (B. Kerbabaýew).
YZGAR [yzğa:r], at. Toprakda, diwarda, jaýda
we ş.m. emele gelýän çyg, nem. Yzgar bilen ganan
ýer, Gurakçylyk çekmezdi (B. Kerbabaýew).
YZGARLY [yzğa:rly], syp. Nemli, çygly. Gijeki
ýagyşdan soň gün parlap çykany üçin, yzgarly ýerden
ýukajyk bug göterilýärdi (B. Kerbabaýew).
Do'stlaringiz bilan baham: |