Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝAGYBERMEK [ýağyvermek], işl. Ýagyp  başlamak, ýagmagyny dowam etdirmek.  ÝAGYÇYLYK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet710/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   706   707   708   709   710   711   712   713   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAGYBERMEK [ýağyvermek], işl. Ýagyp 
başlamak, ýagmagyny dowam etdirmek. 
ÝAGYÇYLYK [ýağyçylyk], taryh, ser. Ýagylyk. 
Ýagyçylykda atasynyň malyny alaman sürüp, biraz 
gurpdan düşüpdi (B. Kerbabaýew). 
ÝAGYLYK 
[ýağylyk], 
at. 
Duşmançylyk, 
ýowluk, duşmançylyk ýagdaýy, ýagyçylyk. 
ÝAGYN [ýağyn], at. Ýagýan ýagşyň, garyň 
umumy ady. Ýagyn ýagmak. 
ÝAGYNLY [ýağynly], syp. Ýagyşly, ygally. Iki 
günläp ýagynly howa boldy. 
ÝAGYNLYK [ýağynlyk], syp. Ýagyş, gar köp 
ýagýan, ygallyk. Men ýalňyşmaýan bolsam, sen şol 
ýagynlyk ýazda bolansyň! (B. Kerbabaýew). 
ÝAGYR [ýağyr], at. Howudyň, gaňňanyň, eýeriň 
degmegi, sürtülmegi netijesinde iş malynyň 
arkasynda emele gelýän ýara. Özem arkasy ýagyr, 
gulagy sagyr, maňlaýy şor, gözleri kör, guýrugy hem 
jonnuk tulpardy (

Görogly

). 

 Ýagra derlik görkezen ýaly düýbünden gerek 
däl, artykmaç. Ýagyr bolmak halys irmek, ez-bez 
bolmak, ýadamak, irmek. Ýagyr eşek bolmak gaty 
köp işläp, arkaň bilen köp ýük göterip halys bolmak. 
Ýagyr etmek köp gaýtalap halys etmek. Şu sözleri 
sen ýagyr etdiň ahyry! (B. Kerbabaýew).  
ÝAGYRNIÇLIK [ýağyrnişlik], at. Esasan, aýal 
köýneginiň ýagyrnysynyň iç ýüzünden tutulýan mata. 
Her düýp gowaçany çaga saklan ýaly edip 
ýetişdirýänçäň, ençeme köýnegiň ýagyrniçligi 
çüýreýär (H. Garabaýew). 

Ýagyrniçligini otlamak gymmat satyp, işini 
görmek, çürkemek. 
ÝAGYRNY [ýağyrny], at. 1. Adamyň egninden 
pilçe süňkleriniň etegine çenli bolan aralyk, arka. 
Wüşi kel köýnegini ýokaryk çekip, ýagyrnysyny 
görkezdi (A. Gowşudow). 2. Köýnegiň arkany örtýän 
bölegi. Seň topraga ene diýýän ogullaň, Ýagyrnysy 
seňki ýaly derläp dur (B. Hudaýnazarow). Köýnegiň 
ýagyrnysyna der çykypdyr.


Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   706   707   708   709   710   711   712   713   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling