Türkmen d I l I n I ň DÜŞÜndirişLI


ÝAKALAMA, iş ady. Ýakalamak ýagdaýy.  ÝAKALAMAK


Download 12.69 Mb.
Pdf ko'rish
bet712/877
Sana02.12.2023
Hajmi12.69 Mb.
#1780399
1   ...   708   709   710   711   712   713   714   715   ...   877
Bog'liq
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi II (K-Z)-2016`Ylym

ÝAKALAMA, iş ady. Ýakalamak ýagdaýy. 
ÝAKALAMAK, işl. Bir zadyň ýakasyny, 
gyrasyny syryp gitmek, gapdaly bilen gitmek. Ýaby 
ýakalap gelýän takyrja ýoda olary göni Halap 
aganyň münüp oturan teläriniň ýanyna getirdi (N. 
Baýramow). 
ÝAKALAŞMA, 1. iş ady. Ýakalaşmak ýagdaýy. 
Harmandäli bular ýaly ýakalaşmany hiç wagt 
görmändi (

Görogly

). 2. at. Milli göreşiň bir 
görnüşi. Lebap toýlarynda ýakalaşma göreşi 
ýörgünli. 
ÝAKALAŞMAK, işl. Biri bilen ýaka tutup 
çekeleşmek, uruşmak.
ÝAKALAŞMAKLYK, iş ady. Ýakalaşmak 
ýagdaýy. 
ÝAKALAŞYK, at. Iki tarap bolup edilýän uruş; 
çekeleşik. Ara barha ýakynlaşýardy, gazaply 
ýakalaşyk ynha-ynha başlamalydy (G. Kulyýew). 
ÝAKALAÝYŞ, iş ady. Ýakalamak ýagdaýy. 
ÝAKALYK, syp. Ýaka etmek üçin niýetlenen, 
ýaka eder ýaly (mata). 
ÝAKARLYK, syp. Ýakmak üçin niýetlenen, 
ýakar ýaly. Ýakarlyk odun. 
ÝAKAR-ÝAKMAZ, syp. 1. Jana ýaramaýan,
ýaramsyz (iýmit hakynda). Ýakar-ýakmaz bir zat 
iýen bolaýma. 2. Ýakymsyz, göwne degýän, gaty-
gaýrym, ýokuş (söz, gürrüň hakynda). Adama ýakar-
ýakmaz söz diýmäň. 
ÝAKDYRMAK Iişl. 1. Birini bir zat ýakmaga 
sezewar etmek, ot berdirmek, otlatmak. Oduny 
ýygana ýakdyr, maly gazanana bakdyr (Nakyl). 2. 
Ýagtylandyrtmak, yşyklatdyrmak. 
ÝAKDYRMAK IIişl. Suw berdirmek, suwdan 
gandyrtmak. Mallary suwa ýakdyrmak.
ÝAKDYRMAZLYK, 
işl. 
Ýakmak 
işini 
etdirmezlik. 

Ot ýakdyrmazlyk birine gün bermezlik, azar 
ýamanyny bermek, gününe goýmazlyk. 

Download 12.69 Mb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   708   709   710   711   712   713   714   715   ...   877




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling