ÝAGTYLMAKLYK [ýağtylmaklyk], iş ady.
Ýagtylmak ýagdaýy.
ÝAGTYLTMAK [ýağtyltmak], işl. Ýagty bolar
ýaly etmek. Daşyna ak mermer çekilmegi
jaýlarymyzyň ýüzüni ýagtyltdy.
ÝAGTYLYBERMEK
[ýağtylyvermek],
iєl.Ýagtylyp başlamak, ýagtylyp ugramak. Howa
ýagtylyberende ýola düşdüler.
ÝAGTYLYK [ýağtylyk], at. 1. Şöhle, yşyk.
Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere (Magtymguly). 2.
göç.m. Şähdaçyklyk, ruhubelentlik. Adamlaryň
ýüzlerinde bir hili ýagtylyk peýda boldy (B.
Kerbabaýew).
Ýagtylyga çykmak azatlyga çykmak, ajaýyp,
azat durmuşda ýaşap başlamak.
ÝAGTYLYŞ [ýağtylyş], iş ady. Ýagtylmak
ýagdaýy.
ÝAGY [ýağy], at. 1. Duşman, ýow. 2. göç.m.
Azar, alada.
Ýaga depjek ýaly bolmak näbelet bir işiňe
girişmekden, tanamaýan adamyňa haýyş bilen ýüz
tutmakdan we ş.m. howatyr etmek, çekinmek. Ol
köpçüligiň öňünde çykyş etmeli bolsa, edil ýaga
depjek ýaly bolardy. Ýagydan sypan ýaly başly-
barat, başagaý, elemtas (adamyň hereketi hakynda).
Aýu, bolup gelşiň dagy nätüýsli, ýagydan sypan ýaly-
la? (A. Soltanmyradow). Ýagydan ýaý boýy
duşmanyňdan araň daşrak bolsa kem däl. Ýagydan
ýaý boýy diýipdirler, onuň bilen şu wagta çenli iş
salyşmaly bolmandygyma şükür edýän. Ýagysyny
gören ýaly bolmak ýüzi-gözi üýtgäp gitmek. Maňa
gözi düşenden, edil ýagysyny gören ýaly bolup, hyrra
yzyna dolandy. Ýagy ýaly gazaply. Ine, gerek bolsa,
ýagy ýaly gyş! (N. Saryhanow). Yzyňdan ýagy
kowýan ýaly bolmak gaty haýdap ýöremek,
aldyranyň bar ýaly bolup gelmek, gitmek. Näme,
yzyňdan ýagy kowýan ýaly bolup gelýäň?
Do'stlaringiz bilan baham: |